Çäganiň düzüminde näme bar?

Kenardaky çägeleriň we çölleriň reňkini haýsy minerallar kesgitleýär?

Çäge birnäçe dürli-dürli böleklerden ybaratdyr. Olaryň esasy komponentleri daşlardan emele gelen mineral bölejiklerdir. Olar dargama esasynda ownuk böleklere bölünýärler. Ýeliň, ýagşyň we ähli buzlaryň doňmagy we eremegi esasynda daşlaryň bölekleri çägäniň ownuk bölejiklerine öwrülýärler. Şonuň üçin çägäniň görnüşini özüňize golaýdaky daşlaryň aýratynlyklary bilen kesgitläp bilersiňiz. Ýöne, tropiki kenarlardaky çägäni suw we tolkunlar bilen kenara çykan deňiz jandarlarynyň skeletlerine we balykgulaklaryna meňzedip bilersiňiz!

1. Kwars. Çägäniň esasy komponentleri kremniniň ikili oksidinden emele gelipdir. Bu gaty, açyk çal reňkli mineraldyr, ýöne ol demir garyndy bilen sary reňke öwrülip biler.

2. Meýdan şpaty. Meýdan şpaty kwars bilen birleşen natriý, kalsiý ýa-da kaliýden emele gelendir. Bu hem edil kwars ýaly Ýer gabygynyň suwuk kristalyndan we metamorfik balykgulagyndan eroziýa emele getiripdir.

3. Slýuda (gat-gat dury mineral). Güneşli günlerde çäge ýylpyldap görner ýaly, silikat gatlagynyň gatlaryndaky minerallar ýylpyldyly effektleri döreder ýaly ýagtylygy ýygnap bilýärler.

4. Deňiz jandarlary. Mollýuskalar we merjenler ölenden soňra galýan balykgulaklar we skeletler kalsiý karbonatyndan gelip çykmak bilen, olar hemişe ak ýa-da gülgüne, gyzyl we mämişi reňklerde hem bolup bilerler.

5. Wulkanik jisimler. Çägäniň käbir aýratynlyklaryna görä bazalt wulkan jisimi (wulkanik dag jynsy) gara reňklidir. Şeýle-de olar mineral oliwiniň (zyňlyp çykýan jisimleriň düzümine girýän mineral) açyk ýaşyl reňkli çäge dänesini özünde jemleýär.

Ýazgül HOJABERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok