Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaga, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de Türkmenistany senagat taýdan ösen döwletleriň derejesine çykarmaga gönükdirilen özgertmeler we maksatnamalaýyn işler ýurdumuzda üstünlikli amala aşyrylýar.
Sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga we peýdalanmaga, olaryň esasynda dolandyryşyň döwrebap ulgamlaryny emele getirmäge, elektron senagaty ösdürmäge, şeýle hem innowasiýa häsiýetli önümçilikleri we ykdysadyýetiň täze ugurlaryny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde dünýä döwletlerinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ylmy taýdan esaslandyrylan, täze innowasion tehnologiýalara we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryna uly orun berilýär.
Ýurdumyzda “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” durmuşa geçirilýär. Onda “Sanly ykdysadyýet – bu sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamydyr. Ol wagtyň we harajatlaryň tygşytlanmagy bilen bir hatarda girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga, şeýle-de sanly gurşawda harytlaryň we hyzmatlaryň global bazarlara çalt çykmak we dünýäniň islendik ýerindäki sarp edijilere elýeterli bolmak mümkinçiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär” – diýip bellenýär. Durnukly ykdysady ösüşi gazanmak we ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin halk hojalyk toplumyny çalt depginler bilen ösdürmek we onuň ähli pudaklaryna sanly ulgamlary ornaşdyrmak bu Konsepsiýanyň baş maksady hökmünde kesgitlenildi.
Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi esasy önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň elektron ulgamda merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyny üpjün etmäge, şahsyýetleşdirilen önümçilik we sarp ediş bazarlarynyň ösdürilmegine, ykdysady işiň subýektleriniň umumy netijeliliginiň ýokarlanmagyna, maglumatlary alyşmagyň hasabyna bilimleriň kämilleşdirilmegine, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlarynyň döredilmegine giň mümkinçilikleri açýar.
Häzirki zaman tehnologiýalarynyň we innowasiýalaryň ykdysadyýetde has içgin ornaşdyrylan döwründe sanly çözgütler uzakmöhletleýin ykdysady ösüşiň we ýokary zähmet öndürijiliginiň gazanylmagyny üpjün edýär. Şol bir wagtda ykdysadyýetiň sanly ösdürilmegi ýurduň jemi içerki önüminiň düzüminde maglumat tehnologiýalaryň we telekommunikasiýalaryň paýynyň artmagyna, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliliginiň ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär.
Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurduň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleriň geçirilmegini göz öňünde tutmak bilen, önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak durmuş-tehniki gurşawyň döwrebap görnüşine geçmek maksadynda täze strategiýalary işläp taýýarlamak arkaly 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatda Ählumumy Gün tertibiniň durmuş geçirilmegine ýardam berer. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýete geçilmegi, sanly amatlyklaryň elýeterliliginiň ýokarlandyrylmagy, sanly serişdeleriň ykdysadyýetde giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň dünýäniň sanly giňişligine işjeň goşulyşmagyny, onuň halkara bazarda bäsdeşlige ukyplygynyň düýpli ýokarlandyrylmagyny hem-de milli ykdysadyýetimiziň ösüşiň täze innowasion tapgyryna geçirmegini üpjün eder. Şeýle hem sanly ykdysadyýetiň ösüşi işewürlik we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, ylmy köp talap edýän pudaklarda iş bilen üpjünçiligi gowulandyrmaga, döwrebap maglumat tehnologiýalarynyň jemgyýetiň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrmagynyň hasabyna ýurdumyzda ilatyň ýaşaýşynyň hilini we ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna mümkinçilikleri açar hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň agza ýurtlary tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň ýurdumyzda durmuşa geçirilmegine özüniň oňyn täsirini ýetirer.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion tehnologiýalary, şol sanda sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna geçmek, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek wezipelerini öňde goýdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy hem halk hojalyk toplumyny sanly ulgama geçirmek işinde uly ähmiýete eýe bolup, ol maglumatly bilim gurşawyny döretmäge hem-de bilimi ösdürmegiň ähli tapgyrlarynda okatmagyň elektron serişdeleri bilen üpjün edilmegine, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny baýlaşdyrmaga, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga we usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Konsepsiýa laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleriň, professor-mugallymlaryň tagallalary bilen, şeýle hem talyplaryň gatnaşmagynda sanly bilimi ulgamlaýyn üpjün etmegiň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýokary okuw mekdeplerinde belli bir aralykdan sapaklar hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda wideomaslahatlar yzygiderli geçirilýär. Milli we halkara ölçeglere, häzirki talaplara kybap gelýän sapak bermegiň bu usuly goşmaça, üznüksiz bilim almaga, hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
.
Şamuhammet RAHMANBERDIÝEW,
Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiyasynyň 5 aýlyk okuwynyň diňleýijisi.
Teswirler