Kadyr Amanow «2022-nji ýylyň talyby» saýlandy

2022-nji ýylyň 25 maýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynda «Ýylyň talyby 2022» döwlet bilim bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Diplomlary hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşigiň baş baýragyna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň Ösümlik ýagyny öndürmek hünäriniň 5-nji ýyl talyby Kadyr Amanow mynasyp boldy.

«Ýylyň talyby 2022» döwlet bilim bäsleşigi Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan guralýar. Bäsleşigiň döwlet tapgyryna ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan talyplar gatnaşdylar.

Bäsleşigiň döwlet tapgyry 3 günüň dowamynda geçirildi. Birinji güni S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bäsleşigiň şertlerine görä talyplaryň üstünliklerine, hem-de olaryň erkin çykyşlaryna baha berildi. Ikinji güni Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda jemgyýetçilik ylymlary we kompýuter tehnologiýalary boýunça bilimleri barlanyldy. Bäsleşigiň üçünji güni Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynda türkmen dili hem-de iňlis dili dersleri boýunça test barlaglary bilen dowam etdi.

Kadyr Amanow öz erkin çykyşynda türkmen, iňlis we rus dillerinde garaşsyz hemişelik bitarap Watanymyzy wasp edýän kompozisiýada öz goşgusyny labyzly ýerine ýetirdi. Bu hem onuň ata Watanymyza bolan çäksiz söýgüsini görkezýär.

Kadyr 2017-nji ýylda Aşgabat şäheriniň 12-nji orta mekdebini tamamlaýar. 2017-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine okuwa girýär.

Eýýäm mekdep ýyllarynda Kadyr himiýa dersi boýunça ders bäsleşiklerine, dürli ylmy taslama bäsleşiklerine gatnaşyp, üstünlikleri gazanýar. Talyplyk ýyllarynda-da köpsanly bäsleşiklerde şowly çykyş edip, ýokary netijeleri gazanýar Ol 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 26-ýyllygy mynasybetli geçirilen “Garaşsyzlyk baky buýsanjym” atly şygyrýet bäsleşiginde II orna mynasyp bolýar. 2020 hem-de 2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşiginde “Rus dili” dersi boýunça degişlilikde III we II baýrakly orunlara mynasyp boldy. 2021-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly ada eýe bolýar.

Kadyr Amanow esasy okuwlaryndan boş wagtlary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda TYA-nyň Himiýa institutynda «Oba hojalygynda ekologiýa taýdan arassa organomineral dökünleriň netijeli we tygşytly usulda alnyşy» atly ylmy-barlag işini alyp barýar. Ol 2020-nji ýylda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işleriň bäsleşiginde baýrakly II orna eýe boldy. 2018-nji hem-de 2021-nji ýyllarda Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän “Ylymly ýaşlar – berkararlygyň binýady” atly ylmy taslamalaryň sergi bäsleşiginde III orna mynasyp boldy. Şeýle-de Kadyr öz ylmy-barlag işiniň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan №842 belgili “Täsiri uzak wagtlap dowam edýän organomineral dökün” hem-de №853 belgili “Guş dersini gaýtadan işlemegiň usuly” atly oýlap tapyşyň çäklendirilen patentlerini aldy. Bulardan başga-da Kadyr Amanow öz ylmy işiniň netijelerini beýan edýän maglumatlar bilen ýurdumyzyň “Täze oba” žurnaly, “Bereketli toprak”, “Türkmenistan”, “Nesil” we beýleki gazetlarda yzygiderli makalalary çap edýär. Şeýle-de halkara maglumat bazalarynda indeksirlenýän halkara ylmy žurnallarynda yzygiderli hem makalalary çap edýär. Kadyr okaýan bilim ojagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň atly talyp hakynyň eýesi. Zehinli talyp okuwyndan daşary sportuň futbol we ýeňil atletika görnüşleri bilen gyzyklanýar. Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän uniwersiadalara işjeň gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok