Türkmenistan – Ýunesko: hyzmatdaşlygyň aýdyň miweleri

Häzirki zaman dünýä ýagdaýy ösýär we özgerýär, dünýäde täze wakalar, täze ýagdaýlar yzygiderli peýda bolýar. Soňky döwürde Türkmenistanyň halkara işine gatnaşmagynda hil taýdan has oňaýly özgerişlikler bolup geçdi. Netijede, Türkmenistanyň daşky dünýä bilen aragatnaşyklary mese-mälim işjeňleşdi. Türkmenistan geçen taryhy ýyllaryň dowamynda diňe bir sebit däl eýsem, dünýä döwletleri bilen  giň gerimli, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak arkaly nusgalyk derejedäki türkmen diplomatiýasynyň, hukuk medeniýetiniň we ynsanperwer düşünjeleriň binýatlaýyn esasyny has-da pugtalandyrdy. Şol sanda halkara derejesindäki Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri hem-de beýleki iri halkara guramalary bilen  dürli başlangyçlary ýola goýmakda anyk ädimler ädildi we olaryň ygtybarly hukuk binýady döredildi. Bu ugurda esasan hem, Türkmenistan döwletimiziň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň biri bolan ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolmagy munyň aýdyň subutnamasydyr. Asyrlar geçip, şu güne ýetip gelen türkmeniň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary sanardan köpdür, şeýle ýadygärlikleri diňe bir ýurdumyzyň çäginde dälde, eýsem, olary milli baýlykdan bütinadamzat mirasyna, milli görnüşden halkara görnüşe öwürmekde ÝUNESKO bilen ýurdumyzyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk iň ygtybarly hyzmatdaşlyk bolup durýar. Bu gurama bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ilkinji nobatda onuň medeni, taryhy, tebigy gymmatlyklary goramak boýunça dürli ugurly konwensiýalaryna we resminamalaryna goşulmak hem-de tassyklamak arkaly alnyp barylýar. Netije-de, bu halkara gurama bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň hukuk binýadyny döredýän konwensiýalar ilkinji nobatda ÝUNESKO-nyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň sanawyna Türkmenistan tarapyndan hödürlenýän taryhy hem-de medeni ýadygärliklerimiziň goraglylygyny artdyrýar, olaryň bütindünýä jemgyýetçiligi tarapyndan öwrenilip, olar baradaky ylmy, publisistik işleriň göwrüminiň has hem giňemegine itergi berýär.

Köp wagt geçmezden emele gelen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň barşynda, Türkmenistandan 1999-njy ýylda ilkinji gezek bütindünýä ähmiýetli ýadygärlik hökmünde “Gadymy Merw”, 2005-nji ýylda “Köneürgenç”, 2007-nji ýylda “Nusaýyň Parfiýa galalary” ýaly taryhy medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem 2011-nji ýylda ýurdumyz ÝUNESKO-nyň “Maddy däl medeni mirasy goramak” baradaky ýene-de bir möhüm konwensiýasyna goşuldy we türkmen halkynyň “Görogly” şadessany, “Küştdepdi” aýdym we tans dessury hem-de türkmen milli halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi.

Türkmenistanyň hoşniýetli we dost-doganlyk gatnaşyklara gönükdirilen medeni diplomatiýasynyň nobatdaky ýeňşi, halkymyzyň durmuşynda ajaýyp waka öwrülen “Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň milli mirasymyzyň we medeni gymmatlyklarymyzyň halkara derejede ykrar edilmeginiň nobatdaky aýdyň mysalydyr.

Elbetde, bu görkezijiler gysga wagtyň içindäki uly ýeňiş bolup, şol bir wagtyň özünde biziň döwletimiziň öňünde alnyp barylýan köpugurly gatnaşyklary ösdürmekde has işjeň we täze ugurlary açmak we netijeli işleri ýola goýmagy talap edýär.

.

Hatyja Döwletnazarowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Teswirler

Araz

Berekella