Bilimli ozar, bilimsiz tozar

Bilşimiz ýaly ylym-bilim adamzat durmuşynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ylmy milli aýratynlyklary hemde dünýä ylmynyň ösüş aýratynlyklaryny göz öňünde tutýar. Türkmenistanyň Prezidenti ýaş nesliň çuňňur ylymly bilimli, dünýä derejeli ylmyň hem ylmy dünýägaraýşyň eýesi bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Ylym-bilim jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun tutýar, ýurduň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmagynda esasy şert bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ýakyn we orta geljek üçin ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, innowasiýalaryň döwletiň ähli pudaklarynyň ösüşiniň özeni bolmalydygyny nygtaýar. Onuň esasynda bolsa, ilkinji nobatda, ylym we bilim hem-de halkara gatnaşyklar bar.

Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ol elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini öz içine alýar.

Döwrüň talabyna laýyklykda, milli bilim ulgamynyň özgerdilmegine döwlet Baştutany tarapyndan kabul edilýän wajyp resminamalar gönükdirilýär. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy” bar. Bu döwrüň talabyna laýyklykda, ugurdaş edaralaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, çagalaryň irki döwürden beden, paýhas we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösdürilmegine gönükdirilendir. Bu gün döwletimiziň ösüşiniň depgini döwrebap innowasion tehnologiýalardan kämil derejede baş çykarýan hünärmenleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär, bu ugurda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmen ylmyny ösdürmek maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. Bu örän guwandyryjy ýagdaýdyr.

.

Merjen Rahmanova,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Himiýa fakultetiniň 1-nji -njy ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok