Ysmanakdan elektrik togy aldyndy

Ysmanagyň öýjüklerinden elektrik toguny çykarmak üçin, olar bilen ergine demir saklaýan madda goşuldy. Ysmanak adam saglygyna peýdasy we düzüminiň demre baýlygy bilen bellidir. Şeýle-de bolsa, bu gök ekiniň elektrik toguny öndürmäge ukyplydygy hemmä mälim däldir.

Ysraýyl döwletiniň Tehnion uniwersitetiniň alymlary bu “elektrik kärhanasynyň” öýjügini günüň elektrik energiýasyny öndürmek üçin ulananlaryndan soň mälim etdiler. Alymlar ysmanagyň ýapraklaryndan membrana alyp, biofotoelektrohimiýa (BFEH) öýjügini döretdiler. Suwdan we gün şöhlesinden peýdalanyp elektrik toguny, kislorod we wodorod öndüren bu ösümlik fotosintez prosesinde ýagtylyk elektronlaryň hereket etmegine we şeýlelik bilen saklanyp bilinjek himiki energiýasyny öndürýär.

Ysmanagyň öýjüklerinden elektrik toguny almak üçin, ösümlikden alnan ergine demir saklaýan madda goşuldy. Elektronlar biologiki membranalardan elektrik toruna geçirilmegine jogapkärdi. Mehanizmiň artykmaçlygy elektrik togunyň artykmaç ýagtylygy ýygnaýan fotowoltik öýjügi ulanyp, wodorod gazyndan gönükdirilmegi bolup durýar. Ysmanakdan alnan energiýa ýakylýan nebitden, gazdan we beýleki tebigy baýlyklardan energiýa alnyşy ýaly ýanmak arkaly alnyp bilner.

Ýunus GELDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
mugallymy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok