Kompozitor Suhan Tüýliýewiň ýubileý konserti geçiriler.

Şu ýyl Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymy we kompozitor Suhan Tüýliýewiň 65 ýaş ýubileý toýy uly dabara bilen belleýär.

Kompozitor Suhan Alyýewiç Tüýliýewiň ady Türkmenistanda we onuň çäginden daşary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar baýragynyň eýesi (1991), Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri (2009), tanymal kompozitor we alym Türkmenistanyň häzirki zaman kompozitorçylyk mekdebiniň täze nesline degişlidir. Onuň döredijiligi halk sazynyň çuňňur özleşdirilmegine esaslanýar we žanr baýlygy bilen tapawutlanýar. Ol köp sanly simfoniki, wokal-simfoniki, hor, kamera-wokal we kamera-instrumental eserleriň awtorydyr.

Suhan Tüýliýewiň eserleri çuňňur mazmuny, türkmen halk sazlaryna bolan  intonasiýa ýakynlygy, saz keşpleriň we duýgularyň baýlygy bilen tapawutlanýar. Kompozitor öz eserlerinde türkmen halkynyň taryhy bilen bagly milli temalaryna aýratyn uly üns berýär. Onuň eserleri diňe bir Watanynda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem giňden tanalýar. Olardan köp saz esrleri Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Özbegystanda, Arebeýjanda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Ýaponiýada, Italiýada, Sloweniýada, her ýylda geçirilýan Nury Halmämmedowyň adyndaky “Dutaryň owazy” atly halkara Moskwa festiwalynda juda uly üstünlikler bilen ýaňlanýar. Türkiýada, Angliýada, Şotlandiýada olar “Türksoý” ýaşlar kamera orkestri tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Suhan Tüýliýew Mary welaýatynyň Ýölöten etrabynda dogulýar. Onuň maşgalasynda sazandalaryň ýoklygyna garamazdan, eýýäm onuň ir ýaşlarynda saza bolan söýgüsi ýüze çykýar. Okuwçy bolan ýyllary ol sazanda Baba Saryýewiň ýolbaşçylygyndaky Üflenip çalynýan saz gurallary orkestrinde çykyş edýär, şeýle-de çagalar sazçylyk mekdebinde akkordeon saz guraly çalmagy öwrenýär.

1976-njy ýylda Suhan Tüýliýew Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk üçilişesiniň “Horyň dirizýory” bölümini tamamlaýar, 1981-nji ýylda bolsa “Kompozisiýa” hünäri boýunça Türkmen döwlet pedagogik sungat institutyny we 1987-nji ýylda P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynda  “Kompozisiýa” hünärini tamamlaýar. Suhan Tüýliýeweiň okan dürli okuw ýyllarynda tanymal sazandalar we mugallymlar oňa tälim berýärler, olardan: sazçylyk uçilişesinde – Genrih Stanislawowiç Držewskiý, Aman Agajykow, Rejep Rejebow; sungat institutynda – Weli Muhadow, Rejep Allaýarow, assistentura-stažirowkada – Mihail Iwanowiç Çulaki, Ýuriý Aleksandrowiç Fortunatow – tanymal kompozitorlar we orkestriň gurallamasynyň uly ussatlarydyr, onuň professional ösüşine olaryň uly goşandy bardyr.

Suhan Tüýliýewiň öz ilkinji saz eserlerini sazçylyk uçilişede we Türkmen döwlet pedagogik sungat institutynda okan ýyllary döredýär. Olar: Fortepiano üçin “Dramatiki wariasiýalary”, Kirişli saz gurallar üçin kwarteti, N.Rejebowyň goşgusyna okaýjy, solsistler, hor we simfoniki orkestr üçin “Ebedi oduň başynda” atly kantatasy, Üflenip çalynýan saz gurallary üçin prelýudiýasy, şeýle-de onuň diplom işi bolan Simfoniýa ýaly eserleridir.

P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynda assistentura-stažirowka geçen döwri (1985) kompozitoryň şahsy stiliniň kemala gelmegi dowam edýär. Onuň esasyny milli folkloryň alamatlary we lad, garmoniýa, heň, ritm we sazyň dürli serişdeleri babatynda häzirki zaman täze usullary düzýär. “Artykmaç” sesleri bolmadyk stili kemala gelýär, bu ýerde her bir ses babatynda oýlanyşykly çemeleşilýär, “garmoniki saz dilini arassalamak” işleri alynyp barylýar, ajaýyp ses şekillendirilişi bilen tapawutlanýan we ýiti dissonantlygy bolmadyk täze janly garmoniki reňkeleri ýüze çykarylýar. Kompozitor Simfoniki orkestri üçin Poema (1986), Hor we simfoniki orkestri üçin A.Allanazarowyň we A.Taganowyň goşgularyna “Parahatlyk hakynda aýdym” atly kantatany (1987), “Bentler” atly  simfoniki poemany (1990) ýazýar.

Watanyna gaýdyp gelip, Suhan Tüýliýew halk sazy bilen bagly gözleglerini dowam edýär, däp bolan milli medeniýetiň forma gurluş aýratynlyklaryna we onuň ösüş esaslaryna aýratyn uly üns berýär. Öz birnäçe saz eserlerinde ol meşhur bolan folklor heňleri sitirleýär. Şonuň bilen, H.Hanmämmedowa bagyşlanan Kamera orkestri üçin “Pendi nagmalary” № 1 (2001) atly eserine kompozitor “Läle” atly gyzlaryň aýdymyny we “Nejoldy?” atly halk heňi girizýär. Başga-da, A.Hojadowa we Ý.Saryýewe bagyşlanan Gargy tüýdük we kirişli saz gurallary orkestri üçin döreden “Pendi nagmalary” № 2  (2002) atly eserinde kompozitor tüýdük üçin “Bady saba”, “Gelsin” we “Nasrowjan” ýaly meşhur halk heňleri ulanýar. Kompozitoryň belli folklor sazlarynyň esasynda giň melodiki gurluşlaryň döretmeklik ussatlygynda B.Maşakowa bagyşlanan gargy tüýdük we fortepiano üçin “Begler” (2007), şeýle hem M.Rahymowa bagyşlanan Dutar we fortepiano üçin “Nazar bagşy” atly halk heňileriniň täzeden işlenen nusgalary (2007) uly ünsi özüne çekdirýär. “Begler” eserinde awtor geçmişiň taryhy keşplerine ýüzlenýär, “Nazar bagşy” sazynda bolsa kompozitor halk heňi dolylygyna sitirleýär.

1986-njy ýylda Aşgabadyň 100 ýyllygyna bagyşlanan (1981) uly simfoniki orkestri üçin Uwertýuranyň premýerasy bolup geçýär. Eseri Ý.Samoýlowyň ýolbaşçylygyndaky SSSR-iň Medeniýet ministrliginiň simfoniki orkestri ýerine ýetirýär. Kompozitor esere Türkmenistanyň paýtagtynyň ady bilen bagly monogrammany girizýär. Uwertýura sonata formasynda ýazylyp, onuň aýratynlygy barada aýdylanda, bu ýerde işlenilme bölümi ýokdyr, emma oňa derek diňe kakylyp çalynýan saz gurallary tarapyndan ýerine ýetirilýän göwrümi uly bolmadyk epizod girizilýär.Esriň baş partiýasynda “Ýusup Owgan” atly meşhur folklor temasy, kömekçi partiýasynda bolsa gargy tüýdük üçin niýetlenen “Baýat iline” atly heňi sitirlenilýär.

Birinji simfoniýada (1982) linear, polilad pikir etmegiň çäklerinde garmoniki dili çylşyrymlaşýar, bu ýerde aýdyň beýan edilen milli saz diliniň aýratynlyklary aleatorika usulynyň ulanylmagy bilen utgaşdyrylýar. Şeýle-de, simfoniki eserleriniň sanowyna kompozitoryň döreden Wiolonçel we simfoniki orkestri üçin “Gözelim” (2019) hem solo saz gurallary we simfoniki orkestri üçin “Uzuklar” (2019) atly saz eserleri degişlidir.

Suhan Tüýliýewiň döredijiliginde watansöýüjilik temasy uly orny eýeleýär. Şonuň bilen, Beýik watançylyk urşyna degişli bola temasy kompozitryň hor we simfoniki orkestri üçin A.Allanazarowyň we A.Taganowyň goşgularyna döreden “Parahatlyk hakynda aýdym”, okaýjy, solistler, hor we simfoniki orkestri üçin H.Rejebowyň goşgusyna  “Ebedi oduň başynda” atly kantatalarynda öz beýanyny tapýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda kompozitor bagtyýar halkynyň milli ruhyny wasp edýän eserleri döredýär. Olar okaýjy, solist, hor, gargy tüýdük, gopuz we simfoniki orkestr üçin A.Atabaýewiň goşgusyna “Döwletli döwran” atly kantatasy, Magtymguly Pragynyň goşgusyna “Türkmen binasy” atly odasy, şeýle-de, A.Atabaýewiň goşgularyna okaýjy, solistler, hor we simfoniki orkestr üçin “Berkarar döwletiň bahary” we Solistler, hor we simfoniki orkestr üçin “Arkadagymyz” atly odalarydyr. Bu eserler döwlet derejesinde geçirilýän baýramçylyk konsertlerinde ýerine ýetirilýärler.

Suhan Tüýliýewiň döreden dürli mazmunly romaslaryna nepis we ýagty lirika, ajaýyp heň, garmoniýa we forma häsiýetlidir. I.Nuryýewiň goşgularyna döreden “Uruşdan gelmedik agam” we “Ýol aýdymy”, G.Ezizowyň goşgusyna döreden “Güýz” (1981-1985-nji ýyllarda) atly romanslary, A.Taganowyň goşgusyna döreden “Ezizim” (1986), G.Hanowyň goşgusyna “Nejoldy” (2015), Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döreden “Dünýe, heý!” atly üç bölümli wokal toplumy (“Ili gözlär”, “Neýleý indi, biçäreýem”, “Ýeldim tut”; 2014) atly eserleri aýratyn uly meşhurlyga eýedir.

Kompzitoryň wokal döredijiliginde çagalar üçin döredilen saz eserleri aýratyn orny eýeleýär. Ýagny A.Allanazarowyň goşgularyna döredilen çagalar hory üçin “Meniň dostlarym” (1992) atly toplumy, şeýle-de çagalar hory we ses üçin köp sanly aýdymlary degişlidir. Kompozitoryň a’capella hor eserlerinden J.Mülkiýewiň goşgularyna “Çöl rowaýaty”, S.Nyýazowyň goşgularyna “Ynsanperwerlik” atly hor toplumlaryny belläp bolar.

S. Tüýliýew kompozitorçylyk kärinden daşaru uly ylmy we saz-pedagogiki işlerini alyp barýar. Onuň ylmy işlerine “Türkmen sazynyň aýratynlyklary we olaryň kompozitor döredijiligine täsiri” atly kandidatlyk dissertasiýasy, ýörite sazçylyk mekdepleri üçin ýazylan “Saz teoriýasynyň esaslary”  we şu ýyl çapdan çykan şol kitabynyň täzeden işlenilen görnüşi, ýokary okuw mekdepleri üçin ýazylan “Türkmen sazynyň teoriýasy” ýaly okuw kitaplary degişlidir. Şeýle-de, ol türkmen sazynyň dürli meselelerine bagyşlanan kyrkdan (40) gowurak ylmy we populýar (belli) makalalary ýazýar. Başga-da, Suhan Allyýewiç B.Aliýewiň türkmen diline geçiren W.Uspenskiniň we W.Belýaýewiň “Türkmen sazy” atly iki tomlyk işleriniň redaktory bolup durýar.

Döwletimiziň professional saz hünärmenlerini ýetişdirmekde we terbiýelemekde onuň alyp barýan işleri juda uly ähmiýetlidir. Köp ýyllaryň dowamynda ol Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk üçilişesiniň saz-teoretiki sapakalary boýunça mugallymy bolup işleýär. 1998-nji ýyldan şu wagta çenli bolsa kompozitor Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynda zähmet çekýär.

Watana bolan hyzmatlary üçin şeýle-de türkmen halkynyň medeniýetiniň ösüşine aýratyn uly goşant goşanlygy üçin Suhan Tüýliýew “Watana bolan söýgüsi” (1997) medaly bilen sylaglanýar.

Jennet ORAZOWA.
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň
2-nji çagalar sungat mekdebiniň
Sazyyň nazaryýeti” dersleriniň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok