Ýurdumyzda kommunikasiýa ulgamynyň ösüşi

Ýurdumyzda ykdysadyýeti maglumat tehnologiýalarynyň häzirki zaman görnüşleri esasynda sanly gurşawa utgaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Öz gezeginde ykdysadyýetde maglumat tehnologiýasynyň ösüşi telekommunikasiýalar ulgamlarynyň ösüşi bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagynda telekommunikasiýa ulgamyna uly ähmiýet berilýär. «Telekommunikasiýa» grek dilinden terjime edilende «tele» – uzak, latyn dilinden «communication» – gepleşik, giň manyda habarlary ibermekligiň ähli serişdelerini aňladýar. Telekommunikasiýalar islendik subýektleriň arasyndaky dürli aralyklara maglumatlary ibermek we kabul etmek hadysasydyr.

Internet dünýäde maglumatlar serişdelerine iň baý ulgam bolup girdi. WWW (World Wide Web) – bütindünýä torunyň döremegi bilen Internetiň görki (interfeýsi) ortaça ulanyja düşnükli bolar ýaly niýetlenip, grafiki, has hem owadan görnüşe eýe boldy. Ilkibada bu tor ýönekeý bir synag bolan bolsa, indi Internetiň mazmuny hem-de daşky keşbi öňkä görä has-da özgerdi. Halkara ülňülerine laýyk gelýän we maglumat aragatnaşyklarynyň ýokary hilini üpjün edýän milli telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmegi Merkezi Aziýa sebitinde esasy baglanyşdyryjy merkez, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky möhüm maglumat-kommunikasiýa köprüsi hökmünde Türkmenistanyň abraýyny barha artdyrýar. Pudaklaýyn düzümiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň, öňdebaryjy enjamlaryň we täzelikleriň ulanylmagy netijesinde ýurdumyzda öýjükli aragatnaşygyň, tele- we radiogepleşikleriň köp şahaly ulgamy üstünlikli işleýär, elektron resminama dolanyşygy ulgamy ornaşdyrylýar. Telefon beketleriniň ösen ulgamy giň zolakly Internete goşulmak we maglumatlary bermek üçin ýokary tizlikli ýaýlymlary üpjün edýär. Milli «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk operatorynyň müşderiler ulgamy çalt ösýär. Döwletimiziň halkara derejelerine goşulyşmagynda kommunikasiýa ulgamyna ähmiýetli orun berilýär. Bu ulgamyň täze derejä çykarylmagyna aragatnaşyk pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýardam berýär.

Diýarymyzyň ähli künjegini döwrebap optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary gurşap alýar. Ýerli telefon belgileriniň artmagy aragatnaşygyň halkara we şäherara ugurlarynyň sanynyň köpelmegine getirdi. Türkmenistanyň çäkleri boýunça Hytaýyň Urumçy şäherinden Germaniýanyň Frankfurt şäherine çenli umumy uzynlygy 27 müň kilometr bolan Transaziýa–Ýewropa optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň 708 kilometrlik böleginiň geçýändigini bellemek möhümdir. Ýurdumyzda halkalaýyn Aşgabat–Mary–Türkmenabat–Daşoguz–Aşgabat we radial Garabogaz–Türkmenbaşy–Aşgabat–Mary– Türkmenabat–Kerki–Ymamnazar ugurlar boýunça iki sany magistral optiki-süýümli ulgamlar hereket edýär. Şolar goňşy döwletleriň ugamy bilen birleşendir. Ýurdumyzda transmilli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek işi dowam edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan ýurdumyz boýunça çekilen magistral optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň halkara möçberinde birleşýän ýerleriniň bäşisini özünde jemleýär. Olar Aşgabat–Bajgiran (Eýran), Serhetabat–Hyrat (Owganystan), Ymamnazar–Akina (Owganystan), Türkmenabat–Buhara (Özbegistan) we Garabogaz–Fetisow (Gazagystan) ugurlardyr. Analog awtomat-telefon beketleriniň ählisi sanly ulgamlar bilen çalşyldy. «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bilen «Azertelecom» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň aragatnaşyk operatorlary tarapyndan Türkmenistan – Azerbaýjan ugry boýunça Hazar deňziniň düýbünden optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny bilelikde gurmak, eýelik etmek we ulanmak boýunça özara düşünişmek hakyndaky gol çekilen Ähtnama ýurdumyzyň Azerbaýjan döwleti bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Gadymyýetde üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçen çäkleri gurşap alýan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenbaşy we Siýazan şäherlerini baglanyşdyrar, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda telekommunikasiýa ulgamyna degişli üstaşyr ýollary diwersifikasiýalaşdyrmak we kämilleşdirmek babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrar.

.

Saparow Babamyrat, 

Türkmenabat agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok