“Apple”-iň gadymy taryhy

Ýer ýüzüne belli bolan “Apple” kompaniýasynyň döreýşi we ony esaslandyryjylar baradaky taryhy maglumatlar köpler üçin has-da ýakymly bolsa gerek. “Apple”-iň döreden telefonlarydyr kompýuterleri biziň häzirki ýaşaýyş-durmuşymyzda giňden peýdalanylýar. Häzirki wagtda hem adamlaryň ählisi Stiw Jobs we Wozniak “Apple”-i esaslandyryjy diýip belli edýärler.

Stiw Jobs bilen Wozniak örän gowy ýakyndan dost bolup gatnaşypdyrlar. S.Jobsyň orta mekdebi gutaranda özüniň gutardyş dabarasynda birnäçe çykyşlary we Watikana jaň etmek ýaly degişme oýunlary bilen öz kärdeş dost-ýarlaryny özüne çekipdir.

 Emma Wozniak bolsa, adaty telewizor hökmünde birikmek ukyby bolan kompýuter ýazuw enjamyna meňzeş klawiaturany ilkinji bolup öndürýär. Soňra Wozniak birnäçe ýyl zähmet çekip öndüren enjamyny has-da kämilleşdirdi, emma kompýuter dünýäsini öndüren önümleri bilen üýtgetjek bolmady.

Wozniak 2006-nji ýylda NPR-de (Milli jemgyýetçilik radiosy) bilen söhbetdeşlik geçirende, şeýle belläp geçýär: “Kompýuterde klawiatura hem-de, monitor bolmaly, kompýuter bolsa diňe ýazuw enjamyna meňzemeli” diýýär.

Soňra Stiw Jobs dosty Wozniakyň ýasan kompýuterine uly baha berip dosty Wozniakyň önümçiligini maliýeleşdirmek üçin ýardam berdi.

 “Apple” kompaniýasynyň ady näme sebäpden “Apple” diýip atlandyryldyka?! Ýagny, 1984-nji ýylyň dekabr aýynda Wozniak ,,Baýt” žurnalynyň habarçylary bilen geçiren söhbetdeşliginde Wozniak bu pikiri S.Jobsa teklip edendigi barada aýdylýar. Aslynda, “Apple” ady S.Jobsuň alma bagyndan gaýdyp geleninden soň döräpdir diýlip Stiw Jobsyň terjimehalynda bellenip geçilýär.

Ýene-de birnäçe “Apple”-iň adynyň döreýşi hakynda başga-da garaýyşlar bar. Bu bolsa, Nýutonyň alma agajynyň aşagynda duran wagty kellesine alma gaçýar we şondan soň “Apple” diýip atlandyrylandygy baradaky pikir, Nýutonyň agajyň aşagynda oturanynyň has çylşyrymly suratydygy bilen “Apple” -iň asyl nyşanynda tassyklanýar.

“Apple” kompýuterindäki ilkinji programma “VisiCalc”-a bolup, ol 1979-njy ýylda “Hasaplamalary we gaýtadan hasaplamalary ýerine ýetirip bilýän jadyly kagyz” hökmünde häsiýetlendirilýär.

Kerim ANNAGULYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok