Bahar paslynda oba hojalyk ekinlerini aýazdan goramagyň täsirli usullary

Oba hojalyk pudagynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, oba hojalygynyň öndürijiligini  ýokarlandyrmaga uly ýardam berýär. Ekerançylygyň medenýetini ýokarlandyrmak ekinleriň  hasyllygyny ýokarlandyrýar, ýöne hasyllylyk ýyldan-ýyla üýtgäp durýar. Munyň şeýle  bolmagyna howply meteorologik hadysalar hem uly täsir edýär. 

Oba hojalyk üçin howply meteorologik hadysalara aýaz, gurakçylyk, tozanly ýeller, güýçli  çabga degişlidir. Howply meteorologik hadysalaryň täsirini peseltmek üçin, olaryň nähili  ýagdaýda döreýändigini, gaýtalanýandygyny we ýurdumyzyň haýsy ýerinde güýçli  bolýandygyny bilmeli, oba hojalyk önümçiliginiň olara nähili derejede baglydygyny anyklap,  olaryň garşysyna göreş ýollaryny saýlap almaly. 

Aýazyň ekinlere iň köp zyýan ýetirýän wagty diýip ýazyň ahyry we güýzüň başy hasap  edilýär. Erik örän ýylylygy halaýan miweli agaçdyr. Bahar paslynda howanyň gyzmagy erik agajy ir gülläp başlaýar, netijede ýazyň ahyrynda döreýän ýaz aýazy hasylly gülleriň sowuk  urmagyna getirýär.  

Hasylyň gymmaty aýazyň garşysyna göreşiň peýdalylygynyň araçägini kesgitleýär. Aýazdan  goralýan hasylyň bahasy näçe ýokary bolsa, şonça-da goramak üçin çykarylýan çykdaýjy köp  bolmaly. Aýazyň garşysyna göreşde esasy ulanylýan usullara tüsse etmek, ösümlikleriň üstüni  ýapmak, ekinleri aýazda suwarmak degişli. 

Ekerançylyk ýerlerde aýazyň garşysyna göreşmek üçin suwarma usuly hem ulanylýar. Ekinler  suwarylanda topragyň ýylylyk geçirijiligi köpelýär we topragyň aşaky gatlaklaryndan topragyň  ýüzüne ýylylyk gelmesi güýçlenýär. Şeýlelikde, temperaturany 2oС-a golaý ýokarlandyrmaga  ýardam edýär.  

Ekinleri aýazdan goramagyň iň peýdaly usuly, emeli ýagyş ýagdyrma usuly hasap edilýär. Şu  usulyň kömegi bilen ekini aýazdan gorajak bolsaň, ekini aýazyň boljak wagtyndan öň  suwarmaly.

Döwletmyrat ANYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Oba hojalygynyň meliorasiýasy   kafedrasynyň mugallymy
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok