Ösüşimiziň ygtybarly guraly

Dünýäniň döwletleriniň sanly ykdysadyýete geçmeginiň esaslary geçen asyryň 90-njy ýyllarynda maglumatlary alyşmagyň ösen derejesi bilen şertlendirilip, internetiň biziň durmuşymyza işjeň ornaşmagy bilen ykdysadyýetiň ösüşine ýiti täsirini ýetirdi. Wagtyň geçmegi bilen maglumatlar tehnologiýasynda gazanylan ösüş sanly ykdysadyýetiň ähmiýetini artdyrdy. Aýratyn-da hyzmat edýän ulgamlarda, önümçilik däl gurşawdaky hyzmatlarda sanly ykdysadyýetiň täsiri has-da ýitileşdi. Netijede, elektron senagatynyň ösmegi täze iş orunlarynyň döremegine getirdi, ol halk hojalygynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Sanly ykdysadyýet adalgasy ilkinji gezek 1995-nji ýylda Günbataryň ýurtlarynda giňden ýaýrap başlady. Hususan-da, hyzmat ediş ulgamlardaky işleri öz içine almak bilen wagtyň we harajatyň onlarça esse azalmagyna mümkinçilik berdi. Soňky maglumatlara görä, ony ulanan ýurtlar dünýäde 3 trillion dollardan hem köp serişde tygşytladylar,ykdysadyýetleriniň durnukly ösüşini gazandylar.

Tygşytlylygyň bu görkezijisi, ykdysatçylaryň hasaplamalaryna görä, 2025-nji ýyla çenli ýene-de dört esse artar. Bu görkezijiniň, esasan, internet enjamlarynyň ulanylmagy netijesinde dörändigi bellenilýär.

Häzirki wagtda bank işleriniň uly bölegini, dürli söwda bölek-satuw işlerindäki tölegleri internet arkaly ýerine ýetirmek gazanyldy. Ol häzirki döwrüň ykdysadyýetdäki uly artykmaçlyklaryny hasaplanýar.

Bölek-satuw söwdada-da, nagt däl hasaplaşyklarda-da sanly ykdysadyýetiň ygtybarly ýokarydyr. Ol bu ulgamda dürli çykdajylaryň azalmagy, müşderiler, söwda dükanlary, şol sanda maliýe edaralary üçin ykdysady taýdan örän bähbitlidir.

Günbataryň köp ýurtlary tölegleri nagt däl hasaplaşyklarda amal edýärler. Şol sanda biziň ýurdumyz hem sanly ykdysadyýetiň bu mümkinçiliklerinden oňaýly peýdalanýar. Kompaniýalar müşderilerine satan harytlaryny ýa-da hödürleýän hyzmatlarynyň töleg-hasaplaryny elektron ulgamyň üsti bilen iberýärler we tölegleri elektron usulda kabul edýärler. Şoňa görä-de ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň çägi barha giňelýär. Diýarymyzda bankomatlaryň we töleg terminallarynyň giň topary hereket edýär. Ygtybarly hasaplaşyklary geçirmäge örän amatly mümkinçilikler döredilýär.

Sanly ykdysadyýete geçmek köp babatda jemgyýet üçin uly eşretdir. Ol adamyň mümkinçiliklerini ummasyz artdyrýar, onuň işiniň netijeliligini ýokarlandyrýar. Maddy nygmatlaryň we ruhy gymmatlyklaryň bolçulygyny döretmekde, önümçiligiň ynsanperwer ugurlaryny kemala getirmekde sanly ykdysadyýete uly orun degişlidir.

Sanly ykdysadyýet jemgyýetiň ýaşaýyş-durmuş gatnaşyklarynyň has çylşyrymly ugurlaryny ýönekeýleşdirip, häzirki döwürde adamlaryň işini we önümçiligiň ösüş aýratynlyklaryny ösen tehnologiýalar bilen ysnyşykly baglanyşdyrýar. Könelişen usullardan, şeýle hem enjamlardan kem-kemden daşlaşýarys. Muňa biz ykdysadyýetiň ösüşiniň täze hili diýip düşünýäris. Bu ösüş düýpli özgertmeler bilen aýrylmaz balanyşyklydyr. Ol, ozaly bilen, ykdysady ösüşiň durmuş ugrunyň güýçliliginden ybaratdyr. Sanly ykdysadyýete geçilmegi jemgyýetiň durmuşynda adam maýasynyň esasy hereketlendiriji güýje öwrülýändigi bilen şertlendirilýär. Öndüriji güýçleriň ösüşinde adamyň isleg-talaplary barha doly kanagatlandyrylýar. Zähmet şertleri täzeden özgerdilip, ýokary derejä eýe bolýar.

.

Julýana Rahimjanowa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň 
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok