Kaliý iýmit alyş-çalşy gowulaşdyryp, birnäçe saglyk meselelerinden, esasanam ýürek-damar kesellerinden goraýjy täsiri bardyr. Kaliý möhüm mineral bolup, myşsalaryň gysylmagyny, ýürek urmasyny we öýjük suwunyň deňagramlylygyny sazlamaga we nerwiň işlemegine kömek edýär. Belok sintezine we uglewod çalşygyna gatnaşýar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ululara günde azyndan 3510 mg kaliý iýmegi maslahat berýär. Geçirilen gözlegler ösen we ösýän ýurtlarda ýaşaýan adamlaryň köpüsiniň maslahat berilýän mukdary sarp etmeýändigini görkezýär. Kaliý ýetmezçiligi uzak möhletde saglyga zyýan berip biljek ýagdaýdyr.
Kaliýniň adam bedende natriý bilen bilelikde hereket edip, kislota-esasly deňagramlylygy (suwuklyk balansy we pH) saklamaga kömek edýär we gan basyşyny kadalaşdyrmakda möhüm rol oýnaýar.
Artykmaç (giperkalemiýa) ýa-da kaliý ýetmezçiligi (gipokalemiýa) saglyk kynçylyklaryna sebäp bolup biler. Gipokalemiýa ýadawlyga, ysmazlyga, ýürek bulanma we ýürek ritminiň bozulmagyna, Giperkalemiýa bolsa böwrek ýetmezçiligine we ýürek ritminiň bozulmagyna sebäp bolup bilýär.
Bedende kaliý mukdaryny köpeltmegiň iň gowy usuly dürli peýdaly gök otlary we tropiki miweleri iýmekdir. Kaliý gök otlardan ysmanak, şibit, petruşka tropiki miwelerden awakado, ananas, banan we guradylan miwelerden hoz, badam, pisse ýaly önümlerde juda köpdür. Şeýle hem kaliý et, süýt önümlerinde, ýagly balyklarda, şokoladda we däneli-kösükli ekinlerde hem köp bolýar.
Kuwwat MERETGELDIÝEW,
Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Himiýa fakultetiniň talyby.
Teswirler