Aşgabadyň taryhy 2 500 ýyllyk alyslykdan başlanyp, baý taryhy bolan şäherdir. Bu ýer asyrlaryň jümmüşinde durmuş gaýnap joşýan kerwen ýolunyň çatrygy bolupdyr. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň mermer paýtagty Aşgabat Garaşsyzlyk ýyllary içinde uly ösüşlere eýe boldy. Aşgabat – türkmen kalbynyň buýsanjy, ak göwünleriň aýdymy, ak ýollaryň hem-de päk arzuwlaryň, ýagşy umytlaryň şäheri. Eşretli zamanamyzda paýtagtymyzyň gülläp ösüşleri biziň her birimiziň başyny göge ýetirýär. Ak mermere beslenip gözelligiň mizemez nusgasyny emele getirýän paýtagtymyz täze gurulýan döwrebap binalaryň hasabyna öz çägini ýylsaýyn giňeldýär. Bu bolsa Aşgabadyň häzirki zaman keşbinde döwrüň köpugurly ösen şäheriniň nusgasyny kemala getirmegiň esasyny şertlendirýär. Giň şaýollar, beýik binalar we ýaşyl baglar paýtagtymyza gaýtalanmajak gözelligini eçilýär. Gün nuruna öwşün atýan ak mermerli binalaryň töwerekleriniň al-elwan güllere, gür baglyga bürenmegi, gijelerine täsin yşyklandyryjylaryň özboluşly owadan sazlaşygy, täze gurlan giň hem owadan ajaýyp ýollaryň nuranalagy bilen goşulyşyp ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.
Ajaýyp keşbe, täsin binagärlige eýe bolan türkmen paýtagty Aziýanyň hakyky merjenine öwrülip, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Gözel paýtagymyz 141 ýylyň içinde agyr we kyn taryhy ýollary başdan geçirdi. Geçen sanlyja ýyllarda gözel paýtagtymyzyň taryhy merkezi doly döwrebaplaşdy. Aşgabadyň döränine ýaňy bir 8 ýyl bolanda, “Туркистанские ведемости” gazetinde şeýle diýip ýazylypdyr: “Aşgabat – uly we söwdegärler şäheri. Bu ýerde Eýran bilen söwda edýän merkez bar. Köçeleri göni. Umuman, şäher örän medeniýetli, diňe jaýlaryň ýasy üçekligi onuň Aziýa şäheridigini aňladýar. Bag köp, wokzal uly, amatly we owadan. Naharhanalary örän oňat, ähli zat bol we elýeterli”. Aşgabadyň şähergurluşyk taýdan beýik ösüşleri paýtagtymyzyň ykdysady görkezijileriniň, onuň maýa goýum ýagdaýynyň işewürlik gurşawynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny äşgär edýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly başlangyçlary netijesinde Aşgabatda gurlup ulanylmaga berilýän dürli maksatly desgalaryň ençemesi özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilýär. Aşgabady ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda geçen sanlyja ýyllaryň içinde paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde iri desgalaryň, täsin seýilgähleriň, kottej görnüşli jaýlaryň şeýle-de durmuş maksatly binalaryň ençemesi gurlup ulanylmaga berildi.
Merkezi Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabada bolan söýgi ençeme ýyllardan bäri şahyrlaryň egsilmez ylhamynyň çeşmesi bolup gelýär. “Aşgabat, Aşgabat, janym Aşgabat, Watanym, şöhratym, şanym Aşgabat” diýip, şahyr kalbyny gözelligine bendi eden paýtagtymyzyň gündizlerine ak mermer binalary ýaşyl baglyklar bilen sazlaşyp, ajaýyp görnüşleri emele getirse, nurly gijelerde asman ýyldyzlaryna bäs edýän yşyklar gaýtalanmaz gözellik bolup kalbyňa dolýar. Aşgabadyň gijeki gözellikleri hemmeleri özüne bendiwan edýär.
Ýurdumyzyň şähergurluşyk-binagärlik syýasatynyň esasynda Aşgabady dünýäniň iň gözel hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwürmek üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
.
Ogulnur ANNAORAZOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara
nebit we gaz uniwersitetiniňEnergetika we inženerçilik
desgalar fakultetiniň 1-nji E we E hünäriniň talyby.
Teswirler