Kömelekler barada

Kömelekler örän täsin gurluşly ösümlikdir. Olaryň kö­ki, bal­da­gy, ýap­ra­gy, gü­li, mi­we­si we to­hu­my bol­ma­ýar. Şonuň üçin kömelekler jan­ly or­ga­niz­miň bu gör­nü­şi haý­wan­lar­dan we ösüm­lik­ler­den ta­pa­wut­ly bo­lýar.

Kömelegiň düzüminde köp mukdarda beloklar, ýaglar, mineral maddalar, mikroelementler (demir, kalsiý, sink, kaliý, fosfor, kükürt, PP, D, B toparyna degişli witaminler) jemlenendir. Ol ganazlykda we sowuklamada peýdalydyr. Kömelekler iýilýän we zäherli kömeleklere bölünýär. Olar meýdanda garyşyk ösýär. Şonuň üçin kömelek ýygnamaga bu ösümligi tanaýan adamlar bilen bilelikde gidilmelidir. Kömelekleri ir bilen, howanyň sergin wagty ýygnamak amatlydyr. Şol wagt ýygnalan kömelekler ter, özboluşly hoşboý ysly bolýar.

Tebigatda kömelekleriň 50 müň­den gow­rak gör­nü­şi duş gelýär. Kömelekleriň tohumy bolmanlygy sebäpli, olar tebigatda suw arkaly to­hu­my­ny ýaý­radýarlar. Ýagny, kö­me­le­giň spo­ra­la­ry ýe­ti­şen­den soň­ra onuň dü­zü­min­den suw bö­lü­nip çyk­ýar. Çy­kan suw kö­me­le­gi so­wad­ýar. Sa­lkyn ho­wa ýy­ly ho­wa­dan dy­kyz bo­lan­soň, spo­ra­la­ry 10 sm çe­me­si uza­ga äkid­ýär.

Kömelekleri sebediň ýa-da matadan tikilen haltajygyň içinde telpejiklerini aşak ýa-da gapdallaýyn ýatyryp goýmalydyr. Kömelek ýygnalanda onuň terligine, sagdynlygyna, bitinligine üns bermelidir. Şikeslenen, reňki solan, mynjyran, telpejigi epilen we garalan, içi goňur tegmillerden doly, ýakymsyz ysy bolan kömelekler özüniň iýmit gymmatlygyny ýitirýär. Iýmäge ýaramsyz bolýar.

Dünýä ÝAZMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok