Howanyň maýyl wagtlarynda ýagny tomus aýlarynda ähli ýerlerde çybyndyr siňekler bolýar, özlerem örän köp mukdarda bolýar. Emma gyş gelen dessine olaryň hemmesi jadylanan ýaly ýitirim bolýar. Olar nirä ýitirim bolýar? Näme üçin ýitirim bolýar?
Mör-möjekleriň käbir görnüşleri gyşyň sowuk aýazyndan goranmak üçin agaçlaryň aralarynda, öýleriň aşaklary ýaly çyg, yzgarly ýerlerde gyş ukusyna gidýärler. Haçan-da howa gyzyp başlamagy bilen urkaçy çybynlar ukudan oýanýarlar we özüne gerekli mukdarda iýmitlenýärler we öz ýumurtgalaryny taşlaýarlar. Edil şuňa meňzeş ýagdaý siňeklerde-de bolýar. Olar howanyň sowap başlamagy bilen gyş ukusyna gidýärler, temperaturanyň ýokarlanmagy bilen bolsa ukudan oýanýarlar.
Käbir mör-möjekler bolsa, sowuga çydap bilmeýärler we ölýärler. Bu mör-möjekler tomusda ýumurtga taşlaýarlar, gyş gelende ýumurtgalar doňýar we ýumurtga taşlan mör-möjekler ölýärler. Ýaz we tomus aýlarynda doňan ýumurtgalaryň doňlary çözülýär we olardan mör-möjekleriň täze nesli çykyp başlaýar.
“Danais plexippus” atly kebelek we däne iýýän parazidiň bir görnüşi bolup sowuk aýlarda howanyň maýyl ýerlerine göçýärler. Haçanda howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy bilen bolsa olar ýenede öňki ýerlerine dolanyp gelýärler.
Döwletguly AKJAGURBANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler