Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda amala aşyrylýan uly özgerişlerde ylym – bilim ulgamynda gazanylýan ösüşleriň taýsyz uly ähmiýetiniň bardygyny aýratyn üns berýär we bu barada: “Häzirki wagtda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde bilimiň, ylmyň orny örän uludyr’’, diýip belleýär. Mundan ugur alyp, ýurdumyzyň bilim işgärleri döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk işleri alyp barýarlar. Bilim ulgamy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler döwlet derejesinde goldanylýar we höweslendirilýär. Parasatly döwlet baştutanymyzyň beýik başlangyçlary esasynda häzirki wagtda milli bilim ulgamyna döwlet tarapyndan berilýän üns ýokary derejelere ýetirilýär. Munuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bilim işgärlerinden edilýän talap hem güýçlenýär.
Talyplaryň döwrebap terbiýesiniň amala aşyrylmagynda we olarda terbiýeçilik häsiýetleriniň şol sanda ahlak – erk sypatlarynyň kemala gelmeginde orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary tarapyndan geçirilýän işlere uly orun berilýär. Ýaşlary terbiýelemek işi dowamly iş bolup, onda barabarlyk, ulgamlaýyn, şonuň ýaly – da yzygiderli öwretmek ýörelgelerinden ugur almalydyr. Bulara talyp ýaşlar bilen geçirilýän terbiýeçilik halypaçylyk sapagynyň mazmunynyň durmuş bilen baglylygy baradaky berilýän milli terbiýäniň zynjyr kysmy, yzygiderlilik, işjeňlik, watan söýüjilik ýörelgeleri degişlidir. Ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde taryhdan galan edebi çeşmeleriň ähmiýeti ulydyr. Dostluk durmuşyň manysy bolup, ol ynsan ýaşaýşynda örän berk direg, daýanç, uly güýçdir. Çünki, dostluk halk ukyby bolup hyzmat edýär. Bu kalp, ýürek, mähir diýip, danalyk bilen kesgitlenýär. “Oguznama”, “Kowusnama”, D. Azadynyň “Wagzy-Azat” we beýle medeni miraslarymyzda dostluk barada jaýdar mysallar getirilýär.
Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň baş ýorelgesi-de dost doganlykdyr. Agzybirlik, bitewilik dost-doganlygyň esasy özeni bolup durýar. Bu babatda türkmeniň taryhy geçmişine göz aýlasaň, dosty üçin janyny pida etmäge taýýar ya-da özüni pida eden şahslara, olar bilen baglanşykly wakalara köp gabat gelinýär.
Dostlugyň belent derejelerini wasp ediji eserler türkmen nusgawy edebiýatynyň wekilleriniň döredijiliginde hem näçe diýseň bar. Beýik söz ussady, akyldar Magtymguly Pyragynyň ýakyn dosty, türkmeniň batyr ogly, il-ýurduny goramakda edermenlik, gahrymanlyk görkezen taryhy şahs Çowdur han baradaky eserini mysal getirmek bolar. Çowdur han ýurdy goramak üçin pida bolan şahs. Bu il söýgüli gahryman, şahyryň “Çowdur han” goşgusynda:
Magtymguly, uçdy ol algyr guşum,
Arkadagym, eziz syrdaş, gardaşym,
Many saça bilmez çalaran başym,
Büräp aldy any duşman, Çowdur han-
Diýip, ruhy-ahlaky wajyplygyny “algyr guşum, arkadagym, eziz syrdaş…” diýlen söz düzümlerinde belleýär.
Görnükli nusgawy şahyrlar Zelili bilen Seýdiniň arasyndaky gatnaşyklary olaryň öz islegine, meýildeş hem kybapdaş bolan halatda dörän birlikdir. Seýdi bilen Zeliliniň arasyndaky dostluk gatnaşyklary adamzat durmuşynda juda seýrek gelýän başarnyklaryň biri. Çünki, iki şahyryň arasyndaky dostluk, olaryň ruhy mazmuny bilen berk baglanşyklydyr. Muny olaryň döredijiliginden käbir goşgy bentlerindäki dana setirleri okanyňda, maňzyňa batyjy pikirlere gabat gelýärsiň. Zeliliniň “Nyşan, Seýdi” goşgusynda:
Men neýläýin, galdy ara daş bolup,
Ganatym ýok, uçup gitsem guş bolup.
Saglygymyzda bir-birege duş bolup,
Aýrylyşsak, galmaz arman, Seýidi!
Diýmek bilen dostlugyň içki ruhy küýsegdigini tekrarlaýar. Ýa-da dostunyň ara daşlykda ýaşaýandygyny, duşuşsalar, durmuş-ýaşaşyş mähirleri, söýgi, dostluk barada ýürekdeş mährem gürrüňler, didarlaşyklar edilse, arman galmajakdygyny beýan edýär.
Zeliliniň çyn dosty Seýdi öz gezeginde “Gal, indi” goşgusynda:
Hazan urup galdy ömrümiň güli,
Saýraman kapasda şeýda bilbili,
Kyýamat gardaşym, molla Zelili,
Sen yzymda düzüp dessan, gal indi! –
Diýip, dostlugyň ruhy ahlaky ahwalatdygyny, şonuň üçin-de onuň janly-jandarlaryň içinde diňe ynsana mahsusdygyny örän jaýdar belleýär.
Görşümiz yaly, ynsan özüni şahs hökmünde aňlap ugranda, ol öz kalbyna ýakyn pikirdeşi agtarýar. Ýöne ony tapmak hemme adama başartmaýar. Sebäbi durmuşda aşa dostluk seýrek gabat gelýän hadysadyr.
Türkmeniň “Ýigidi dostundan tana” diýen ganatly söz düzüminde adamyň özi nähili bolsa, dosty hem şo hili endikde bolýandygy aýdylýar. Ynsan öz ýüreginde ýakyn bolmadyk adam bilen dost bolup bilmeýär. Diýmek, çyn, hakyky dostluk şahslaryň häsiýetleriniň, düşünjeleriniň, ruhlarynyň küýseginiň biridir. Dostluk diýlende, onuň beýik mertebeliligi aňladýandygy anyk. Çünki ol adamy ruhy-aň ýalňyşlygyndan halas edýär. Çyn dostlugyň örän dana ahlaklylyk waspy ýokarda agzap geçen nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde öz beýanyny tapypdyr. Ýokarda görşümiz ýaly “Dostluk ýüregini bütinligi bilen özge birine bagş etmekdir”. Diýmek, dostluk söýgi hem-de mähirdir.
.
Gözel Kulyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
Okuw mekdebiniň mugallymy.
Teswirler