At gazygy kümüşden

Türkmeniň milli gymmatlyklarynyň iň naýbaşylarynyň biri bolan bedewler halkyň ykbaly bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýow günüň ýoldaşy, toýlarda çarpaýa galan bedewleriň idedilişi, ösdürilip kemala getirilişi, bezelişi bilen baglanyşykly gürrüňlerden hem türkmeniň atyny näderejede eý görendigini görmek bolýar. Ata-babalarymyz bedew atlaryny syrdaşy, ýakyn ýoldaşy hasaplap, bar zadyndan eziz görüpdirler. Gadymdan bäri türkmen atşynaslary, seýisleri dünýäni, asman atlary adyny alan gözel bedewleri ýetişdirip, olaryň arassalygyny saklap, nesilden-nesle kämilleşdirip gelipdirler. Türkmen halky alawlaýan ojaklaryň örki we görki bolan gelin-gyzlaryny bezeýşi ýaly, milli buýsanjy, guwanjy bolan atlaryny hem zer-zerbapdan, altyn-kümüşden bolan şaý-sepler bilen bezäpdir.  

Atlara niýetlenen şaý-sepler adamzat taryhynyň örän irki sahypalary bilen baglanyşyklydyr. Zergärler olary ýasanlarynda ýerlerigini sap kümüşden edip, ýüzüne altyn çaýypdyrlar, gymmat bahaly daşlardan gaş oturdypdyrlar. Geçmişde atlara dakylýan şaý-sepleriň ýüzine oturdylýan gaşlaryň arasynda hakyk daşyna aýratyn orun degişlidir. Daşyň ýaman gözden-dilden, ýyldyrym urmagyndan goraýandygyna, söweşlerde ýeňşiň gazanylmagyna ýardam edýändigine ynanypdyrlar. Diňe bir hakyk gaşlar bilen däl, eýsem, pöwrize gaşlarynada uly orun berlipdir. Şeýle gaşly atlara dakylýan şaý-sepleriň birnäçesiniň atlaryny agzap geçmek ýerlikli bolar: göwüsbent, alagaýyş, bäzbent, guşgun, eýeriň gaşy, guşgözi, sytara, aýyl toka we ş.m.

Türkmen zergärleri at eýerini altyn – kümüşden ýasap, gymmat bahaly daşlary oturdyp, ösümlik we haýwan şekilli dürli nagyşlar salyp bezäpdirler. Nagyşlarda ýer-ýurt aýratynlygy, däp-dessurlar saklanyp galypdyr.

At eýeriniň öňündäki tomarçagyna, şonuň ýaly-da eýeriň yzky ýarym aýlaw görnüşli ýerine eýeriň gaşy diýilýär. Eýeriň gaşy dürli hili kümüş sytaralar, şaýlar, çüýler bilen bezelýär.

Zergärler eýeri bezemek üçin “Gülmyh”, “Sytara” şaýyny ulanypdyr. “Gülmyh” atyň eýeriniň gaşyna, onuň töweregine kakylýan kellesi kümüşden, nepis edilip ýasalan uşajyk çüýdür. Kümüş “Gülmyhlar” bilen atyň gamçysyny hem nepis edip bezäpdirler. Şeýle hem uýanyň bezegine aýratyn üns berlipdir. Atyň uýanyna kümüş “Gülmyhlar” bilen bilelikde “Sytaralar” hem düzülipdir. “Sytara” apbasydan kiçi, guş gözüden uly kümüş şaýdyr. Onuň ýüzi nokat-nokat , gül, ýaprak ýaly şekillerde gübeçek bolýar. Sytara gelin-gyzlaryň, çagalaryň lybaslaryna-da dakylypdyr. Şeýle hem ol atyň göwüsbendine, alagaýyşyna, uýana, eýeriň gaşyna, üzeňňä bezeg hökmünde dakylypdyr.

Üzeňňi – atyň üstüne münüp – düşmek, üstünde oturanyňda aýagyňy goýup oturmak üçin eýeriň ikiýan gapdalyndan asylýan gaýyş şekili, halka görnüşli bolýar.

Atyň agyzdyrgy hem kümüşden edilipdir. Agyzdyryk uýanyň atyň agzyna salynýan demir bölegi bolup, ol sarç atlara (baş öwredilmedik) ýa-da çapyşyga gitjek atlara salnypdyr. Zergärler agyzdyrygy 2 bölek togalajyk kümüşden, uçlaryna halka geýdirip ýasapdyrlar. Zergärler göni 2 ujy halkaly we egri, ýaý pisint görnüşlerde agyzdyrygyň bardygyny belläpdir. Atyň gaýyş irişmesine kümüş bilen bezäpdirler. Irişme atyň kellesiniň sakagyna baglanýan zynjyr ýa-da gaýyş ýüp bolup, aty gazyga baglamak üçin ulanylypdyr.

Bedewiň guşguny aýratyn bezelipdir. Guşgun – atyň guýrugynyň aşagyndan geçirilip, eýeriň öň ýanyndan dakylýan, ýüzi birnäçe setir kümüş guşgözüli, aşak sallanyp duran demir tokaly (remeni birikdirýän demir) gaýyş. Guşgun atyň eýerini öňe süýşmekden saklaýar. Türkmen zergärleri atyň ýonasyny (eýeriň aşagyndaky deri-gön) altyndyr – kümüş bilen bezäpdirler.

Türkmen atlarynyň owadan bezeg şaý-sepleriniň biri göwüsbentdir. Göwüsbent – bezeg üçin atyň göwsüne atanaklaýyn dakylýan ýüzi kümüş guşgözli, sytaraly, şaýly ýasy gaýyş. Gaýşyň ýüzüne dürli görnüşdäki altyn çaýylan kümüş şaýlar berkidilýär. Şaýyň eteginde dürli görnüşli şelpeler birikdiriji halkalar arkaly birikdirilýär. Onuň atyň göwsüniň üstünden ýerleşýän gupba görnüşli güberçek ýerine bäzbent şaýy oturdylýar.

Bäzbent – atyň göwüsbendiniň merkezine dakylýan ullakan galkanpisint güberçek bezeg şaýy. Bäzbent iki gat kümüşden ýasalyp, ýüzüne altyn çaýylýar. Bu şaýyň ortasyna ullakan hakyk gaşy oturdylan, töweregine “islimi” (üzülmez) nagşy haşamlan görnüşi giňden duş gelýär.

Alagaýyş – ata dakylýan bezegleriň, ýagny uýanyň, kellekiniň, agyzdyrygyň jemlenen toplumydyr. Alagaýyş bolanda adyndan belli bolşy ýaly, atyň uýanyndan başlap, ýantanapyna çenli gaýyşdan ýasalyp, şol gaýyş hem birsydyrgyn ýygylykda kümüşden halkalanyp çykylýar. Alagaýşyň ýüzüne kümüş bölekleri düzülýär, nagyşlar haşamlanýar we onuň esasy gaýyşdan ýasalýar. Alagaýyş sözi ala hem-de gaýyş sözleriniň birleşmeginden ýasalan goşma sözdir. Türkmen diliniň edebi gepleşiginde käbir ýagdaýlarynda göwüsbent sözi bilen alagaýyş sözi manydaş görnüşde ulanylýar. Hakykatdan welin bu sözleriň arasynda tapawut bardyr.

Boýunluk – atyň esasy bezeg şaýlarynyň biridir. Adyndan belli bolşy ýaly, boýunluk atyň boýnuna dakylýan, ýerligi gönden, dürli görnüşdäki ululy – kiçili kümüş plastinalaryň birsydyrgyn yzygiderli ýerleşdirilen, ýüzi altyn çaýylan, hakyk we pöwrize gaşlar bilen bezen şaýdyr. Boýunluga başgaça “Boýunbagy” hem diýilýär. Bu şaý atlara gorag hökmünde dakylman, diňe bezeg şaýy bolup hyzmat etýär.

At gözlük – atyň gözüni mör-möjekden goraýan gaýyşdan, teletinden edilen seçekli esbapdyr. Bu täsin esbap, atyň maňlaýyna dakylýan uýanyň maňlaýyndan geçýän gaýyşyna birikdirilýär. Onuň ýerligi gönden bolup, dürli-dürli bezeglere beslenýär, esasan hem, ýüzüne owunjak “guşgözi”, şeýle hem “gönüburç” şekilli plastinaly şaýlar düzülýär. Ortasyna ullakan hakyk daşy ýa-da bir we ondan köp dürli görnüşli hakyk daşlar oturdylýar. Gözlük bezeg şaýlary diňe gözellik üçin däl-de, eýsem, atyň gözüni mör-möjeklerde goranmak maksady bolup hem hyzmat edýär.

Guşgözi – guşuň gözüne çalymdaş uşajyk kümüş bezegi. Onuň guşgözi ady guşuň gözüne meňzeş, owunjak bolanlygy üçin galypdyr. Guşgözi, easan, guşgun, göwüsbent, alagaýyş ýaly ýerligi gaýyşdan ýasalýan bezegleriň ýüzüne düzülýär. Guşgözini gaýşyň ýüzüne düzümek üçin berkidijisi bilen berkidilýär.

Atyň guşagy, adatça, deriden taýýarlanyp, olaryň käbiriniň ýüzüne altyn çaýylan, nagyşlanan kümüş bölejikleri hem berkidilýär. Olar has inli edilip, oňa uzak ýola ýa-da söweşe gidilende zerur enjamlary we gaplary asmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, gaýyşdan at üçin uýan ýasap, ony balykgulaklar, gözmonjuklar, dagdan bilen bezäpdirler.

At şaýlary kümüş şaý-sepleriniň arasynda özüniň çeper serişdeleriniň agraslygy, berkligi bilen tapawutlanýar. Diňe göwüsbendi alyp görenimizde-de onuň çeper dili gelin-gyzlardyr çaga şaý-seplerinden düýpgöter tapawutlanýar. Göwüsbendiň gylyç şekilli şelpeler zenan şaý-sepleriňkä garanyňda dogumlylyk, berklik duýgularyny berýär. At şaýynyň berk görnüşi atyň batyrlygyny, başarjaňlygyny hem-de çydamlylygyny açyp görkezýär. Umuman, at bezegleriniň ählisine syn edenimizde dünýä boýunça owadanlygyna, ýyndamlygyna taý tapylmaýan behişdi bedewlerimiziň şeýle eý görlüp, bezelendigine göz ýetirýärsiň.

Gülälek Mämiýewa
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň
Döwlet muzeýiniň ylmy işgäri

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok