2050-nji ýyla çenli deňizlerdäki suwuň mukdary 30 santimetr ýokarlanar

Alymlaryň çaklamalaryna görä, 2050-nji ýyla çenli deňizlerdäki suwuň mukdarynyň 30 santimetre çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Bu barada ABŞ-nyň Milli Okean we Atmosfera Dolandyryş edarasy ýörite barlag geçirdi. Netijede, barlaglar deňiz derejesiniň ýokarlanmagy baradaky ýörite maglumatlary ýüze çykardy.

 Deňiz derejesiniň ýokarlanmagynyň tehniki hasabaty diýlip atlandyrylýan bu resminama, sebitler üçin ýakyn 100 ýylda we ondan soňky döwürde on ýyllyk aralykda iň täze ösüş çaklamalaryny üpjün edýär.  Geçirilen gözlegler, tolkun ölçeglerine, emeli hemra gözegçiliklerine we Howanyň üýtgemegi boýunça hökümetara panelinden altynjy baha beriş hasabatyndan ähli modelleriň toplumyna esaslanýar.  Hasabatda kenar ýakasyndaky deňiz derejesiniň 2050-nji ýyla çenli ýene 25-30 sm ýokarlanjakdygy we esasan belentlikleriň üýtgemegi sebäpli sebit tapawudynyň boljakdygy aýdylýar.

Hökümetleriň 2017-nji ýyldaky deňiz derejesindäki çaklamalaryny täzeleýän hasabatda, häzirki we geljekde kenarýaka suw joşmalaryna täsir edýän tolkun, ýel we tupanlardan adatdan daşary suw derejesi barada goşmaça maglumat berilýär.

Atanyýaz AGAGELDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok