Biz nähili pikirlendip bilýäris

Biz nähili pikirlenýäris? Bu soraga alymlar, lukmanlar we filosoflar irki wagtlardan bäri jogap gözläp gelipdirler. Ýagny, alymlar bu barada, stimula ,,Almany göreniňde, ony tanap bilmek’’ diýip, jogap hökmünde sinaps gurluşy, şekilleri tanama we akyl hereketi barada aýdýarlar. Mundan başga-da, filosoflar, alymlar neýron torlary biziň birnäçe hökmany etmeli müňlerçe pikirlerimizi we duýgularymyzy düşündirip bilmeýändigini belläp geçýärler.

Geliň beýnimiziň haýsy bölegi nähili pikirlere we kararlara jogap berýändigine seredip geçeliň:

  • Beýniniň wernikin meýdan bölegi, bu biziň eşidýän dilimiziň terjime edilýän ýeri bolup, biz brokanyň meýdanynyň üsti bilen muňa jogap berýäris. Brokanyň meýdany bolsa, çylşyrymly sözleriň we gepleşik görnüşleriniň emele gelýän ýeridir.
  • Beýnimiziň maňlaý bölegi häsiýetimiziň, pikirlerimiziň we duýgularymyzyň emele gelýän ýeridir. Eger-de beýniniň maňlaý bölegine zeper ýeten ýagdaýynda, onda biziň häsiýetimiz hem üýtgeýär.
  • Beýniniň ýeňse bölegi gözümize düşýän ýagtylyk signallaryny şekillere we görnüşlere öwürmek üçin hyzmat edýär.
  • Beýniniň esasy eşidiş toplumy gulagyň ýanynda ýerleşýän, ses tolkunlaryny manyly maglumatlara öwürýän bölekdir.
  • Beýniniň çekge bölegi ses maglumatlary bilen näme etmelidigini we muny wizual maglumatlar bilen birleşdirmegini buýruk berýär.

Aýjahan ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok