Her güni toý-dabaralara beslenýän eziz Diýarymyz ähli ugurlar boýunça bedew bady bilen öňe barýar. Türkmenistan daşary döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Ýakynda Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň döwlet sapary bilen Türkmenistana gelmegi hem-de iki ýurduň baştutanlarynyň arasynda geçirilen ýokary derejeli duşuşyklar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle-de Türkmenistanyň we Hindistanyň arasynda medeniýet we sungat babatda 2022-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy türkmen-hindi medeni gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem pajarlap ösmegi üçin badalga berdi. Döwlet saparynyň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlar üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda barha pugtalandyrylýan türkmen-hindi dost-doganlyk gatnaşygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Şonuň bilen baglylykda, bu ýerde Türkmenistanyň halk suratkeşi, Jawaharlal Neru adyndaky halkara baýragyň eýesi, professor Şamuhammet Akmuhammedowyň, Türkmenistanyň halk suratkeşi Işanguly Işangulyýewiň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Batyr Bekmyradowyň, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň döreden şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň ajaýyp sergisi gurnaldy. Serginiň dowamynda Hindistandan gelen myhmanlar köklerini gadymy döwürlerden alyp gaýdýan türkmen milli amaly-haşam sungat eserleri, döwrebap türkmen şekillendiriş sungatynyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşyp, olara ýokary baha berdiler. Watanymyzyň güneşli asmanynyň, bereketli türkmen topragynyň, gaýtalanmajak gözellige eýe bolan ajaýyp tebigatynyň ähli öwüşginlerini özüne siňdiren bu eserler şekilleriň hem-de çeperçilik serişdeleriň üsti bilen daşary ýurtly myhmanlary eziz Diýarymyzyň özboluşly aýratynlygy bilen tanyşdyrdy.
Ýeri gelende belläp geçsek, türkmen suratkeşleriniň döredijiliginde Hindistan we onuň gözel tebigaty, däp-dessurlary aýratyn orun eýeleýär. Olaryň birnäçesi bu ýurda syýahat edip, Hindistany ähli täsinligi, ajaýyplygy bilen wasp edýän gaýtalanmajak sungat eserlerini döretdiler. Bu babatda ussat halypa Işanguly Işangulyýewiň syrly hem pelsepewi äheňlere ýugrulan giň döredijilik dünýäsi aýratyn nygtamaga mynasyp. Döredijilik işini ýokary depginde alyp barýan halypa suratkeşiň eserleri halkara derejesinde giň meşhurlyk gazandy. Onuň çeperçilik mazmunlara baý sungat dünýäsinde Hindistana eden döredijilik saparlarynyň netijesinde inçe zehininden dörän eserleri wajyp ähmiýete eýe. Suratkeşiň hindi halkynyň gadymy rowaýatlaryny, taryhyny, ýaşaýyş-durmuşyny, hindi gyzlarynyň gözel keşbini janly beýan edýän eserleri onuň döredijiliginde uly bir toplumy emele getirýär. Işanguly Işangulyýew kesgitli wakany ýa-da belli bir keşbi açyp görkezmekde bir tarapdan hakykata aňryýany bilen ýakynlaşmaga ýykgyn edýän bolsa, beýleki tarapdan olara öz çeper döredijiligine mahsus bolan syrly hem-de rowaýaty äheňleri çaýýar. Suratkeşiň ummasyz dünýägaraýşynyň, özboluşly hyýallarynyň netijesinde dörän eserler biziň ählimiz üçin tanyş, sebäbi olar gaýtalanmajak tematikasy, mazmuny bilen tomaşaçynyň aňyna baky ornaşýar. Suratkeş öz gahrymanlaryna, şekillerine, wakalaryna aýry-aýrylykda uly yhlas bilen çemeleşip, olaryň her birine özboluşly äheňleri siňdirýär. Suratkeşlerimiziň döredýän şular ýaly eserleri doganlyk halklarymyzyň medeniýetini, däp-dessurlaryny öwrenmäge uly itergi berýär.
.
Gülnara Kurbanmuhammedowa,
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sungaty öwrenijisi.
Teswirler