Sungatda halkara gatnaşyklary rowaçlanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen halky güýçli ösüşi başdan geçirýär. Ähli pudaklarda boluşy ýaly, bu özgerişikler milli medeniýetimize we sungatymyza hem degişlidir.  

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy ýurdumyzda saz bilimi boýunça bilim berýän ýeke-täk ýokary okuw mekdebidir.

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy Russiýa Federasiýasynyň L.W.Sobinowyň adyndaky Saratow döwlet konserwatoriýasy bilen bilelikde onlaýn konferensiýasyny geçirdi.       

Konferensiýada Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazyň taryhy we nazaryýeti kafedralarynyň uly mugallymlary, sungaty öwreniş ylymlaryň kandidatlary Zulfiýa Orazowna Jumagulyýewa we Agajan Akmyradowiç Açylow çykyş etdiler.

L.W.Sobinow adyndaky Saratow döwlet konserwatoriýasynyň prorektory sazyň tayhy kafedrasynyň professory Irina Wiktorowna Polozowa, halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy Natalýa Sergeýewna Grigorýewa, wokal we etnomuzykologiýa kafedrasynyň müdüri Alewtina Anatolýewna Mihaýlowa çykyş etdiler.  

Çykyşlaryň dowamynda saz bilimi, konserwatoriýalaryň taryhy döreýşi, okuw jaýlaryň gurluşy temalary boýunça tanyşdyryş prezentasiýalary görkezildi. Ylmy işleriň we talyplaryň arasynda geçirilýän bäsleşikleri barada maslahatlaşyldy, şeýle-de açyk sapaklaryň, ussatlyk sapaklaryň, bilelikdäki geçiriljek konsertleriň we ş.m. çäreleriň meýilnamalaryna seredildi.  

Şeýle-de, maslahatyň dowamynda saz sungatyna degişli taryhy gatnaşyklary ara alynyp maslahatlaşyldy, bu babatda Petr Iliç Çaýkowský adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň ähmiýeti nygtaldy. Mälim boluşy ýaly, konserwatoriýada 1935-nji ýylda  türkmen bölümi açylýar we şol ýere zehinli türkmen oglanlary we gyzlary okuwa ugradylýar. Şol uçurymlaryň arasynda ilkinji türkmen kompozitorlary, häzirki zaman türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň baştutanlary, Türkmenistanyň halk artistleri Weli Muhadowy, Daňatar Öwezowy, Aşyr Kulyýewi, şeýle-de ussat ýerine ýetirijileri, Türkmenistanyň halk artistleri opera aýdymçy Maýa Kulyýewany, dirižýor Hydyr Allanurowy belläp bolar.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ylmy işleriniň çäklerinde folklor ekspedisiýalary amala aşyrylýar, folklor aýdymlary, agzeki däp-dessur eserleri, halk sazlary öwrenilýär. Bu ekspedisiýalarda toplanan materiallary we ýazgylary talyplaryň we aspirantlaryň ylmy işlerine itergi berýär, şeýle-de folklor toparlaryň konsert repertuarynyň esasyny düzýär.

Konserwatoriýanyň döredijilik toparlary, mugallymlary we talyplary Milli Liderimiziň howandarlygynda täzeden dikeldilen “Şasenem we Garyp”, “Leýli we Mejnun”, “Zöhre we Tahyr”, “Magtymguly”, “Saýathan” ýaly opera eserleriň sahnalaşdyrylmagyna işjeň gatnaşýarlar.

Gadymy saz senetlerimizi dikeltmek maksady bilen 2002-nji ýylyň fewral aýynda konserwatoriýada saz gurallaryň muzeýi açyldy. 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa adyndaky muzeý açyldy. Muzeý ýokary okuw mekdebiň, şeýle-de Türkmenistanyň saz medeniýetiniň durmuşynda uly waka öwrüldi. Muzeýda ýygnalan gadymy saz gurallary we olaryň kämilleşdirilen nusgalary, şeýle-de Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewanyň döredijiligi bilen bagly maglumatlary ýaş talyplara bilim terbiýe bermekde juda uly ähmiýete eýedir. 

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň geçirýän şeýle onlaýyn konferensiýalary indi däp bolup, olar yzygiderli geçirilýär. Oňa mysal edip dürli döwletleriň saz sungatyna degişli ýokary okuw mekdeplerini belläp bolar, şeýle maslahatlar Ermenistan Respublikasynyň Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň arasynda, Üzeýir Hajybeýli adyndaky Bakynyň saz akademiýasynyň arasynda, Kiýewiň Medeniýet we sungat uniwersitetiniň arasynda, N.G.Žiganow adyndaky Kazan döwlet konserwatoriýasynyň arasynda geçirildi.

.

Jemal AGAJANOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Kirişli saz gurallary” hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok