Ylmy işler we olaryň döwrebap usullary

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aspirantura bölüminiň aspirantlary “Ylmy işler we olaryň döwrebap usullary” atly okuw-usuly maslahatyny geçirdiler. Maslahatda ylmy işleri alyp barýan aspirantlar ýaş talyplaryň öňünde ylmy işleri alyp barmaklygy barada dürli temalar bilen çykyş etdiler.

Konserwatoriýanyň ylmy-döredijilik işleri boýunça prorektory Ýazmyrat Rejepow “Bagşyçylyk sungatymyzyň jöwher zehini” temasy boýunça Türkmenistanyň halk bagşysy Mäne Garaýewiň döredijilik keşbi, sungat ýoly, bagşyçylyk sungatynyň däp-dessury, Türkmenistanyň dürli mekdepleriniň wekilleri bilen döredijilikli gatnaşmagynda her bir mekdebiň aýratynlyklaryny özüniň ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen utgaşdyrmagy we ýerine ýetirijilik usullarynyň kämilleşdirmegi dogrusynda çykyş etdi.

“Kamera ansambly” kafedrasynyň uly mugallymy Maral Meredowa “Monografiýanyň üstünde işlemek” temasy boýunça monografiýa žanry, onuň aýratynlygy, monografiýa üçin temanyň saýlanyp alynmagy, temanyň taryhy ähmiýeti we döwrebaplygy, ylmy çeşmeler bilen peýdalanmagy we häzirki zaman usullarynyň ulanylyşy barada gürrüň berdi.

 “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymarynyň kandidaty Agajan Açylow “Ylmy temanyň üstünde işlemegiň esasy meseleleri” atly temasynda umumy ylmy gözlegleri üçin tema saýlap almak we onuň üstünde işlemek işiň meýilnamasyny düzmek, ylmy gözlegleriň üstünde işlemekligiň birnäçe tapgyrlary we olaryň meýilnamalaşdyrylmagy, bu babatda birnäçe esasy sözleriň  kesgitlenilmegi we ylmy gözlegleriniň usullary, işiň maksatlarynyň we wezipeleriniň kesgitlenilmegi, şeýle-de edebiýat bilen işlemekde edebiýat çeşmesi  hökmünde monografiýa, ylmy makala, tezisler, kitaplar, dissertasiýa, awtoreferat ýaly işleriň peýdalanmagy we ylmy gözlegleriň usullary, netijeleri çykarmak we kesgitläp ýazmak, işiň taýýar edilmegi we resmileşdirilmegi barada düzgünnamalary düşündirdi.

“Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Röwşen Muhammedow “Ylmy makalalary ýerine ýetirmegiň aýratynlyklary” temasy boýunça ýaş talyplara ylmy makala ýazmaklygyň üstünde işlemegiň dürli usullaryny düşündirmek bilen, bu babatda ylmy tema, ylmy maksat, ylmy gözleg, ylmy derňew, yerine ýetirilen ylmy garaýyşlara salgylanmak, ylmy maksady ýerine ýetirmek we temanyň ylmy esasda yzygiderli işlenilmegi, edebiýatlara dogry salgylanmak we peýdalanylan edebiýatlara salgylanmany dürs berjaý etmek, şeýle-de Türkmenistanda ylmy neşirler barada gyzykly maglumatlary berdi.

“Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň uly mugallymy Miwegözel Saparmyradowa “Ylmy işde ulanylýan derňew usullar” atly temasynda derňew usullarynyň klassifikasiýasy, bu babatda olaryň teoretiki we praktiki toparlara bölünilmegini we bu toparlaryň usullarynyň aýratynlyklaryny barada gymmatly maglumatlary berdi. Mysal üçin, praktiki derňewiň synlama, deňeşdirme, ölçeg, eksperiment ýaly usullary bilen tanyşdyrdy, şeýle-hem dürli ylymlarda derňewiň dürli usullarynyň, aýratyn hem derňewi sintez we analitiki usullarynyň ulanyşy barada gürrüň berdi.

Miwegözel Saparmyradowa

Okuw-usuly maslahatynyň soňunda maslahata gatnaşyjylar duşuşmagy dowam etdirmek, pikir alyşmak, Türkmenistanyň milli aýdym-saz sungatynyň dünýä sahnasynda ösmegine we ýaýramagyna goşant goşmak zerur diýen pikiri öňe sürdüler.

.

Jemal AGAJANOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Kirişli saz gurallary” kafedrasynnyň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok