Suw dünýäniň halklarynyň umumy gymmatlygydyr. Biziň ýurdumyz hem suwdan oýlanyşykly peýdalanmak boýunça birnäçe başlangyçlary öňe sürýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 23-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň çagyrmagy boýunça sanly ulgam arkaly dördünji Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitine gatnaşdy. Döwlet hem-de Hökümet Baştutanlaryny, dürli ýurtlaryň we sebitiň iri halkara guramalarynyň ýokary wezipeli wekillerini bir ýere jemlän sammit köptaraplaýyn pikir alyşmak, suw meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Ýurdumyz Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramaga degişli esasy resminamalaryna, ozon gatlagyny goramak, çölleşmäge garşy göreşmek, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we peýdalanmak hakynda Konwensiýalaryna, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna, suw-batgalyk ýerler hakynda Ramsar konwensiýasyna, howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna goşulýar we öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý edýär. Şonuň bilen birlikde BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Ýewropaň Bileleşigi hem-de beýleki abraýly düzümler bilen maksatnamalary we taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň, “Rio+20” sammitinde, Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça III Bütindünýä maslahatynda, Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda hem-de beýleki möhüm forumlarda birnäçe başlangyçlar bilen çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz hem sammitde çykyş edip, ýurdumyzyň suw meselesi boýunça dünýä bileleşigi, Birleşen Milletler Guramasy bilen maksatnamalaýyn resminamalar esasynda ysnyşykly hem-de yzygiderli hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady. Çykyşynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyz Türkmenistanyň bu sammitiň gün tertibine girizilen maksatlary we wezipeleri doly goldaýandygyny we çäräniň jemleri boýunça kabul ediljek Jarnama mundan beýläk-de maksada gönükdirilen, anyk halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin esas boljakdygyny belledi.
Geçirilen sammit “Suw durnukly ösüş üçin: öňdebaryjy tejribeler we geljekki nesil” diýen ugra bagyşlanmak bilen, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, diňe bir sebit däl, dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna itergi berer.
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.
Teswirler