Singapuryň Milli Uniwersitetinden Hyunsoo Yang we Raghav Sharma daş-töwerekdäki Wi-Fi signallaryndan energiýa ýygnaýan enjam ýasadylar.
Simsiz internet geçiriji üçin ulanylýan Wi-Fi signallary 2,4 GGs ýygylykly mikrotolkun çyrasyndan ybarat. Bu signallar bir enjamy taşlap, beýlekisine gitmeýär. Kabul ediji tarapyndan alnan signallar çeşmeden hemme tarapa ýaýraýan signallaryň gaty az bölegidir. Şonuň üçin “Wi-Fi”-yň energiýa tygşytlylygy taýdan gowy tehnologiýadygyny aýdyp bolmaz.
Gözlegçiler tarapyndan işlenip düzülen enjamda gysgaça STO diýilýän aýlawly tork yrgyldamalary bar. STO-lar mikrotolkun signallaryny döredip we alyp bilýän nanotehnologiýa enjamlarydyr. Olar ýarymgeçiriji pudagynda ulanylýan adaty usullar bilen öndürilýär.
Hyunsoo Yang-yň we Raghav Sharma-nyň beren beýanatyna görä, 5 sany STO bilen birleşdirilen 5 sekuntda zarýadlanan kondensator 1,6 woltlyk LED lampany bir minutlap işledip biler. STO-lary parallel birikdirmek olaryň mikrotolkun signalynyň ýaýramak ukybyny ýokarlandyrýandygy aýdylýar.
Gözlegçiler, döreden enjamynyň geljekde has uly möçberde öndürilip bilinjekdigini we geljekde batareýalara mätäç bolmadyk elektron enjamlaryny döretmekde hem ulanylyp bilinjekdigini aýdýarlar.
Ýazmyrat ANNAÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.
Teswirler