Kärhanalaryň birleşmegi amala aşyrylanda kärhananyň maliýe hasabatlylygynyň mazmunyny kesgitlemekden ybaratdyr. Hususan-da, onda kärhanalaryň ähli birleşmeleri satyn alma usulyny ulanmak ýoly bilen hasaba alynmaga degişlidir diýip bellenýär. Degişlilikde, satyn alyjy kärhana satyn alynýan kärhananyň tapawutlandyrylýan aktiwlerini we borçnamalaryny olaryň satyn alnan senesindäki adalatly gymmaty boýunça ykrar edýär, soňundan gymmaty gaçmak babatynda barlagdan geçirilýän, ýöne ondan ulanyş tutumy alynmaýan gudwil hem edil şonuň ýaly ykrar edilýär.
Şu standart kärhanalaryň birleşmegini hasaba almakda ulanylýar:
a) bilelikdäki işiň edarasy;
b) umumy gözegçilikdäki kärhanalaryň birleşmegi;
ç) aýry-aýry kärhanalaryň gatnaşma paýyny almazdan, diňe şertnama baglaşmak ýoly bilen hasabat berýän kärhana birleşýän ýagdaýynda kärhanalaryň birleşmegi babatynda ulanylmaýar.
Kärhanalaryň birleşmegi aýry-aýry kärhanalaryň ýeke-täk hasabat berýän kärhana birleşmeginden ybaratdyr. Kärhanalaryň birleşmeginiň ählisi diýen ýaly bir kärhana (satyn alyjy) tarapyndan bir ýa-da birnäçe kärhana (satyn alynýan tarapa) gözegçiligi almak bolup durýar. Kärhananyň kärhanany emele getirmeýän aktiwleriniň toparyny ýa-da arassa aktiwleri satyn alýan mahalynda ol bu toparyň gymmatyny, satyn alnan senesinde olaryň adalatly gymmatynyň degişli ähmiýetleriniň esasynda, şol toparyň düzüminde özbaşdak tapawutlandyrylýan aktiwleriň arasynda paýlamalydyr.
Hukuk, salgyt we beýleki sebäplere görä, kärhanalaryň birleşmegi dürli usullar bilen geçirilip bilner. Gürrüň kärhana tarapyndan paýnamalary satyn almak, ähli arassa aktiwleri satyn almak, borçnamalary kabul etmek ýa-da beýleki kärhananyň bilelikde bir ýa-da birnäçe kärhanany emele getirip biljek arassa aktiwleriniň bir bölegini satyn almak hakynda gidip biler. Ol paý gurallaryny çykarmak, pul serişdelerini, pul serişdeleriniň ekwiwalentlerini ýa-da beýleki aktiwleri geçirmek ýa-da sanalyp geçilen usullary utgaşdyrmak ýoly bilen amala aşyrylyp bilner.
Geleşik birleşýän kärhanalaryň paýdarlarynyň arasynda ýa-da bir kärhana bilen beýleki kärhananyň paýdarlarynyň arasynda geçirilip bilner. Birleşmek birleşýän kärhanalara ýa-da berilýän arassa aktiwlere gözegçiligi amala aşyrmak üçin täze kärhananyň döredilmegini ýa-da bir ýa birden köp birleşýän kärhanalaryň üýtgedilip guralmagyny öz içine alyp biler.
Satyn alyjynyň düýp kärhana, satylýan tarapyň bolsa satyn alyjynyň golçur kärhanasy bolup durýan ýagdaýynda, kärhanalaryň birleşmegi düýp kärhana bilen golçur kärhananyň arasynda bar bolan gatnaşyklaryň ýüze çykmagyna getirip biler. Şeýle ýagdaýlarda satyn alyjy kärhana özüniň jebislendirilen maliýe hasabatlylygynda şu standarty ulanýar. Ol özüniň çykarýan islendik aýratyn maliýe hasabatlylygynda satyn alynýan kärhanadaky özüniň gatnaşma paýyny golçur kärhana goýlan maýa goýum hökmünde görkezýär.
Kärhanalaryň birleşmegi beýleki kärhananyň paýnamalaryny satyn almak däl-de, gudwili hem goşmak bilen, şol beýleki kärhananyň arassa aktiwlerini satyn almak bolup durýar. Şunuň ýaly birleşme düýp kärhana bilen golçur kärhananyň arasynda mahsus bolan gatnaşyklary döretmeýär.
Kärhanalaryň birleşmegi kesgitlemesine, şu standartyň hereket edýän çygryna kärhanalaryň şular ýaly birleşmeleri goşulýar: bir kärhana beýleki kärhana gözegçiligi alýar, ýöne şunda gözegçiligiň alnan senesi (ýagny, satyn alnan senesi) gatnaşma paýynyň alnan senesi ýa-da seneleri bilen (ýagny, çalşyk geçirilen senesi ýa-da seneleri bilen) gabat gelmeýär. Şeýle ýagdaý, mysal üçin, maýa goýum obýekti bolup duran tarapyň özüniň birnäçe maýa goýumçylary bilen paýnamalary yzyna satyn almak hakynda şertnama baglaşýan, şonuň netijesinde bolsa maýa goýum goýulýan tarapa gözegçiligiň üýtgeýän halatlarynda ýüze çykyp biler.
Bu standart aýry-aýry kärhanalaryň bilelikdäki iş hakynda şertnamanyň esasynda birleşýän we gatnaşyjylar tarapyndan bilelikdäki işe gatnaşma paýlaryny hasaba almagyň anyk düzgüniniň bellenilmeýän mahalynda kärhanalaryň birleşmegi babatynda ulanylmaýar.
Bu standart kärhanalaryň umumy gözegçilikde bolýan kärhanalary öz içine alýan birleşmegi babatynda ulanylmaýar. Kärhanalaryň umumy gözegçilikde bolýan kärhanalary öz içine alýan birleşmegi şu hili birleşmekden ybaratdyr: onda birleşýän kärhanalaryň ählisine birleşmeden öň hem, soň hem iş ýüzünde şol bir tarap ýa-da taraplar tarapyndan gözegçilik edilýär we bu gözegçiligiň wagtlaýyn häsiýeti ýokdur.
Şertnamalaýyn ylalaşyklaryň netijesinde adamlaryň bir topary toparlaýyn esasda kärhananyň işinden peýda almak maksady bilen, onuň maliýe we gündelik syýasatyny dolandyrmak hukugyny alýan bolsa, kärhana adamlaryň topary gözegçilik edýär diýip hasap edilýär. Degişlilikde, eger adamlaryň şol bir topary şertnamalaýyn ylalaşyklaryň netijesinde, olaryň işinden peýda almak maksady bilen, birleşdirilýän kärhanalaryň maliýe we gündelik syýasatyny dolandyrmaga gutarnykly hukugy alýan bolsa we bu toparlaýyn hukugyň wagtlaýyn häsiýeti ýok bolsa, kärhanalaryň birleşmegi şu standartyň hereket edýän çygryndan daşda galýar.
Kärhana bir adamyň ýa-da şertnamalaýyn ylalaşyga laýyklykda bilelikde hereket edýän adamlar toparynyň gözegçiliginde bolýan bolsa, şunuň ýaly adam ýa-da adamlar topary maliýe hasabatlylygyna degişli milli standartyň täsirine düşmän biler. Diýmek, kärhanalaryň birleşmeginiň umumy gözegçilikde bolýan kärhanalaryň birleşmegi hasap edilmegi üçin birleşdirilýän kärhanalaryň şol bir jebislendirilen maliýe hasabatlylygyna goşulmagy hökmany şert bolup durmaýar.
.
Mähri DÖWLETOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň
Bank işi fakultetiniň
Bank işi we pul dolanyşygy hünäriniňI ýyl talyby.
Teswirler