Ozon gatlagy nähili emele gelýär we ol nädip täzelenýär?

Ozon zyýanly şöhleleriň Ýeriň ýüzüne ýetmeginiň öňüni alýan tebigy gaz gatlagydyr. Ozon (O3) ultramelewşe şöhleleriniň Günüň kislorod molekulasy bilen reaksiýasynyň netijesinde emele gelen açyk gök gazdyr. Ol atmosferanyň stratosfera gatlagynda tebigy ýagdaýda ýüze çykýar. Onuň gurluşynda üç sany kislorod atomy bar.

Günüň 100-280 nanometr tolkun uzynlygyndaky UVC şöhleleri kislorod molekulalary bilen täsirleşýär we kislorod molekulasynyň bölünmegine sebäp bolup, iki aýry kislorod atomyny emele getirýär. Ozon molekulalary emele gelen kislorod atomlarynyň beýleki kislorod molekulalary bilen täsirleşmäniň netijesinde emele gelýär. Döredilen ozon tolkun uzynlygy 280-315 nanometr aralygynda UVB şöhlelerini özüne siňdirýär. Ozon siňdirýän energiýasy bilen kislorod molekulasyna we kislorod atomyna bölünýär. Şeýlelik bilen, ozon zyýanly UVB şöhleleriň Ýeriň ýüzüne ýetmeginiň öňüni alýar.

Ozon antropogen işjeňlik sebäpli atmosferanyň troposfera gatlagynda hem emele gelip biler. Sebäbi zyýanly şöhleler, uglewodorodlar we azot oksidleri ýaly gazylyp alynýan ýangyçlaryň ýakylmagy netijesinde çykýan gazlar bilen täsirleşme geçirýär. Stratosferada emele gelen ozon zyýanly ultramelewşe şöhleleriniň ýere ýetmeginiň öňüni alýar.

Stratosferadaky we troposferadaky ozonyň mukdary ozonyň emele gelmegine we zaýalanmagyna sebäp bolýan himiki prosesleriň arasyndaky deňagramlylyga baglydyr. Bu deňagramlylyk, ozonyň emele gelmegine we dargamagyna täsir edýän himiki görnüşleriň mukdaryna, gün şöhlesiniň intensiwligine, atmosferadaky ýerleşişine we temperaturasyna baglylykda üýtgäp biler. Belli bir ýerde ozonyň emele gelmegine sebäp bolýan reaksiýalary goldamak üçin atmosfera şertleriniň üýtgemegi bilen şol sebitdäki ozonyň mukdary köpelýär. Şonuň ýaly-da, atmosferadaky şertler ozonyň dargamagyny çaltlaşdyryp biler. Bu iki prosesiň bilelikde işlemegi netijesinde atmosferadaky ozonyň mukdary deňagramlaşdyrylýar. Atmosferadaky howa hereketleri ozonyň global paýlanyşyna täsir edýär.

Babajan ÖWEZGELDIÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok