Ykdysadyýet sözüni ilkinji bolup, gadymy grek alymy Aristotel ylma girizýär. Ykdysadyýet adalgasy “oikonomia” diýen grek sözünden gelip çykýar. Bu adalga köp dürli mana eýe bolmak bilen, adamzat jemgyýeti ösdügiçe onuň many-mazmuny has-da baýlaşýar. Ilkibaşda öý hojalygyny alyp barmagyň sungatyny aňladýan “ekonomiýa” – “oikos” (öý, hojalyk) – “nomos” (taglymat, kanun) adalgalary gosşulýar. Tygşytlylyk bu gündelik hajatlaryň kemeldilmegini, serişdeleriň aýawly, rejeli, netijeli çykdajy edilmegini aňladýar.
Her ýurduň bazar ykdysadyýetiniň öz aýratynlygy bar. Bu aýratynlyklar ýurduň taryhy ösüşine, ykdysadyýetiniň ösen derejesine, döwletiň bazary kadalaşdyrmak boýunça geçirýän çärelerine, oňa täsir ediş usullaryna we jemgyýetiň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna baglydyr. Dünýäde bazar ykdysadyýetiniň birnäçe nusgaly bar.
Amerikan nusgasy – bazar güýçleriniň erkin hereket etmegine, telekeçilik işini höweslendirmäge, gowy işleýänleriň baýamagyna esaslanýar. Ilatyň az girdejili toparlaryna ýeňillikler we kömekler bermek arkaly elýeter ýaşaýyş-durmuş şertler döredilýär. Bazar ykdysadyýetiniň Amerikan nusgasy zähmet öndürijiliginiň has ösen we şahsy bähbitleriň köpçülekleýin öňe sürülýän ýagdaýynda amala aşyrylýar. Umuman aýdanymyzda, bu nusga zähmete ukyply her bir adamyň özüni, maşgalasyny we garrylygyny üpjün etmek üçin serişdeleri gazanmagyny göz önünde tutýär.
Ýapon nusgasy – illi aň-düşünjäniň has ösen derejesine, milletiň bähbitleriniň şahsy bähbitlerden ýokary tutulmagyna, işgärleriň ýokary zähmet höwesine we jögapkärçiligine esaslanýar. Bu agzalanlaryň hasabyna zähmet öndürijiligi ýokarlanýar, önümiň özüne düşýän gymmaty bolsa peselýär, onuň hili gowlanýar. Dünýä bazarlarynda ýapon harytlarynyň bäsleşik ukyby ýokarydyr. Bazar ykdysadyýetiniň ýapon nusgasy esasynda Singapur, Gonkong, Malaýziýa ýaly Aziýa ýurtlary hem öz ykdysadyýetini ösdürýärler.
German nusgasy – döwlet eýeçiliginiň paýynyň agdyklyk etmegi, döwletiň dolandyryş ulgamynyň kämilligi bilen häsiýetlidir. Bu ýerde hususy eýeçiligiň orny uly, bazar güýçleri gowy bolup, ýurduň içinde hereket edýän kanunlar şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini, önümiň hiline bolan talaplaryň berjaý edilmegini, bäsleşik göreşini we daşky gurşawy goramagy talap edýär.
Şwed nusgasy – bu nusga bazaryň durmuş meselelerini çözmäge gönükdirilmegi, döwletiň kadalaşdyryjy ornunyň ýokary bolmagy häsiýetlidir. Döwlet güýçli durmuş syýasatyny alyp baryp, ilatyň az girdejili gatlagynyň peýdasyna milli girdejini gaýtadan paýlaýar. Ýöne döwletiň çykdajylary JIÖ-iň 70% göterimine barabar bolup durýandyr.
.
Göwher ÖWÜLÝÄGULYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Teswirler