Hozuň şypaberijilik häsiýeti

Grek hozunyň watany onuň adyndan çen tutup Gresiýadyr öýdýärler.  Hakykat-da welin, onuň watany Merkezi we Kiçi Aziýa bolup, oňa “grek hozy” diýen adyň dakylmagyna Russiýa Gresiýadan getirilmegi sebäp bolupdyr. Eger hozuň Merkezi we Kiçi Aziýada ýabany görnüşde has ir peýda bolandygyny, dünýäniň başga ýerlerinde, şol sanda Gresiýada-da onuň ilkinji gezek emeli ekilip ýetişdirilendigini göz öňünde tutsaň,  bu daragty “Aziýa hozy” diýip atlandyraýmaly. Ýabany görnüşde Türkmenistanda, Özbegistanda, Täjigistanda, Owganystanda, Yrakda, Kawkazda we Demirgazyk Hytaýda duş gelýär.

Gadymy hem uzak ýaşaýan, ýokary derejeli dermanlyk we azyklyk häsiýetli hoz amatly şertlerde 500-600 ýyla çenli ýaşaýar. Diýarymyzda Günorta-günbatar Köpetdagda: Aýyrdepede, Porderede, Hozlyda, Merkezi Köpetdagda, Köýtendagda duşýar.

Dermanlyk maksatlary üçin hozuň maňzy, ýapragy, bişmedik miweleri we miweýany çig mal bolup hyzmat edýär. Hozuň ýapragynda C witamini saklanýar. Miweýanynyň gök gabygy askorbin turşusyna, karotine  baýdyr. Olar tebigy witamin konsentratlaryny almak üçin oňaýly çig maldyr. Hozuň maňzyndan alnan ýagy ýokary hilli önüm bolup berhiz hökmünde ulanylýar. Onuň düzüminde: doýmadyk ýag kislotalary, A, B, C, E witaminler, Zn, Cu, I, Mg, Ca, Fe, F, Co ýaly makro-mikro elementler, ýeňil özleşdirilýän beloklar, uglewodlar, glýukoza, saharoza bar.

Abu Aly ibn Sinanyň aýtmagyna görä, hozuň injir we porsykert goşulyp taýýarlanan garyndysy ähli zäherlere garşy derman bolýar. Ol özüniň ”Şypanama” diýen işinde hozuň maňzynyň porsykert bilen garyndysyny ýylan çakanda ulanmagy maslahat berýär. Hozuň ýapragy we miweýany diş etini berkidýär we ganamasyny duruzýar.

Muhammet Hüseýiniň “Melhemler hazynasy” atly nusgawy eserinde: ”Hoz bedeni ýaşardýar, aşgazanda iýmitiň siňdirilmegine ýardam edýär, beýnini, ýüregi we bagry berkidýär, duýgulary ýitileşdirýär, üzüm we injir bilen iýlende  kuwwatlandyrýar” diýlip, bellenilýär.

Hozuň miweýanyndan we ýapraklaryndan taýýarlanan şire gijilewükli demrewi ýok edýär. Miweýanynyň peti ötüşen deri keselleriň bejergisinde peýdalanylypdyr. Ter ýapragy ýaralara we çybana ýapylýar. Mäjumlanan ter ýapraklaryny mesgä garyp, kellagyryda we gözüň sowuklamasynda maňlaýa, gözlere, şeýle hem ýaralara, çybana ýapmak maslahat berilýär.

Türkmen halk lukmançylygynda bişmedik hoz we onuň dermanlyk şiresi gyzylödegiň geçmez keselinde haýyrlanylýar. Mundan başga-da, hozuň içindäki perdejikleri we mäjumlanan maňzyny süýt bilen garyp içgi taýýarlaýarlar. Hozuň gök miwelerinden taýýarlanan şerbet we melhem gany arassalamak, bedeni dikeltmek üçin, bagyr, galkan görnüşli mäziň kesellerinde, wena gan damarlarynyň warikoz giňelmesinde peýdalydyr.

Hozuň maňzy kulinariýada, halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda  ulanylýar. Agajynyň gabygy, ýapraklary deri eýlenende, mata, ýüň, haly, saç boýalanda, surat-bezeg işlerinde peýdalanylýar. Magtymguly Pyragynyň: 

“Hozuň daş gabygy, gülälek suwy,
Garyp saça çalsaň, gara reň bolar.”

– diýen goşgy setirleri türkmen halkynyň hozy öz durmuşynda irki wagtdan bäri peýdalanyp gelendigine güwä geçýär.

Aýnabat KERIMOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok