Beýni şol bir wagtyň özünde 100 trillion maglumaty özünde saklap bilýär. Beýnimiz her sekuntda bedenimizden 100 milliondan gowrak habar alýar. Beýnimiz her gün öwezini dolup bolmaýan 100-e golaý öýjük ýitirýär. Şeýle ýagdaýlarda sagdyn iýmitleniş ýörelgesini berjaý etmek arkaly beýnimiziň işjeňligini gowulandyryp, biz öz-özümize ýardam edip bileris. Bilermenler tarapyndan teklip edilýän şu aşakdaky içgiler beýnimizi goldap, işjeňligini ýokarlandyrmaga kömek edip biler:
Kofe – güýçli kofein düzümi bolan iň meşhur işjeňligi ýokarlandyrýan içgileriň biridir. Kofeniň düzüminde takmynan 70sany biologiki işjeň madda bar. Olaryň arasynda kofein, 30 töweregi organiki kislotalar B witaminleri (B1, B2, B3, B5) şeýle hem flowonoidler, magniý kaliý we fosfor ýaly peýdaly minerallar saklanýar.
Gök çaý – ünsi gowulaşdyrýar. Mundan başga-da, bir käse güýçlendiriji içgi beýnimize oňyn täsir edýär we dürli kesellere garşy göreşýär
Pyrtykal suwy – iň köp ýaýran we has köp ulanylýan bu miwe askorbin turşysynyň, dürli minerallaryň antioksidantlaryň, fitoelementleriň egsilmez çeşmesi bolup durýar. Keýpiňi ýokarlandyrmakda, şähdiňi açmak üçin her gün irden täze sykylyp alnan pyrtykal şiresiniň bir stakanyny içmek peýdalydyr. Diňe immunitet ulgamyny güýçlendirmek bilen çäklenmän, ünsi, ýady we kyn ýagdaýlarda çalt çözgüt tapmak ukubyny ýokarlandyrýar.
Şugundyr şiresi – gan öýjüklerini kislorodlaşdyrmaga we gan aýlanşygyny gowulaşdyrmaga kömek edýär. Bu proses beýniniň işlemeginde möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin şugundyr suwyny içmek möhüm ýygnaklardan ekzamenlerden öň we durmuşyň kyn pursatlarynda peýdalydyr.
Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.
Teswirler