Haly – hany-manym, keçäm – kejebäm

Keçeleriň döreýiş taryhynyň çuňlugy ýaly, onuň ediliş usuly-da diýseň çylşyrymly. Gözellik dünýäsiniň täsiri uç-guraksyz umman ýaly. Gözellige dideleň kaklyşanda seni erksiz dünýäsine alyp gidýär. Ene-mamalarymyzyň paýhas eleginde gaýnap, sünnälenen her bir milli mirasymyz ynsan göwnüni gözellige aşyk edýär.

Biziň ajaýyp däp-dessurlarymyz öz akabasyny müňýyllyklaryň gatlaryndan alyp gaýdýar. Şu milli gymmatlyklarymyzyň häzirki günlerimize gelip ýetmeginde zenanlaryň yhlasy uludyr. Olar tebigatymyzyň ajaýyp keşbini, halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de gaýduwsyz gahrymançylygyny, çuň mana ýugrulan pähim-parasadyny öz nepis halylarynyň, keçeleriniň öwüşgini öçmejek göllerine siňdiripdirler.

Keçe taýýarlamagyň özi örän köp zähmeti talap edýär. Keçäniň ýüňüni saýlamak, ýuwup-arassalamak, güllüligini, ýüzlüligini,gyragaralygyny taýýarlamakdan ötri, keçäni güllemek, çekmek, basmak ýaly köpçülik bolup ýerine ýetirilýän iler uly yhlasa baglydyr. Ezber elli işe werziş gelin-gyzlar has-da çuslasanda, ýalpyldap duran owadan gülli keçelerimiz döreýär.

Keçe taýýarlamak üçin goýnuň ýaz, güýz ýüňleri ulanylýar. Güýz ýüňi gülüň üstünden ýazylýar. Keçä, esasan, “ak tüýnük”, “gözenek”, “aýnagoçak”, “älem”, “gürgen”, “gelinbarmak”, “gülýaýdy”, “saýlan” ýaly nagyşlar salynýar. Keçäniň reňkini açmak üçin basylan wagty sabyn çalynýar. Şeýle edilende, keçeler gaty berk hem owadan bolýar. 

.

Mamagül ŞADURDYÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalar
fakultetiniň 2-nji SDTTEHA B hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok