Syýahatçylyk pudagy

Bu günki günde ýurdumyz  ykdysadyýetiniň  ähli ugurlary boýunça-da galkynýan döwre öwrüldi. Ýurdumyzda jahankeşdelik pudagy gün-günden ösýär. Türkmenistanyň Baş Kanunynyň 11-nji maddasynda bellenilişi ýaly “Döwlet milli taryhy-medeni mirasyň, tebigy gurşawyň abat saklanmagy, sosial we milli toparlaryň arasyndaky deňligiň üpjün edilmegi üçin jogapkärdir. Döwlet ylmy hem çeper döredijiligi, onuň oňyn netijeleriniň ýaýradylmagyny höweslendirýär, ylym, medeniýet, terbiýeçilik we bilim bermek, sport we syýahat babatda halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam edýär.”

Adamzat taryhynyň dürli döwürlerinde ýaşan adamlarda öz ýaşaýan ýerlerinden başga ýerleri görmek, olaryň tebigatyny, ilatynyň hojalyk işini, ýaşaýyş şertlerini, däp-dessurlaryny synlamak islegleri bolupdyr. Emma bu islegleri amala aşyrmak üçin zerur şertler gadymy, orta asyrlar döwründe ýaşan adamlaryň örän köp böleginde bolmandyr. Emma şu döwürlerde hem, az bolsa hem beýik syýahatçylar, jahankeşdeler bolup, olar dürli ylymlaryň, ylaýta-da geografiýa ylmynyň ösmegine uly goşant goşupdyr.

XX asyrda, esasan hem I jahan urşundan soň ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has gowulanmagy, ulag pudaklarynyň ösmegi netijesinde jahankeşdelik halkara ähmiýete eýe bolup başlaýar. Dünýäniň dürli ýerlerine baryp görmek isleýän adamlaryň sany barha artyp, XX asyryň 50-nji ýyllaryndan soň köp döwletlerde jahankeşdelik bilen meşgullanýan ýörite edaralar, guramalar döräp başlaýar. Olaryň özara gatnaşyklarynyň has artmagy bilen halkara jahankeşdelik guramasynyň döredilmeginiň zerurlygy ýüze çykýar.

Jahankeşdelik pudagyndan gelýän girdejiler öň aýry-aýry adamlary, hususy edaradyr guramalary özüne çeken bolsa, indi köp döwletler bu pudagy ösdürmäge aýratyn üns berip, zerur bolan şertleri döretmeklige, onuň üçin uly maýa goýumlaryny goýmaga başlaýarlar.

Fransiýa, Ispaniýa, Italiýa, Şweýsariýa, ABŞ, Hytaý ýaly döwletler jahankeşdeler üçin zerur şertleri, mümkinçilikleri, infrastrukturany döretmek bilen, gelýän adamlaryň sanynyň has köpelmegini gazanýarlar. Netijede bu ýurtlaryň ykdysadyýetinde uly girdeji berýän, müňlerçe adamy iş bilen üpjün edýän aýratyn pudak kemala gelýär.

XX asyryň 80-nji ýyllaryndan başlap bütin dünýäde parahatçylygyň ymykly berkarar bolmagy, ykdysady taýdan has güýçli ösmäge başlan täze döwletleriň emele gelmegi bilen halkara jahankeşdeliginiň geografiýasynyň çäkleri has giňelýär we jahankeşdeleriň sany örän ýokary depginler bilen ösýär.

Halkara jahankeşdelik pudagyny ösdürmek maksady köp ýurtlarda Halkara jahankeşdeligi ösdürmek maksady bilen uzak möhletleýin maksatnamalar düzülip, oýlanyşykly durmuşa geçirilýär. Kem-kemden ykdysady taýdan ösen, ilaty has gurply ýaşaýan, jahankeşdeligi söýýän ýurtlar bilen döwlete gelmek, gitmek bilen baglanyşykly migrasiýa kanunlary özgerdilýär, wizasyz hereket etmek üçin döwletara ylalaşyklar baglaşylýar. Bu pudagyň barha ösmegi bilen jahankeşdeler üçin zerur bolan infrastruktura, ýaşamak, dynç almak, hereket etmek üçin amatly şetrler döredilýär. Soňra jahankeşdeleri özüne çekmek üçin mahabat işleri ýola goýulyp, radio, telewideniýe, metbugat arkaly has-da ösdürilýär.

Netijede XXI asyryň häzirki günlerinde dünýä ýurtlarynyň aglabasynda halkara we ýerli jahankeşdelik ykdysadyýetiniň iň girdejili pudaklarynyň birine öwrüldi. Metbugat habarlaryna we statistik maglumatlara görä Bagam adalary, Kipr, Ýamaýka, Monako ýaly döwletleriň ýyllyk milli girdejisiniň ýarysyna golaýyny halkara jahankeşdelik pudagy berýär. Bir ýylda orta hasapdan Fransiýa 60 mln-dan gowrak, Ispaniýa, ABŞ 50 mln, Italiýa, Müsür Arap respublikasy 40 mln-a golaý, Hytaý Türkiýä, Indoneziýa, Tailand döwletleri 30 mln töweregi jahankeşdeleri kabul edýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde halkara jahankeşdeligini mundan buýana-da ösdürmek barada ägirt uly işler alnyp barylýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistany dünýäniň jahankeşdelik – syýahatçylyk we sagaldyş – dynç alyş künjekleriniň birine öwürmek biziň düýp maksadymyzdyr” diýen maksatnamalaýyn sözleri ýurdymyzda bu işlere geljekde hem aýratyn üns beriljekdiginiň kepilidir.

.

Merjen Muhammedowa,  

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen  oba hojalyk
uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok