Häzirki wagtda Aşgabadyň günorta künjegindäki Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töweregini abadanlaşdyrmak işleri geçirilýär. Abadanlaşdyrmak işlerini «Dost gurluşyk, söwda önümçilik» hojalyk jemgyýeti alyp barýar.
Meýilnama görä seýilgäh zolagy ep-esli giňeldiler. Seýilgähde öňden bar bolan ýaşyl ýaýlalara goşmaça pürli we ýaprakly agaçlaryň onlarça görnüşi oturdylar, gök öwsüp duran çemenlikler we gülçanaklar ýasalar, bagýodalar täzeden çekilip, daş düşeler we uzaldylar.
Şeýle-de bu ýerde meýdanlary 584 we 382 inedördül metr bolan çal granit bilen örtülen iki sany özboluşly çüwdürim seýilgähiň merkezi böleginiň bezegi bolar, iki sany açyk suw howdanyny we emeli derýanyň hanasyny suwdan doldurýan emeli şarlawuk hem bolar. Onuň kenarlaryny täze pyýada we awtoulag köprüleri bilen birikdirmek meýilleşdirilýär. Suwaryş ulgamy düýbünden täzelener, bu iş damjalaýyn we ýagyş kysmy suwaryş ulgamlarynyň kömegi bilen amala aşyrylar. Suw toplumynyň umumy sygymy 1870 kub metr bolan üç howdan – agyz suwuny, ekin suwuny we ýangyn suwuny özünde saklajak howdanlar gurular.
Seýilgähiň gurluşygyny alyp barýan «Dost gurluşyk, söwda önümçilik» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary bu ýerde kiçi binagärlik desgalaryny (duralgalary, oturgyçlary, zibil gutularyny) täzelärler, pyýada ýollaryna granit düşärler. Seýilgäh zolagynyň çäginde 400-den gowrak yşyklandyryş enjamy oturdylar.
Abadanlaşdyrmak işleri şu ýylyň iýun aýynda tamamlanar.
Teswirler