Nakgaşçylyk sungaty – bu keramat diýmekdir. Sebäbi nakgaşçylyk sungatynda eserler janly şekillendirilýär. Belli suratkeş Martiros Sarýanyň sözi bilen aýtsak, “живописать” diýmek janly, ömür baky, gözel zatlary wasp etmekdir. Diýmek, şeýle keramaty ýaýratmak üçin şekillendiriş sungatynyň içinde nakgaşçylyk has köp mümkünçilige eýedir. Ol dünýäniň ähli reňk öwüşgin baýlygyny, ýagtylygyny, tebigatyň gözelligini we her bir ahwallaryny janlandyryp bilýändir.
Gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynyň hem-de gündogaryň şahyrlary, sazandalary hem-de suratkeşleri zenan maşgalanyň keşbini gaýtalanmajak gözelligini asmanyň nury bolan Günüň we Aýyň keşbine, göreniňde göwnüňi göterýän owadan gülleriň tebigy gözelligine deňäpdirler. Zenan gözelliginiň çuňlugyny, çäksiz öwüşginli dünýäsini sungat eserleriniň üsti bilen wasp edipdirler. Şol eserleriň üsti bilen zenana mertebesine çuňňur hormat goýmagyň şöhratly däplerini bize miras goýdular. Mähriban enelerimiz barada ýazylmadyk goşgy, döredilmedik aýdym-saz, olaryň nurana keşbini döretmedik suratkeş, megerem, az-az bolsa gerek. Mährem enelerimiziň we gelin-gyzlarymyzyň keşplerini döretmekde nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk sungatynda özboluşly mazmunly çözgüde eye bolup, sungatyň taryhynda uly yz goýan suratkeşleriň hatarynda Olga Mizgirýowa, Ýewgeniýa Adamowa, Ýuliýa Daneşwar, Yzzat Gylyjow, Çary Amangeldiýew, Babasary Annamyradow, Saragt Babaýew, Polat Garryýew, Aşyrmuhammet Kulyýew, Baýramdurdy Nuryýew ýaly ençeme ussatlary bellemek bolar.
XX asyryň türkmen şekillendiriş sungatynda ähmiýetli orny eýeleýän Türkmenistanyň Halk suratkeşi Yzzat Gylyjowdyr. Yzzat Gylyjowyň döredijiliginde portret eserleri 70-80-nji ýyllarda öz mynasyp ornuny tapýar. Ol döwürdeşlerini şekillendirmek bilen öz çeperçilik özboluşlylygyny ýüze çykardy. Suratkeşiň esasy maksady adamlaryň duýgusyny görkezmek, ol bolsa bir eseriň çäginde şahsyýetiň ömrüni beýan edýär.Suratkeşiň döredijiliginde zenan maşgala degişli temalarda döredilen “Men we Ejem”(1963), “Baýrama taýýarlyk”(1994), “Akyş Muhanowanyň portreti”(1961) ýaly ajaýyp eserlerdir. “Men we Ejem” atly eseri meniň ünsümi özüne çekdi. Eserde suratkeş ejäniň ýüz keşbini durmuş söýer we şadyýan, mähirli gözkezip, gyzjagazyň ýüz keşbini onuň tersine aladaly, pikirli görkezmegä çalşypdyr. Yzzat Gylyjow eserde tomaça şahsyýet baradaky adamçylyk sypatlaryny, durmuşa bolan çynlakaý, garaýşyny, kalbyndaky işjeňligini görkezmek üçin inçe çeperçilik usulynda çekipdir. Nakgaşçy eserde zenan maşgalanyň başyndaky gyňajyny, egnindäki gyzyl ketenisini hem-de aýagyndaky keşdeli geýmini onuň millilige ýykgyn etýändigini şöhlelendiripdir. Keşdeläp otyran keşdesi, oturan owadan keçesi, arka plandaky nepis el halysy hem muny subut etýär. Halypa suratkeş çaganyň egnine ýeňilleşdirilen gyz köýnejigini, elindäki reňkli suratdan doly kitaby gyzjagazyň kitaby gowy görýändigini, akylly okuwa höweslidigini duýulmagyny isläpdir. Gyzjagaz oýnawaçjyklary, oýnaman okuw bilen meşgullanýandygyny görkezmek maksady bilen tomaşaça düşnükli dilde açyp görkezýär. Eserde ussat esasy ýiti sary, sarymtyl, gyzyl we gök, ýaşyl reňk öwüşgünleriniň deňagramlygyny saklap, haşam çeperçilik garaýyşynda suratlandyrýar. Umuman halypa suratkeşiň bu eseri türkmen halkynyň milli mirasynyň esasynda çözülýär we ojagyň bezegi enedigini, zenandygyny açyp görkezýär.
Türkmenistanyň halk suratkeşi Çary Amangeldiýew taryhy žanr taslamalary bilen sungat äleminde öçmejek yz galdyrandyr. Ol ýetimlikde kemala gelip, ömrüniň ahyryna çenli öz döredijiliginde halka ýaramly eserleri döredendir. Halypa suratkeşimiziň döreden eserlerine umumy göz gezdireniňde esasy temalar taryhy we türkmen zenanlaryň keşpleri döredijiliginiň agramly bölegini eýeleýär. Onuň döreden eserleri örän janly, reňkleriň kömegi bilen diýseň aýdyň, ýerine ýetirilişi we many taýdan bolsa zehin, irniksiz zähmet, sabyr hem-de ussatlykdan doldurylypdyr. Bularyň hemmesini birlikde alyp gitmek üçin esasy özüne, durmuşa we döretjek eserine ynam bolmaly, şeýle bir ynam bolmaly, tomaşaçylary hem şol ynam gözi bilen eseri duýmagy başarmaly. Ine şeýle bir uly ynam bilen hujuwly döredilen gahrymançylykly, taryhy temalarda “Baýram han Türkmen”(1993), “Ärsak şany”, “Keýmir kör”, “Jelaleddin Meňburuny”(1999) we “Tumar şa”(2013) ýaly portret eserleriň 30-dan gowragyny döretýär. Çary Amangeldiýew taryhy eserleri döretmäge ýardam eden onuň bilen maslahatlaşyp döredijiliginde uly goldaw beren dosty Öwez Gündogdyýewdir. Elbetde, bir şahsyýetiň portret eseriniň şowly çykmagy üçin şol şahsyýetiniň geçmişi, häsiýeti we içki dünýäsi bilen tanyşmaly bolýar. Nakgaşçy Çary Amangeldiýew taryhy we gahrymançylykly temadaky keşpleri döretmek üçin taryhy kitaplara, şol şahsyýetiň taryhy keşpiniň gözleglerini köp öwrenipdir. Öwez Gündogdyýewiň “Aziýanyň gerçekleri” atly kitaby suratkeşe esasy kömekçi kitaplaryň biri bolupdyr. Şeýlelik-de, b.e.öňki VI asyrda Massagetleriň hökümdary “Tumar şanyň” keşbi suratkeşiň ünsüni özüne çekipdir. Ol halkyň azatlygy, parahat durmuşy üçin öz janyny orta goýan edermen, görelde serketde zenandyr. Ol Beýik Kiriň goşunyny söweşde derbi-dagyn edip öz adyny taryhda ýazmagy başaran zenanlaryň biri. Şol ugurdan ylham alan suratkeş “Tumar şa” portret eserini döretmäge başlaýar. Tumar şanyň keşbini döretmek halypa ilki wada aňsat bolmandyr, ilki galam birnäçe gözlegleriň netijesinde kendiriň ýüzünde öz ornuny we manysyny tapýar. Ýagny, suratkeş eserde köp reňkleri ulanmagyň deregine sary we sarymtyl reňkleri uly mazoklarda ulanyp esasy manysyna şöhlenipdir. Esere serediňde ilkinji zenanyň keşbi janlanýar we yzky meýilnamada söweş sahnasy bolsa onuň serkerde zenandygyny, halk üçin türkmen topragy üçin gazanan ýeňşini şekillendirilipdir. Eserde şa zenan dik duran keşbi görkezilýär. Ol kümüş apbasylar bilen bezelen beýik başgaply we baý harby lybasly şekillendirilen. Şa zenan öňünde duran goşa galkanlara elini diräp, sapy ak daşlar bilen bezelen hanjaryny örän dogumly we berk saklap otyr. Onuň ýiti nazarynda batyrgaýlyk we gaýduwsyzlyk duýgularyny duýmak bolýar. Yzky söweş sahnasynda uçup ýören perişdeler ýurduň gazanylan asudalygyny, parahatlandyrýan nyşandyr. Bu eser döwrebap ýaş suratkeşler üçin nusgalyk taslama bolup galdy.
Türkmenistanyň heýkeltaraşlyk sungatyna uly goşandyny goşan suratkeşler barada söhbet açylanda, ilkinjileriň hataryna Saragt Babaýewiň ady ýadyňa düşýär.Onuň eserleri Türkmenistanyň baýlygy, şöhraty hem buýsanjydyr. Saragt Babaýew ýagty keşpleri dörediji, monumental hem-de stanok heýkeltaraşydyr. Ol dürli žanrlarda işläp öz tejribesini kämilleşdiren. Oňa tematik eserler, relýefler, allegorik ýadygärlikler, seýilgähler üçin haşam taslamalar degişlidir. Halypaň döredijiliginiň stanok heýkeltaraşlygyna ýiti we köptaraply gözlegler esasy agramly bölekleriň biridir. Beýleki ençeme türkmen suratkeşleri ýaly heýkeltaraş irki işlerini portret žanryna bagyşlaýar. “Ene”(1978), “Türkmen gyzy”(1979), “Enäniň portreti”(1982) we birnäçe beýleki heýkellerinde milli häsiýetleri ýüze çykarmagy ussatlyk bilen başarypdyr. Heýkeltaraşyň “Enäniň portreti” atly eseri gipsden ýasalyp, ol Nurbibi ejäniň keşbidir. Ýagny, Saragt Babaýewiň mähriban käbesi. Halypa Nurbibi ejäniň keşbini ýönekey we ruhy taýdan gujurly, gaýratly parasatly zenan maşgala edip görkezipdir. Ene gujagy ýaly ýylylyk, näzik elleri ýaly ýumşaklyk, ejizligi ýäly mähribanlyk dünýede barmyka?Söhbetdeşlikde halypanyň ýatlamagyna görä: “Meniň ejemiň daş keşbi gaty bir görmegeýligi bilen tapawutlanmazdy, emma ol diýseň göwni açykdy, alçakdy, degişgendi, onuň ýanynda ähli zatlar janlanyp, güneş ýylaýan ýalydy. Şonuň üçin, biziň obamyzda onuň çyn ady tutulman, oňa “Güller” diýlerdi”. Bu häsiýetler hem heýkeltaraşyň bu eserinde dolulygyna açylyp görkezilipdir.
Hormatly Prezidentimiz bizi ajaýyp kitaplary bilen yzygiderli begendirip, “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly kitabynda ene süýdi, ene mähri, ene hüwdüsi, ene çöregi, ene dili ýaly birnäçe mukaddeslikler hem giňişleýin beýan edilýär. Mähriban enelerimiz we olaryň dowamaty bolan ýaş nesillerimizi üçin uly sowgadyr. Kitapda Gahryman Arkadamyz eneleriň mähir siňen hüwdini dünýäde döredilen iň kämil eser diýip, diýseň ýerlikli belläp geçýär we şeýle ýazýar: “Sebäbi onda ýürek arzurlary ýaşaýar. Ýüregiň goýup döredilen sungat eseri bolsa, nusgalyk esere öwrülýär. Häzir maňa ejem janyň: “Janyň sagmydyr?” diýen sözleri hem şol şirin hüwdi ýaly tükeniksiz mähribanlyk bolup eşidilýär. Ýaňy dünýä inen çaga sallançakda ýatyrka, oňa rahatlyk berýän şol mähirli ses ene hüwdüsidir. Her bir ynsan öz ene dilindäki ilkinji sözi hüwdüniň üsti bilen eşdýär”. Eneleriň perzentleriniň gulagyna çagalykdan guýup ýören öwütleri, öwredip ýören el işleri, görüm-göreldesi uly mekdepdir.
Ene – bu söz her bir ynsanyň ilkinji aýdýan sözidir. Onuň nähili jadyly, maýyl ediji güýjüniň bardygyny göz ýetirýäris. Enäniň häsiýetini açmakda, megerem halk eserleriň iň täsirlisi, naýbaşysy, gymmatlysy hüwdülerdir. Enäniň perzendine garaýşyndaky hamraklygy, söýgüsi, isleg-arzuwlary hüwdülerde ýüze çykýar. Hüwdüde aýratyn bir ýakymlylyk bar. Şol ýakymlylygy duýýan çaganyň özi-de ýakymly, mähriban bolup ýetişýär.
Ynsan kalbyna çuňňur täsir edýän ajaýyp sungat eserleri uçursyz zähmetiň netijesinde döreýär. Her bir eser, döredijilik gözlegleriň datly miwesidir. Ussat suratkeş Baýramdurdy Nuryýewiň döreden eserlerini synlanyňda hem olarda gözüň dolup, çuň manyly duýgulary başdan geçirýärsiň. Suratkeşiň çeperçilik sergilere yzygider gatnaşmagy nakgaşyň hemişe irginsiz gözlegde bolandygyny subut edýär. Halypa nakgaşçylygyň belli bir žanryny çäklenmän beýleki peýzaž, natýurtmort, taryhy we durmuşy eserleri, portret ýaly žanrlarynda hem öz sözüni tassyklap bilipdir. Baýramdurdy Nuryýew sungatyň inçe tilsimlerini ussatlyk bilen ulanyp, türkmeniň gadymdan gelýän simwoliki däplerine şöhlelenýär. Suratkeş nyşanlary takyk, hakyky keşpleriň esasynda döredýär. Suratkeşiň her bir esere az azap siňdirmändiginiň şaýady bolýarsyň. Nakgaşyň eserlerindäki gahrymanlaryň keşbinde özüne çekiji hereketlilik güýç jemlenip, edermenligiň wepalylygyň, söýginiň nyşanlaryna öwrülýär. Soňky ýyllaryň dowamynda suratkeşiň döredijiliginde hyýaly äheňde beýan edilen hem-de orta asyr miniatýurasynyň düzgünleri boýunça çekilen işler döredildi. Ykbalyň öwrümleri, maşgala ojagynyň mukaddesligi, ene söýgüsi, zenan mertebesi, ar-namys ine şunuň ýaly ruhy ahlak meseleler suratkeşiň döredijilik maksatnamasyna öwrüldi. Halypa nakgaşçy Baýramdurdy Nuryýewiň “Hüwdi” (2010-2012), “Mukaddeslik”, “Ejemiň portreti” (2004), “Ýalkananyň ýaradylşy” (1996-1997) atly eserleri şol esaslarda döredilendir. “Hüwdi” eseri uly göwrümli bolup, eserde zenan maşgalanyň sallançak üwräp eziz balasyna özüniň mylaýym owazy bilen hüwdiläp ýatyryp duran pursady janlandyrylan. Suratkeş eseri türkmeniň millilikleri bolan mukaddes ojagy tamdyr, wepaly we şöhratly aty, Soltan Sanjaryň ýadygärligi we ýarty aý şekillendiripdir. Ýagny merkezdäki mukaddes tamdyryň, ojagyň şekili bilen suratkeş mährem enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy öýüň bezegi, ojagyň mukaddesligi, maşgala agzybirliginiň söýgüsi hökmünde görkezipdir. Eseriň iki gapdalyndaky zenan maşgalanyň esasy el hünäriniň biri bolan keşde nagyşlary näzikligini, işeňňirligini, sabyrlydygyny gül, gunça, çigildem, çynaryň ýapragy ýaly nagyşlaryň üsti düşündirýär. Çapyp barýan atlar hem türkmeniň iň buýsançly, şöhratly baýlyklarynyň biridir. Atlaryň ak, gara reňkde bolmagy bolsa gije-gündizi manysynda şekilendiripdir.
Enäniň kalbynda joşup-joşup gaýdýan gymmatly nesihatlary, isleg-arzuwlary öz içine alýan, olaryň ýürek mähri bilen eýlenen, ýürek ýagy siňen süýji-süýji alkyş-dilegler, bimöçber süýji duýgulara, söýgä ýugrulan hüwdülerdäki rehimdarlygy, hamraklygy söz bilen düşündirmek üçin söz baýlygy, güýçli zehin gerek. Hawa, ýönekeýje galam bilen çekilen her bir taslama, reňkleriň sazlaşygy bilen içgin söňa baka ajap bir esere öwrülýär. Onuň adaty gözünden başga kalbynyňam gözi bardyr, ol döredýän eserlerine-de kalbyň gözi bilen garaýar. Bu häsiýetler suratkeşiň çeperçilik garaýyşynda döwrebaplaşdyrylyp çözülýär.
Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşlerinde türkmen suratkeşleri öz döredijiklerinde zenan keşbine aýratyn üns berip, ýokary çeperçilik ussatlyk bilen wasp edýärler. Zenan keşbiniň mukaddesligi ähli döwürde öz gymmatyny saklaýar.
.
Çaryýewa Jennet.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň
Döwlet muzeýiniň “Bitaraplyk muzeýi”
şahamçasynyň ylmy işgäri.
Teswirler