Dünýädäki iň uly uçýan süýrenjiniň galyndylary

Dünýädäki iň uly uçýan süýrenijiler galyndylary Şotlandiýanyň demirgazyk-günbataryndaky Skye adasyndaky gaýalarda tapyldy. Urura döwründen ullakan uçýan süýrenijileriň galyndylary 170 million ýyl ozal hasaplanýar. Şotlandiýanyň Edinburg uniwersitetiniň gözleg toparynyň başlygy, Prof. Dr. Stiw Brusatte galyndylary şol döwürdäki iň uly uçýan haýwan diýip hasaplaýandyklaryna ünsi çekdi. Pterozawrlar diýlip atlandyrylýan uçýan süýrenijileriň ganatlarynyň uzynlygy adatça 1,6 – 1.8 metrdir. Bu jandaryň 66 million ýyl ozal söweş uçary ululygyndaky asteroidiň Ýere gaçyp, uçup bilýänlerden başga ähli dinozawrlary, pteresaurlary we beýleki köp sanly janly-jandarlary ýok eden döwrüniň ahyrynda ýaşandygyna düşünilendigini mälim etdi. Alym, bu tapyndy, çaklamalaryndan has uly ganatly süýrenijileriň guşlar bilen bäsleşip biljekdigini görkezip, munuň möhümdigini aýtdy.

Gözleg toparynda doktorlyk okuwçysy tarapyndan ýiti dişleriniň kömegi bilen 2017-nji ýylda ýüze çykarylan uzak we kyn gözlegleriň netijesinde galyndylaryň takmynan 70 göterimi doly tapyldy. Gözlegçiler skeletiň jikme-jiklikleriniň, esasanam kellesinde gaty gowy saklanandygyna begendiler. Bu uçýan jandarlaryň guşlar ýaly inçe we ýeňil süňkleriniň bardygyny mälim etmek bilen, adatça galyndylar ýaly gowy saklanmandygyny aýdyp, açyşyň seýrek bolýandygyny we onuň nähili ýaşandygy we özüni alyp barşy barada jikme-jik maglumat ýygnamagy maksat edinýändigi aýdylýar.

.

Aýsoltan MERETMUHAMMEDOWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok