Amandursun Ataýewa: «Halym bar—halym bar»

Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň ýokary derejeli mugallymy Amandursun Ataýewa bilen söhbedimiz uzaga çekdi. Ýakyn günlerde özüniň doglan gününiň 80 ýyllygyny bellemäge taýýarlanýan halypa mugallym, haly suratkeşi hökmünde giňden tanalýan Amandursun gelneje gürrüň bermäge zat kän. Ol birden geçen günleriň ýakymly ýatlamalarynyň ýumagyny çözlese, birdenem şu günki gün bilen dem alýardy.

A.Ataýewa 1962-nji ýylda  Aşgabatda ýerleşen Ş.Rustawelli adyndaky ýörite çeperçilik mekdebini tamamlaýar. Ol öz diplom işi üçin «Stoluň üstünde oýnalýan tennis» atly çyzgy taýýarlaýar. Halypa mugallym P.W. Popowyň maslahatyna eýerip, öz taýýarlan çyzgysy boýunça adybir halyny dokaýar. 132 x 92 ölçegli haly sport temasyna bagyşlanan halylaryň ilkinjisi bolýar. Onuň dokan halysyna mugallymlar hem-de halyşynaslar ýokary baha berýärler.

Bu waka sözüň doly manysynda ýatda galyjy waka bolýar. Ýaş halyçy sport temasyna bagyşlanan halyny dokamak bilen gadymy sungatymyzy täze şekiller bilen baýlaşdyrypdy. Özüniň gadymy hem-de müdimi sungatymyzda gazanan ilkinji  üstünliginden ruhlanyp «Welosport», «Atçylyk sporty» ýaly birnäçe sowgatlyk halylaryň çyzgysyny taýýarlaýar.

A.Ataýewa öz okan mekdebinde mugallyma bolup işe başlaýar. Tälim berýän talyp ýaşlarynyň öz saýlap alan keşbi-kärinde kämillige gol bermegi üçin alada edýär. Haly sungatymyzyň geçmiş-taryhy hem-de bu ugurda bimöçber işleri bitiren halypa ussatlaryň nusgalyk ýol-ýörelgeleri barada gürrüň berýär. Işiniň köpdügine garamazdan, haly sungatymyzy täze nagyşlar bilen baýlaşdyrmak üçin täze çyzgylary taýýarlaýar. Onuň taýýarlan «Gurluşyk», «Demirýol», «Awiasiýa» ýaly çyzgylary esasynda talyp ýaşlar sowgatlyk halylary dokadylar.

Onuň gürrüňleri hem edil türkmen halysy ýaly köpöwüşginlidi. Täsirli hem-de ýakymly söhbetden asla ganyp bilmän, onuň ýene-de nämelerdir bir zatlary aýdanyna garaşdym. Ol birden eilne galamdyr kagyz alyp täze çyzgylary taýýarlamaga çalyşýardy. Uzak ýyllaryň endigine eýerip, dürli ýyllarda taýýarlan çyzgylary barada jikme-jik gürrüň berýärdi. Şeýle täsin hem-de nepislik bilen taýýarlanan çyzgylarda onuň haly sungatymyza siňen manyly ömri şöhlelenýär.

A.Ataýewa Magtymguly adyndaky TDU-nyň taryh-hukuk bölüminde okan ýyllary barada hem az-kem durup geçenini kem görmedi. Ol talyplyk ýyllary hem haly sungatymyzy ylmy taýdan öwrenmegini dowam edýär. Dürli ylmy çeşmelerden, sungat we taryh hakynda ýazylan kitaplardan halyçylyk sungatymyza degişli gymmatly magulatlary toplaýar. Toplan gyzykly maglumatlary esasynda «Halyçylygyň döreýiş taryhy» atly ylmy iş ýazýar. Bu ylmy iş öz döwründe ýurdumyzyň halyşynaslarynda uly gyzyklanma döretdi.

Ol haly sungatymyza jany-teni bilen berlenleriň biri. Halkymyzyň halatly hasaplaýan senedini dünýä ýaýmak isleg-arzuwy ony täze gözlere atarýar. Aşgabadyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň çeper haly fabriklerinde myhmançylykda bolup, halyçy gyz-gelinler bilen duşuşýar. Olaryň köpwüşginli haly sungatmyzy has-da ösdürmekde alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşýar. Ahal, Balkan, Lebap, Daşoguz, Mary welaýatlaryna mahsus haly nagyşlaryny içgin öwrenip, olaryň çitimini, öýdümini özleşdirýär. Haly sungatymyz baradaky amaly bilimini tejribe bilen utgaşdyrýar.

A.Ataýewa türkmen halysynyň süňňüni düzýän dürli reňklerden hem-de nagyşlardan düýpli baş çykarýan hünärmen hökmünde giňden tanalýar. Onuň hem öz gowy görýän reňki, nagyşy bar. Ol gyzyl reňki hem-de älem nagşyny gowy görýär. Gadymy nusgaly halylarymyzy täze nagyşlar bilen baýlaşdyrmak üçin dürli döwrebap çyzgylary taýýarlanda hem öz söýgüli reňkine, nagyşyna uly üns berýär.

A.Ataýewa 1990-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen nakgaşlyk boýunça hünär kämilleşdiriş okuwyna gatnaşýar. Ol bu ýerde dürli ýurtlardan gelen nakgaşlar bilen ýakyndan tanyşyp, nakgaşlyk boýunça tejribe alyşýar. Okuw döwründe öwrenen täze usullaryny bolsa, öz işinde giňden ulanýar. Munuň özi  haly sungatymyzyň täze reňklerdir, nagyşlar bilen baýlaşdyrmaga täsir etdi. Ol gobelen sungatynda hem öz güýjüni synap gördi. Onuň taýýarlan «Atlar», «Güller», «Nar agajy», «Küýzeler» ýaly çyzgylary esasynda taýýarlanan gobelenler döwrebaplygy hem-de nepisligi bilen tapawutlandy.

Halypa mugallym A.Ataýewanyň özboluşly iş usuly bar. Ol haly sungatymyzy öwrenmäge höwesli ýaşlaryň her birini mähir bilen gurşaýar. Olaryň geljekde ussat suratkeşler, halyşynaslar bolup ýetişmegi barada alada edýär. Zehinli ýaşlaryň bu ugurda alyp barýan işleri bilen gyzyklanýar. Gadymy haly sungatymyzyň geçmiş-taryhy, bagtyýarlyk döwrümizdäki ösüşleri barada gürrüň berýär. Durmuş we zähmet tejribesini öz şägirtlerine geçirýär. Bu günki günde onuň ýetişdiren şägirtleriniň sany barmak büküp sanardan köp.

Amandursun gelneje: –Dana halkymyz «Halym bar – halym bar» diýýär. Käte syrkaw-sökellik bolýar. Özüm bilmezden synnydyr kesere, daraga elim degse ýene-de öňki kadyma gelýärin. Megerem halynyň gudraty şunda bolsa gerek-diýdi.  

Ol gol doly agtyk- çowluklary üçin mähriban ene, tälim berýän talyplary üçin ussat halypa. Maşgalasy bilen segsen ýaş toýuny uludan tutmaga taýýarlyk görýän mähriban ene öz bagtyny halal zähmetden tapandygyna buýsanýar.

.

Meretgylyç Ýagmyrow.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok