Erkin ykdysady zolaklaryň döreýşi

Dünýä hojalygynda XX asyryň ikinji ýarymynda ýüze çykan iň görnükli wakalaryň biri – ol erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegidir. Erkin ykdysady zolaklar dünýäniň köp döwletlerine ýaýrandyr. 90-njy ýyllaryň ortalaryna dünýäde 4 müňden gowrak erkin zolak hereket edýärdi. Günbatar hünärmenleriň çaklamalaryna görä 2000-nji ýyla çenli dünýä söwda alyş-çalyşyň 30 % gowragy şol erkin ykdysady zolaklaryň içinden geçer.

Erkin ykdysady zolaklar näme üçin döredilýär?

Olar açyk ykdysadyýet ýörelgesiniň ulanylmagynyň esasy bölegidir. Olarda daşary we içerki maýa goýumlar üçin amatly gümrük, salgyt we maýa goýum şertleri döredilýär. Erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegi bilen walýuta çekmeklik, täze iş ýerlerini döretmeklik, täze hojalyk usullaryny ornaşdyrmaklyk amala aşyrylýar.

Eýsem, erkin ykdysady zolak näme? Erkin ykdysady zolaklar – munuň özi daşary ýurt we milli telekeçiler üçin aýratyn ýeňillikli ykdysady şertler hereket edýän çäklendirilen giňişliklerdir. Erkin ykdysady zolaklar dürli at bilen çykyş edip biler. Olara mysal edip, “ýörite ykdysady zolaklary”, “bilelikdäki telekeçiligiň zolaklaryny”, “erkin söwdanyň zolaklaryny “erkin telekeçiligiň ykdysady zolaklaryny” görkezmek bolar. Şeýle zolaklar ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüş depginini çaltlandyrmak, onuň tebigy baýlyklaryny özleşdirmek, önümçilige hyzmat edýän toplumy döretmek esasynda döwletiň eksport mümkinçiligini ösdürmek maksady bilen ykdysady – geograflki taýdan amatly ýerlerde döredilýär.

Erkin söwda zolaklaryň indiki görnüşi daşary söwda zolagydyr (Foriegn Trade zones). Olar 1934-nji ýylda ABŞ-ň daşary söwdasynyň güýçlenmegi netijesinde döredildi. Bu zolakdaky kompaniýalar tölegleriň möhletini yza çekip bilýärler, zolakdan geçýän harytlardan alynýan paçlaryň möçberini azaltmaga we başga mümkinçilikleri bar.

Erkin ykdysady zolaklaryň ýene bir görnüşi bolup eksport-önümçiliginiň zolaklary (EÖZ) çykyş edyär. Bu zolaklarda hiç hili gümrük paçlary ýokdur. Ilkinji gezek ol Irlandlaryň Şenon aeroportynda döredildi, sebäbi bu aeroport girdejisi ýoklugy sebäpli ýapyljak bolup durdy. Soňra ol aeroportda senagata, söwda, syýahata daşary ýurt maýasyny çekmek üçin ähli paçlary ýatyrdylar. Bu örän oňat netijäni berdi. Soňra Aziýanyň ösüp barýan yurtlary hem Şenon aeroportynyň tejribesinden peýdalandylar.

1980-nji ýylda ABŞ-da kärhanalaryň zolagy (Enterprise Zones) atly erkin ykdysady zolaklar görnüşi peýda boldy. Bu zolakda hereket edýän kärhanalar ýerli ýa-da merkezi hökümetlerden belli bir aýratyn hukuklary alýarlar. 01 hukuklaryň manysy salgyt ýa-da salgyt däl höweslendirmelerde jemlenendir. Salgyt yeňillikleri önümçilige, gurluşyga, söwda berilyär. Salgyt däl yeňillikleri bolsa dolandyryş işlerine, daşary gurşawyň goraýyş ölçeglerine degişlidir.

Soňky wagtlarda erkin ykdysady zolaklaryň ylym-tehnologik. häsiýetli görnüşi giň ýaýrandyr. Köp ýurtlarda olar tehnoparklar, tehnopolisler, innowasion merkezler diýip atlandyrylýar. Bu görnüşli zolaklar hemişe uly ylmy merkezleriň ýanynda döredilýär. Olar önümçilige täze tehnologiýany girizmäge mümkinçilik berýär. Meselem: ABŞ-daky Santa-Klara şäherinde Stefort uniwersitetiniň ýanyndaky Silikom Welli ylmy- tehnologiki zolak. Oňa dünýädäki ähli öndürilýän hasaplaýyş tehnikalaryň 20% degişlidir.

Birnäçe erkin ykdysady zolaklar diňe bir pudagy- bank, oba hojalyk, ekologiýa, syýahat ýaly ulgamlary ösdürmäge ýöriteleşýär. Olar bir görnüşli pudagyň zolagy diýip atlandyrylýar. Meselem: Tel-Awiwde döredilen zolakda diňe almaz söwdasy edilýär.

Toplumlaýyn erkin ykdysady zolaklaryň görnüşi hem giň ýaýraýar, sebäbi ol birnäçe pudaklar üçin niýetlenilen we ähli beýleki görnüşdäki zolaklaryň häsiýetlerini özünde jemleýär. Meselem: Braziliýadaky Monaus erkin zolagy. 01 ýerde 30 pudagyň 600-e golaý önümçilik kärhanalary bar. 70-nji ýyllarda dünýäniň birnäçe sebitlerinde hyzmat edýän zolaklar peýda boldy. Bu zolaklarda maliýe we maliýe däl hyzmatlar üçin yeňillikler berilýär. Hyzmat ediji zolaklarda ilkinji nobatda kompaniýalara girdejileri erkin çykarmak, gümrük paçlarynyň bolmazlygy, walýuta çäklendirmeleriniň bolmazlygy ýaly ýeňillikler berilýär. 70-80-nji ýyllarda Hytaýda ýörite açylan etraplar ady bilen çykyş edýän erkin ykdysady zolaklar giň gerim aldy. 1978-nji ýylda ýokary partiýa derejesinde kenarýaka 14 sany etraplary erkin ykdysady zolaklara öwürmek hakynda karar kabul etdiler. Bu meýdanlar ýurduň ähli kenarýaka etraplaryny öz içine alýar. Olar umumy hojalyk düzgüninden tapawutlylykda ýeňilliklerden peýdalanýarlar. Bu açylan etraplarda eksporta gönükdirilen kärhanalar, tehnikalar, söwda kärhanalary döredilýär.

Olar toplumlaýyn erkin ykdysady zolaklara meňzeşdir. Hytaý hökümeti bu etraplary guramak üçin birnäçe çykdajylary etdi. Her gektara 15-17 mln. dollar çykarylypdy. Resmi maglumatlara görä Hytaýyň söwda dolanyşygynyň 2/3 bölegi bu zolaklaryň üstünden geçýär.

.

Şirin JURAÝEWA,

Türkmenabat agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok