Bagy-bossanly Watanym

Ýurdumyzyň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de bioköpdürlüligi üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Şu ýylyň martynda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy Türkmenistanyň ekologiýa ulgamynda öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Döwlet Baştutanymyz beýan edilen habary kanagatlanma bilen kabul edip, hemmeleri BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi bilen gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary amala aşyrýandygyny nygtady. Bu hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hem ekologiýa howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün etmek bolup durýar. Bu köpugurly, toplumlaýyn işde şäher we oba ýerlerini tokaý zolaklaryna öwürmek aýratyn möhümdir. Türkmenistan bu ugurda Milli tokaý maksatnamasynyň ýurt derejesindäki işini ulgamlaýyn esasda alyp barýar.

Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda 145 milliondan gowrak bag nahaly ekildi. Bu iş ýurdumyzda aýratyn howa zolaklarynyň emele gelmegini üpjün etdi we sebitde arassa howanyň ýokary derejede bolmagyna, tebigatyň abat saklanyp galmagyna goldaw berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýeri gelende belläp geçsek, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherçesinde gurlan täze döredijilik ussahanalarynyň daş-töweregine 400-den gowrak bag nahallary oturdyldy.

Biziň hemmämiziň çagalyk döwrümizde elimize galam alyp surat çekmedigimiz megerem  ýok bolsa gerek. Hemişe-de biz günüň suratyny, gülüň suratyny çekerdik. Ýa-da öz maşgalamyzyň, kakamyzyň-ejemiziň elinden tutup duran öz suratymyzy çekerdik, şojagaz päk çaga ruhumyzdan sünnäläp döreden eserjigimiziň arkasynda bolsa, ullakan bag agajynyň suratyny çekerdik. Bu bolsa, umumadamzat ýaşaýşynyň tebigat bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny subut edýär.

Häzirki wagtda kämil suratkeşlik ýoluna düşen çagalar çeperçilik mekdeplerinden başlap, ýörite  orta we ýokary  okuw jaýlarmyzda tassyklanan meýilnamalar boýunça we özbaşdak açyk howada surat çekmek dersleri bar. Çünki şekillendiriş sungatyny tebigatsyz, owadandan-owadan baglarsyz göz öňüne getirmek hiç mümkin däl. Diňe tebigatyň gözelligini wasp edip, dünýä meşhur bolan ägirt suratkeşler bardyr. Günbatar Ýewropa sungatynda muňa mysal edip, bir pursatlyk täsiri wasp edijiler bolan Eduard Mane, Klod Mone, Pol Gogen, Wan Gog, Ogýust Renuar; rus şekillendiriş sungatynda Isaak Lewitan, Iwan Şişkin, Wasiliý Polenow, Alekseý Sawrasow, Konstantin Korowin, ýene-de birnäçe ägirtleri görkezmek bolar. Türkmen şekillendiriş sungatynda bolsa Nury Hojamuhammedow, Şamuhammet Akmuhammedow, Mäterguly Orazberdiýew, Annadurdy Almämmedow ýaly halypalaryň şekillendiriş sungatyndaky ussatlyk ýol-ýörelgesi bilen bu günki ýaş suratkeşlerimiz bagy-bossana öwrülen Garaşsyz Bitarap Türkmenistan Döwletimiziň gözel tebigat bilen sazlaşygyny wasp edýän ajaýyp eserleri döredýärler.

Türkmenistanyň prezidenti suratkeşlerini döwlet tarapyndan goldamak we olaryň zähmet çekmekleri üçin amatly şertleri döredip bermek maksady bilen, Medeniýet ministrliginiň  Döwlet medeniýet merkeziniň hasabynda duran Aşgabat şäheriniň Türkmenbaşy şaýolunyň 10-njy salgysynda ýerleşýän binany Suratkeşler birleşigine hususylaşdyryp, uly hormat bilen sowgat berdi. Munuň özi hem, ýurdumyzda biz suratkeşlere döredijilik işi bilen meşgullanmak, täzeden-täze eserleri döretmek üçin açylyp berlen ägirt uly mümkinçiliklerdir, eziz Watanymyzyň goýnunda zähmet çekýän bagtyýar suratkeşlerine berlen uly itergidir.

.

Çarymyrat Ýazmyradow,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok