Planetalardaky halkalar nädip emele gelýär?

Kosmos enjamlary arkaly düşürilen suratlarda Saturn planetasynyň töwereginde ýedi sany aýratyn halka bolup, olaryň aralarynda boşluklar bar. Bu halkalary harplar bilen (D, C, B, A, F, G we E) atlandyrylýar. Esasy halkalaryň (A, B we C) arasynyň giňligi 282 müň kilometre we galyňlygy 10-30 metre deňdir. Bu halkalar buzdan we daşdan, ýagny meteoritlerden emele gelendir. Halkalaryň arasynda gum bölejigi ýaly kiçileri hem bar, has ululary hem bar. Bu halkalaryň haçan emele gelendigi häzirki döwre çenli anyklanylmady. Astronomlaryň aýtmaklaryna görä, bu halkalaryň emele gelmeginde planetanyň hemralarynyň täsiriniň bardygyny çaklaýarlar. Bu planetanyň anyklanylan 60 hemrasy bardyr. Käbir alymlar hemranyň, asteroidiň ýa-da başga bir asman jisiminiň planetanyň dartyş güýji sebäpli böleklere bölünip, halkalary emele getirendigini çaklaýarlar. Käbirleri bolsa, Saturnyň ýüzünde emele gelen tozan we gaz bulutlarynyň netijesinde halkalaryň emele gelendigini pikir edýär.

Geçirilen barlaglar, Saturnyň halkalarynyň 90-95 göteriminiň buzdan emele gelendigini görkezýär. Saturnyň daşyndaky halkalary ilkinji gezek Kristian Gýugens 1655-nji ýylda teleskop arkaly görüpdir. Belli astronom Galileo Galileý hem bu halkalaryň bardygyny anyklapdyr. Oňa teleskop arkaly seredilende, dürli wagtda dürli hili görünýär. Onuň sebäbi Saturnyň Günüň daşyndaky hereketi bilen baglydyr. Bu hereketiň netijesinde halkalar başgaça görünýär. Ýylyň käbir möwsüminde bu planetanyň demirgazyk polýusynyň ýere tarap gönelendigini görmek bolýar. Bu döwürde Saturnyň halkalary ýokarda ýaly bolup görünýär. Ol Günüň daşyndaky hereketiniň ortasyna ýeteninde, bu ýagdaý tersine öwrülýär we planetanyň günorta polýusy ýere bakýar. Şeýlelikde, onuň halkalary aşakda bolup görünýär. Halkalaryň gapdalda görünýän döwri hem bolýar. 1857-nji ýylda şotland alymy halkalaryň bir bitewi we gaty däldigini, eger şeýle bolsa, ony planetanyň dartyş güýjüniň böljekdigini subut edipdir.

Ýakup ANNAMUHAMMEDOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok