Duz buzy nädip eredýär?

Gyşyň sowuk günlerinde ýollardaky buzlary eretmek üçin köplenç duz sepilýär.

Duz aslynda buzy eretmeýär, ýöne buzuň ereýän temperaturasynyň peselmegine sebäp bolýar.  Mysal üçin, howanyň temperaturasynyň -3°C bolan gününe seredeliň.  Arassa suwuň eremek we doňmak temperaturasy 0°C bolany üçin, açyk howadaky suw şeýle günde doňýar.  Şeýle-de bolsa, himiýanyň esasy kanunlaryndan biri, ýaramazlaşan suwuklyklaryň doňmagynyň (dürli maddalar goşulmagy bilen) peseljekdigini aýdýar. Buzly ýollaryň duzlanmagynyň hem esasy maksady, bu ýagdaýdan peýdalanmak bolup durýar. Sebäbi buzuň üstüne ýeterlik duz sepip, ereme temperaturasyny -3°C-den peseltmek mümkindir. Elbetde, buzuň ereýän temperaturasyny ýa-da başga suwuklygy peseltmek üçin ulanylýan madda duz bolmaly däldir. Mysal üçin, duzuň ýerine şeker ulanyp, şol bir netijäni gazanyp bolýar.  Şeýle-de bolsa, eremegiň temperaturasynyň peselmegi ulanylýan materialyň görnüşine we mukdaryna görä üýtgeýär.

Şeýle hem ereme temperaturany kesgitleýän başga bir faktoryň basyşdygyny belläliň.  Gaty ýeriň üstündäki basyş ýokarlananda eremegiň temperaturasy peselýär.  Şol sebäpli buzuň üstünden geçýän agyr ulaglar, şeýle hem sepilen duz, gyşyň sowuk günlerinde ýollarda buzuň eremeginde möhüm rol oýnaýar.

Gaýgysyz ATABAÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok