Halk maslahatynyň döwletli çözgütleri

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 11-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi raýat jemgyýetiniň kämilliginiň, il agzybirliginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu taryhy mejlisde ýetilen sepgitlere göz aýlanylyp, öňde duran wezipeleriň seljerilmegi, ýurdumyzy has-da kuwwatlandyrmaga, mundan beýläk hem il-günümiziň bagtyýar durmuşyny kepillendirmek, raýat jemgyýetini kämilleşdirmek boýunça anyk maksatlaryň kesgitlenilmegi jemgyýete hereketiň, öňegidişligiň, döredijilikli zähmetiň täze joşgunyny getirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilen Halk Maslahatynyň bu mejlisi agzybirligi döwletliligiň altyn açary hasaplaýan halkymyzyň jebislik we ynsanperwerlik ýoly bilen, beýik maksatlary nazarlap, ynamly öňe barýandygynyň özboluşly taryhy sepgidine öwrüldi. Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy ähmiýeti onda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» tassyklamak hakynda» Kararyň kabul edilmegi bilen hasda artdy. Bu Maksatnama biziň halkymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary döwründe milli gymmatlyklaryna daýanyp, ösüş kuwwatlyklaryny yzygiderli berkitmegi netijesinde eýe bolan mümkinçiliklerini geljekde-de giňeltmek we çuňlaşdyrmak babatdaky synmaz ynamydyr. Geljek 30 ýyly nazarlaýan bu Maksatnama Garaşsyzlygyň geçen 30 ýylynda gazanylan gymmatlyklary biziň nesillerimize geçirip, özbaşdak, kämil ösüşiň dowamat dowam bolmagy ugrundaky arzuw-umytlarymyzdyr.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynda Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyşynda nebit-gaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň dowam etdiriljekdigini we bu ugurda öňde duran wezipeler barada aýratyn belläp geçdi. Bu babatda «Türkmenistan — Hytaý» halkara gaz geçirijisiniň kuwwatyny tapgyrlaýyn artdyrmak, «Bagtyýarlyk» käninde täze ýataklary işe girizmek, känleri senagat taýdan özleşdirmek, tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen, şol sanda gaz-himiýa we himiýa pudaklaryna, elektrik energiýasyna degişli iri senagat desgalaryny gurmak, pudak boýunça geologiýa gözleg işlerini giňeltmek wezipeleri esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi. Her bir welaýatda täze gaz-himiýa toplumlaryny — polietilen, polipropilen, kauçuk we polistirol, poliwinil asetat, metonal öndürýän toplumlary gurmak, dokma pudagy üçin sintetik süýümleri öndürmek boýunça başlangyçlar hem guwandyryjydyr.

Gahryman Arkadagymyz bu pudak boýunça uglewodorod däl ugurlary wodorod ýangyjy we bioýangyç ýaly ugurlaryň hem ösdürilmelidigine örän ýerlikli üns çekdi. Her bir işde ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine üns berýän Hormatly Prezidentimiz bu pudakda amala aşyrylýan taslamalaryň daşky gurşawa edýän täsirine baha bermek boýunça işleriň durmuşa geçirilmelidigini hem belledi.

Mundan başgada, Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda: «Eziz Watanymyzyň ýeke-täk bolşy ýaly, şu Watandaky ykbalymyz, geljegimiz hem bitewidir» diýip, biziň ählimizi bir mukaddes duýgynyň birleşdirýändigini, onuň hem mähriban ýurdumyza, il-halkymyza çäksiz söýgüdigini bellemegi her birimiziň ýürek aýdymymyza öwrüldi. «Halka gulluk etmek — Haka gulluk etmek!» diýip, beýik maksatlara badalga berýän, uly umytlary ýagtylandyryp, geljege bolan belent ynamlarymyza ganat berýän Gahryman Arkadagymyzyň daşynda mäkäm jebisleşip, ösüşlere barýan ýolumyzdaky maksatlaryň hakykat bolmagy ugrunda ýurdumyzda joş urýan bagtyýar talyplary hökmünde her birimiziň öz mynasyp goşandymyzy goşmak mukaddes borjumyzdyr.

Goý, halkymyzy röwşen geljege alyp barýan, uly tutumlara badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli başlangyçlary rowaç alsyn!

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok