“Enä tagzym – mukaddeslige tazgym” atly döredijilik bäsleşik sergisi geçirildi

Taryhda köpsanly zenan şahsyýetler ýurdumyzda ylmyň, sungatyň ösmegine goşant goşup, müdimilik yz galdyrdylar. Şolaryň arasynda şekillendiriş sungatynyň ösüşinde hem zenan suratkeşleriň eýeleýän ornuny aýdyp geçmek wajypdyr. Çünki olar beýleki döredijilik işgärleri bilen bir hatarda türkmen halkynyň medeniýetine we onuň estetiki tejribesine göz ýetirmek bilen, bu suratkeşler ýurduň durmuşynyň çuňluklaryna aralaşmaga çalyşdylar. Döredijilik ýolunyň dowamynda olar köp kynçylyklary başdan geçiripdirler. Olaryň alyp baran ýadawsyz, irginsiz zähmeti täze medeniýetiň esasy düýbüni tutyjy boldy.

Häzirki döwrümizde biziň ýurdumyzda halk söýgüsini gazanyp, ýurdumyzyň milli medeniýetiniň, sungatynyň ösmegine uly goşant goşýan zenanlar ençemedir. Olaryň içinde zenan suratkeşleri öz döredijiliklerinde zenan dünýäsini ussatlyk bilen açyp görkezýärler. Şekillendiriş sungatynyň taryhynda ussat zenan suratkeşlerimiz  ähmiýetli eserlerini bize miras goýup gitdiler.

Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň ýurdumyzda beýleki suratkeşler bilen bilelikde birnäçe zenan suratkeşleriň sany artyp başlaýar. Olaryň döredijiliginde ählisinde diýen ýaly zenan mertebesi, olaryň hormaty, döredýän gymmatlyklary, haşam sungatymyz ussatlyk bilen her suratkeşiň garaýşy bilen suratlandyrylýar. Ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň açylyp ulanylmaga berilmegi we beýleki döwletlere gidip okuwlaryny kämilleşdirmäge giň mümkinçilikler döredildi. Bu hem täze nesliň kemala gelmegine getirýär. Dünýä sungaty bilen tanyş bolan her bir suratkeş işlerini öz ýoluny tapmak bilen dowam etdirip şekillendirýär.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň 8-nji martynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly ýurdumyzyň zenan suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň bäsleşik sergisi gurnaldy. Sergide ýurdumyzyň ähli künjeklerinden zenan suratkeşler we çeperçilik ugrundan bilim alýan talyp gyzlar özleriniň döredijilik eserleri bilen  gatnaşdylar. Hödürlenen taslamalar türkmen tebigatyna, gündeki durmuşymyza, baýramçylyklara, ertekilere, milli mirasymyza, bahar güllerine bagyşlanypdyr. Bu sergä Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Olar Gunça Goçmyradowa, Gullaýewa Mährijemal, Gültäç Annaýewa, Jennet Mollaýewa, Saryýewa Gülälek we talyplar Mahym Atakowa, Ogulsuraý Rozygulyýewa, Maral Begatowa, Leýli Karowa, Aýna Atamyradowa, Çynar Daşgynowa, Merjen Artykowa, Aýnabat Jumamyradowa, Şirin Myradowa, Aýjemal Ataýewa döredijilik eserleri halk görkezildi. Taslamalar  örän çuň manyly bolup döwrebap temalaryň üsti bilen ýokary çeperçilik garaýyşynda beýan edilipdir. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň halypa zenan mugallymlary we talyplary hem sergide ajaýyp işleri görkezdiler. Gunça Muradowa, Enejan Garaýewa, Merjen Amangylyjowa  ýaly birnäçe zenan suratkeşleriň bahar paslyna we zenanlaryň owadan keşbine bagyşlanan taslamalary sergilendi. Bulardan başga-da dürli welaýatlardan gelen erkin suratkeşler şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşleri boýunça ýerine ýetirilen işleri bilen halk köpçüliginde uly täsir galdyrdylar.

 

Halkara zenanlar güni mynasybetli zenan suratkeşleriniň bäsleşik sergisinde tapawutly eserler seljerilip, suratkeşlere baýraklar we hormat hatlar gowşuryldy. 

Zenan dünýäsinden syzylyp çykan çuň manyly inçe sungat eserleri ähli döwürde hem öz gymmatyny saklap, Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda tapawutly orunlary eýelediler. 

.

Jemal Toryýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy, mugallym

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok