Örän pes temperatura nädip ýetilýär?

Örän pes temperaturany gazanmak üçin ulanylýan iki usul bar. Olaryň biri lazer arkaly sowadyş beýlekisi bolsa bug arkaly sowadyşdyr.

Ylymda, temperaturany ölçemek üçin Kelwiniň şkalasy ulanylýar. Kelwin şkalasy nol derejeden hem pes temperaturany kesgitleýär we bolup biljek iň pes temperatura laýyk gelýär. Gündelik durmuşymyzda ulanýan Selsiý masştabynda iň pes temperatura -273°C hasaplanylýar. Ýöne ol temperatura ýetmek fiziki taýdan mümkin däl. Şeýle-de bolsa, çylşyrymly gurallary we usullary ulanmak bilen laboratoriýa gurşawynda oňa juda ýakyn temperatura ýetip bolýar. Şu wagta çenli hasaba alnan iň pes temperatura 100 pikoKelvin diýlip hasaplanylýar. Bu 1 Kelwiniň takmynan 10 milliarddan biri bolup durýar.

Ýaňy hem belläp geçişimiz ýaly laboratoriýada aşa pes temperaturany gazanmak üçin iki usul bar. Ýagny, lazer arkaly sowadyş beýlekisi bolsa bug arkaly sowadyşdyr. Lazer arkaly diňe gyzdyryp bolýar diýip pikir edýän bolsaňyz. Bu nädogry. Lazer sowadyş ulgamlarynda atomlar ilki bilen lazer çyrasyndan bir fotony alýarlar we soňra özleri foton çykarýarlar. Bu ulgamlaryň esasy aýratynlygy, olaryň çykaryljak fotonyň energiýasy hemişe fotonyň siňdirilişinden birneme ýokary bolmagy üçin döredilendir. Şonuň üçin atomlar fotonlary gaýta-gaýta siňdirip we çykarýarka ulgamyň umumy energiýasy şol sanda temperatura hem peselýär. Netijede lazer arkaly iň pes temperaturany ölçemek mümkin bolýar.

Bugly sowadyş, magnit panelleriň içinde galan atomlaryň temperaturasyny hasam peseltmek üçin ulanylýar. Magnit panelleriň daşarky sebitlerindäki atomlar radio tolkunlarynyň we mikrotolkunlaryň kömegi bilen ulgamdan aýrylýar. Magnit güýçlere ters tarapa hereket etmegi we panelleriň daşarky sebitlerine ýetmegi başarýan bu atomlar iň ýokary energiýa eýe. Şonuň üçin ýokary energiýa atomlary ulgamdan aýrylansoň, galan atomlaryň ortaça energiýasy bolup durýar. Şeýlelik bilen ulgamyň temperaturasy peselýär.

Kakaly NURYÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok