Sungaty öwrenijiniň döredijilik mirasy

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda gadymyýetden gözbaşyny alyp gaýdýan milli medeniýetimiz, baý sungatymyz giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Hormatly Arkadagymyzyň belleýişi ýaly: “Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň, edebiýatynyň ösüş aýratynlyklarynyň çuňňur öwrenilmegi, olaryň has-da kämilleşmegi, şeýle hem täze, has belent derejelere ýetirilmegi döwrüň biziň öňümizde goýan möhüm wezipesidir” [1, 149 s.] diýmek bilen öz Watanymyzyň sungatyny, medeniýetini öwrenip, olaryň dünýä ýaýmaklyga uly goşant goşan döredijilik adamlaryna buýsanmalydyrys. Olaryň gyzykly döredijilik mirasyny öwrenmelidiris. Şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşlerinde durmuşyň gözelligi has inçeden duýlup, olar durmuşyň hereketini, üýtgeşmelerini, hatda tebigatyň hem-de adamyň ruhy dünýäsiniň bir pursatdaky ýagdaýyny tutmaga mümkinçilik berýärler. Sungaty öwrenijiler hem olary öwrenip, dogry we doly tanatmaga ymtylýar. Şeýlelik bilen, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, sungaty öwrenijileriň gyzykly döredijiligini we olaryň döreden  eserlerini öwrenmäge, oňa baha bermäge belli bir derejede esas döreýär.       

1934-nji ýylda türkmen şekillendiriş sungatyny öwrenmek maksady bilen Ýe. W. Žurawlýowanyň we W. N. Çepelewiň “Искусство Советской Туркмении” atly kitaby neşir edilýär, soňra Moskwanyň sungaty öwrenijileri  B. W. Weýmarn, M. Halaminskaýa, A. Kantor  tarapyndan türkmen suratkeşleriniň döredijiligi hakynda kiçi göwrümli gözleg makalalary ýazylýar.  1950-nji ýyllaryň ortalaryna türkmen sungaty öwrenişi güýç toplap başlaýar.  1957-nji ýylda sungaty öwreniji we Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesiniň (häzirki Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň) halypa mugallymy, sungaty öwreniji P. W. Popow L. Ýa. Ýelkowiç bilen bilelikde Türkmenistanyň şol döwrüniň şekillendiriş sungatyna bagyşlanan “Изобразительное искусство Туркменской ССР” [6] albomy neşir edipdirler. G. Pugaçenkowanyň, nakgaş we sungaty öwrenijiler N. Hojamuhammedow, N. Dowodow milli şekillendiriş sungatynyň görnüşlerini we žanrlarynyň ösüşi baradaky öz pikirlerini dowamly “Искусство” žurnalynda, şeýle-hem “Туркменская искра”, “Эдебият ве сунгат” gazetlerinde çap etdiler. Olaryň yzysüre G. Saurowa, G. Kuraýewa, O. Muhatowa, N. Ýagşymyradow türkmen suratkeşleriniň döredijiligini öwrenip, nakgaşçylygyň,  heýkeltaraşlygyň ýa-da türkmen sungatynyň beýleki görnüşleriniň milli çeperçilik mekdepleriniň döreýiş ýollary we kämilleşmegi hakynda oýlanypdyrlar [4, 42 s.].

Türkmen şekillendiriş sungatyna öz döredijiligini bagyşlan suratkeş, sungaty öwreniji we çeper tankytçy Pawel Wasilýewiç Popowdyr. Ol Rostow-na-Donu şäherindäki M. Grekow adyndaky ýörite çeperçilik mekdebiniň “Nakgaşçylyk we taslama” fakultetinde okaýar, soňra Leningradyň I. Ý. Repin adyndaky SSR-iň Çeperçilik akademiýasynda (häzirki Sankt-Peterburgyň) “Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti” ugry boýunça okap, bilim alýar. Suratkeş-sungaty öwreniji Pawel Popow Türkmenistanda diňe bir sungatyň tankytçysy, mugallymy däl-de, eýsem, suratkeş hökmünde hem özüni tanadan adamdyr. Ol ilkinji bolup türkmen grafika sungatynda litografiýanyň çylşyrymly tehnikasynda işläpdir [32].

1955-nji ýylda Leningradyň I. Ý. Repin adyndaky SSR-iň çeperçilik akademiýasyny tamamlap, P. Popow Türkmenistanda işlemäge başlaýar. Şol döwürler Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi az sanly bolupdyr. Ýokary bilimli suratkeşler, hünärmenler ýok diýen ýalydy, ýokary bilimli suratkeşler Aman Kulyýew, Aýhan Hajyýew, Yzzat Gylyjow, Moskwanyň we Leningradyň ýokary okuw mekdeplerinde, döredijilik ussahanalarynda okuwlaryny dowam edýärdiler. Türkmenistanda tankytçylar, sungaty öwrenijiler düýpgöter ýokdy.

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginde P. Popow tankytçy we suratkeş bolup çykyş edipdir. Milli hünärmenleri taýýarlamakda suratkeş-mugallym, sungaty öwrenijiniň ussatlygy we suratkeşiň tejribesi Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň, sungaty öwreniş ylmynyň ösmeginde, dogry ýolda ugrukmagyna saldamly goşant goşupdyr. Ol milli hünärmenleri taýýarlamaklygyna jemgyýete türkmen milli suratkeşleriň intelligensiýasy bolmasa ösüşiň bolmajagyna düşünýärdi. Ol Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesiniň (häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndany Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň) professional derejesini ýokarlandyrmak üçin ençeme işleri amala aşyrypdyr. P. Popowyň sungaty öwrenijilik, ylmy-barlag, usulyýet işleri, makalalary, dokladlary, synlary, monografiýalary, tankydy çykyşlary, şeýle hem köp ýyllyk mugallymçylyk döredijiligi Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda milli intelligensiýasynyň hünärmenleri taýýarlamakda saldamly goşant goşýar. Sungaty öwreniji Nury Hojamuhammedow Pawel Popowyň köp ýyllyk mugallymçylygy barada şeýle ýazýar: “P. Popow Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesinde galam bilen surat çekmek, reňk bilen surat çekmek, taslama we şekillendiriş sungatynyň taryhy dersleri boýunça sapak berýär. Ol 20 ýyla golaý türkmen suratkeş intelligensiýasyny terbiýelemekde uly işler edýär. Onuň terbiýelän okuwçylary Türkmenistanyň ähli künjeklerinde estetiki terbiýe bermekde zähmet çekýärler” [19, с. 6].

P. Popowyň terbiýelän okuwçylaryndan Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Maýa Jumanyýazowa, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Ogulabat Muhatowa, binagärlik ylymlarynyň kandidaty Oguljeren Hajyýewa öz alan bilimlerini täze nesile geçirmegini dowam edýär.

P. Popowyň kärdeşi, sungaty öwreniji, nakgaş Nury Hojamuhammedowyň ýatlamalaryny öz makalasynda beýan edişine görä, P. Popowyň 50 ýaşyna we döredijiliginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen döredijilik sergisinde köpsanly eserler görkezilip, sungaty öwrenijilik taýdan kämilleşen işleri şeýle hem makalalary görkezilendigini ýazýar. Olara: “Государственый музей изобразительных искусств Туркменской ССР” [11], “Туркменское государственное художественное училище” [13], “Путь туркменского изобразительного искусства” [26], “Памятник В. И. Ленину в Ашхабаде” [27], “Назар Юмудский” [25], ýaly sungaty öwrenijilik işleri degişlidir. Mundan başga-da,  sungaty öwreniji Pawel Popowyň galamyndan çykan 250-ä golaý şekillendiriş sungatyna degişli çap edilen eserleri görkezilipdir. Köp döredijilikli zähmetiň, ylmy barlaglaryň netijesinde P. Popow öz düýpli, baý öý arhiwini döredip, oňa Türkmenistan rewolýusiýasyndan öňki we sowet şekillendiriş sungaty barada materiallaryň dürli görnüşliligi, golýazmalaryň, suratkeşleriň döredijiligi baradaky fonetiki ýazgylary, foto suratlaryň ýygyndysy, sungaty öwrenijilik kitaphanasy degişli bolupdyr. Pawel Popow wagtyň köp bölegini Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde ylmy işleri ýerine ýetirmek üçin sarp edýär. Ussat halypa ol ýerde uly ylmy işgär bolup işleýär. Pawel Popow muzeýe ylmy kataloglary düzmeklikde, ekspozision-sergi we işleri boýunça uly goşant goşýar. Sungaty öwreniji suratkeş sowet şekillendiriş sungatyny wagyz ediji, öz ylmy işleri bilen okuwçylaryň, harby işgärleriň dürli kärdäki adamlaryň arasynda ýygy-ýygydan çykyş edipdir [19, с. 6–7].  

Türkmenistanda Popow çeper tankytçysy, sungaty öwreniji hökmünde TSSR-iň Suratkeşler birleşiginiň tabşyrygy boýunça ýygnaklarda, simpoziumlarda, mejlislerde, Aşgabatda, Daşkentde, Alma-Atada, Leningratda (häzirki Sankt-Peterburgda), Moskwada nutuklar bilen türkmen şekillendiriş sungatynyň meseleleri barada köpsanly çykyşlar edipdir [19, с. 20].

“SSSR halklarynyň sungatynyň taryhy” [ 8, 9] atly dokuz tomluk akademik işiniň esasy redaksiýasynyň geňeş agzalary SSSR-iň Çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungatynyň taryhy instituty bolýar. Bu köp jiltli kitapda Pawel Wasilýewiç Popow tarapyndan Sowet Türkmenistanyň rewolýusiýadan öňki, Orta Aziýa halklarynyň binagärligini we sungatyny syn bermek boýunça uly goşant goşupdyr. N. Hojamuhammedow, O. Muhatowa, W. Glinka bilen awordaşlykda “SSSR halklarynyň sungatynyň taryhy” atly kitabyň 7, 8 (1977), 9-njy (1984)  tomlary üçin türkmen sungatyna degişli bölümleri ýazypdyr. 6-njy tom üçin bolsa XIX asyryň şekillendiriş sungaty we rewolýusiýadan öňki işlän türkmen nakgaşy we grafikaçysy Nazar Ýomudskiý barada öň çap edilmedik maglumatlary taýýarlapdyr [8, 9].

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Ogulabat Muhatowa bilen söhbetdeş bolanymyzda ol öz ýatlamalary barada bize şeýle gürrüň berýär: “Men Şota Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesinde okaýan wagtym (1964–1968) P. Popow meniň mugallymym bolupdyr. Meniň ýadyma düşýär B. W. Weýmarnyň hut özi Pawel Popowy bu kitabyň içinde ýer alan türkmen sungatynyň taryhy bölümini ýazmagy teklip edipdi. “SSR halklarynyň sungatynyň taryhy” atly köp jiltli kitabyň 9-njy tomunyň girişini, teatr-bezegine, heýkeltaraşlygyny, amaly-haşam sungatyny P. Popow ýazan bolsa, men hem nakgaşçylyk we grafika sungaty barada ýazypdym” [09.04.2021 ý. bolan Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy Ogulabat Muhatowa bilen söhbetdeşlikden] diýip belleýär.

“Изобразительное искусство Tуркменской ССР” [6] atly albomy L. Ýelkowiç bilen awtordaşlykda P. Popowyň sungaty öwrenijilik işleriniň bir parçasy bolup, 1917–1957-nji ýyla çenli  türkmen şekillendiriş sungatynyň ösüş ýoly barada, şeýle hem şol döwürde döredijilikli zähmet çeken şahsyýetleriň döredijiligi barada P. Popow beýan edýär.

“Türkmen suratkeşleri” atly neşir ýygyndylary üçin gysga biografiki ýazgylary taýýarlapdyr. Popow tarapyndan gyzykly we çuň many-mazmunly monografik ýazgylary döredilýär. Olardan türkmen teatr suratkeşi Pýotr Ýerşowyň ömri we döredijiligi, meşhur türkmen nakgaşy Bäşim Nuraly, TSSR-iň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň döredijilik ýoly barada ýazypdyr.

P. Popow Nazar Ýomudskiý, Gennadiý Babikow, Aýhan Hajyýew, Yzzat Gylyjow, Pýotr Ýerşow, Haky Allaberdiýew, Igor Poýda, Ýakup Annanurow, Bäşim Nuraly, Muzaffar Daneşwar, Nyýazmyrat Dowodow, Wladimir Pawlotskiý we beýleki suratkeşleriň şahsy segileriniň kataloglary üçin köp monografiki makalalary ýazýar.

P. Popowyň 1960-njy ýylda “Искусство” žurnalynda çap edilen “Корея глазами туркменского художника” [23] atly makalasynda Yzzat Gylyjowyň döredijiligi barada beýan edilýär. Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde Yzzat Gylyjow Koreýa respublikasyna giden wagtyndaky çeken galamsuratlary, etýudlary we birnäçe suratlary görkezilipdir. Makalada hem serginiň tomaşaça ýetiren täsiri barada beýan edilýändigi bellenilip, türkmen suratkeşiniň gözünde Koreýa respublikasynyň medeniýetini, sungatyny açyp görkezýändigi barada ýazýar. P. Popowyň awtorlygynda çapdan çykan “Иззат Клычев” [10] atly katologda hem 1962-nji ýylda Türkmen döwlet şekillendiriş sungaty muzeýine geçirilen Yzzat Gylyjowyň sergisine bagyşlanýar. Onuň giriş makalasynda P. Popow Yzzat Gylyjowyň ömrüne we döredijiligine gysgaça häsiýetnama berýär.

P. Popowyň ilkinji türkmen suratkeşleri baradaky gyzyklanmalary dogrusynda 1962-nji ýylda “Искусство” žurnalynda çap edilen makalasynda beýan edilip, onda türkmen şekillendiriş sungatynyň taryhynda ilkinji bolup suratkeş-demokrat, Kyýat hanyň XIX asyryň ahyrynda ýaşan agtygy Nazar Ýomudskiniň döredijiligi, onuň diňe bir türkmen sungatynyň taryhy barada eden işleri däl, eýsem, rus we ukraina sungatyna hem goşandy uludygy barada beýan edilýär. Popowyň eden işleri diňe respublikanyň möçberinde däl, eýsem, Moskwada, Leningratda, Kiýewde ykrar edildi. Häzirki wagtda N. Ýomudskiniň türkmen çeperçilik sungatynyň taryhyny bu ajaýyp suratkeşiň ady bolman göz öňüne getirmek kyn. Nazar Ýomudskiý türkmen halkynyň milli buýsanjydyr. Popowyň tagallasy bilen rus demokratik medeniýetiniň täsiri ýüze çykdy, şonuň ýaly hem türkmen halkynyň wekili Nazar Ýomudskiý, mundan başga-da, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda XIX asyryň ikinji ýarymynda näbelli çeperçilik gatnaşyklaryny täze öwüşginde açyp görkezdi [25]. P. Popowyň N. Ýomudskiý (1860 –1897) barada öwrenip ile ýaýmagy, diňe bir türkmen sungatynyň taryhyna däl, eýsem, XIX asyr ähli türkmen halkynyň medeniýetine saldamly goşant goşdy.

TSSR-iň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýine bagyşlanan albomynda  muzeýiň döreýiş taryhy, içindäki muzeý gymmatlyklaryndan, rus we türkmen  nakgaşçylygynyň çeperçilik özboluşlylygyny ýüze çykarýar [11].

P. Popow Aman Amangeldiýewiň 50 ýaşyna bagyşlanan katalogynyň (1980) awtory hem düzüjisi bolup, ol suratkeşiň ömür ýoly, filosofiki garaýyşlary bilen hakyky durmuşy utgaşdyrýan nakgaşlyk we grafika eserlerini sungaty öwrenijilik taýdan seljerýär.

P. Popowyň 1982-nji ýylda “Bäşim Nuraly” [20] atly kitapçasynda ilkinji ýerli suratkeş hökmünde tanalýan Bäşim Nuralynyň döredijiligi şöhlelenýär. Pawel Popow öz döwürdeşi Bäşim Nuraly bilen söhbetdeş bolup, ondan alam maglumatlary bu kitapçada beýan edýär. Bäşim Nuraly özüniň çagalyk döwründen başlap, okan ýerleri, döredijiliginiň ähli döwürleri barada Pawel Popowa gürrüň berýär.

TSSR-iň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň döredijiligi sungaty öwrenijiniň tankydy işleriniň içinde uly orun tutýar. Çünki ol 1969, 1974-nji ýyllarda taýýarlanan kataloglarynda suratkeşiň şahsy sergileriniň ekspozisiýalarynda görkezilen nakgaşçylyk işleriniň taslama çözgütlerini, reňk sazlaşygyny, çeper ugruny görkezmek bilen çäklenmän, suratkeş bilen söhbetdeşdikde bolan wagtyndaky  gyzykly maglumatlary yzygiderli ýerleşdirýär. Bu kataloglaryndan soňra P. Popow 1980-nji ýylda döreden “Айхан  Хаджиев” [17] atly kitabynda türkmen nusgawy edebiýatynyň şahyrlary bolan Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň kanonik portretleriniň  we beýleki nakgaşçylyk eserleriniň döreýiş taryhy we sungaty öwrenijilik derňewi berilýär.

Şeýlelikde, P. Popowyň sungaty öwrenijilik eserleri aýdyň we düşnükli dilde beýan edilip, her bir temany ussatlarça açyp görkezmegi başarypdyr. Onuň çeperçilik diliniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýan kitaplary, monografiýalary, albomlary, kataloglary, makalalary häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmeýär.

.

Gülnabat Taňrygulyýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň talyby.

.

EDEBIÝATLARYŇ SANAWY

1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Medeniýet halkyň kalbydyr. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014.
2. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmen medeniýeti. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015.
3. Ýagşymyradow N. Çeper tankyt sungatynyň amallary. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy,  2010.
4. Muhatowa O. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi: 70 ýyl. – A., 2011.
5. Ýagşymyradow N. Şekillendiriş sungatyň we binagärligiň sintezi. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy,  2020.

*** 

6. Елькович Л. Я., Попов П. B. Изобразительное искусство
Туркменской ССР. / Альбом. – М.: Советский художник, 1957.
7. История искусства народов СССР. Том VIII. – M.: Искусство, 1977.
8. История искусства народов СССР. Том IX. – M.: Искусство, 1984.
9. Попов П. Выставка произведений Г. Ф. Бабиковa. / Каталог и статья. – A.: СКТ и ГМИИ ТССР, 1962.
10. Попов П. Иззат Клычев. / Каталог и статья. – A.: ГМИИ ТССР, 1962. 
11. Попов П. Государственый музей изобразительных искусств Туркменской ССР. / Альбом репродукций со вступительной статьей. – М.: Изогиз, 1962.
12. Попов П. Хакы Аллабердыев. / Каталог и статья. – А.: ГМИИ ТССР, СХТ, 1964.
13. Попов П. Туркменское государственное художественное училище. Монография об истории и деятельности старейшего творческого учебного заведения Туркменистана, с 1934 г. по 1964. – A.: МНО ТССР, 1965.
14. Попов П. Якуб Аннануров. / Монографическая статья и каталог. – A.: СХТ, ГМИИ ТССР, 1965.
15. Попов П. В. Я. Павлоцкий. / Монографическая статья и каталог. – A.: СХТ, 1967.
16. Попов П. Аман Кулиев. / Монографическая статья и каталог. – A.: СХТ и ГМИИ ТССР, 1968.
17. Попов П. Айхан Хаджиев. / Монографическая статья и каталог. – A.: СХТ и ГМИИ ТССР, 1969.
18. Попов П. Преподавание истории изобразительного искусства и роль экранно-технических средств в ее изучении. – A.: МНО ТССР, 1972.
19. Павел Васильевич Попов. Монографическая статья и каталог.  – A.:  СХТ и ГМИИ ТССР, 1972.
20. Попов П. Бяшим Нурали. –  A.: Туркменистан, 1982.

*** 

21. Омелаенко С. Познaвая прекрасное…. // Комсомолец Туркменистана. – 21.03.1972.
22. Доводов Н. Сунгаты овренижи // Эдебият ве сунгат. –  10.03.1972.
23. Попов П. Корея глазами туркменского художника // Искусство. – 1960. – № 12.
24. Попов П. Бессмертные черты //Ашхабад. – 1961. – № 3.
25. Попов П. Назар Юмудский // Искусство.  – 1962. – № 2.
26. Попов П. Путь туркменского изобразительного искусства // Искусствo. – 1967. – № 7.
27. Попов П. Памятник В. И. Ленину в Ашхабаде. // Творчество. – 1968. – № 4.
28. Попов П. За подъем искусствоведения и критики//Искусство. – 1968. – № 9.
29. Попов П. Картины, неподвластные времени //Памятники Туркменистана.  – 1969. – № 1.
30. Вчера // Вечерний Ашхабад. – 14. 03. 1972.
31. Художник-искусствовед  // Советская культура. – 25. 03. 1972.
32. Türkmen döwlet arhiwi. A., F  R-1414, op – № 1.

 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok