Kitaby okamakmy ýa-da sesli diňlemek has peýdaly?

Kitap okamak, adamlaryň asyrlar boýy bilim almak üçin ulanan usullaryndan biridir. Şeýle-de bolsa, soňky ýyllarda müňlerçe kitaby öz içine alýan elektron kitap okaýanlar durmuşymyzda köpeldi. Kitaplar baradaky iň täze täzelik, kitap okamagyň ýerine kitap diňlemekdir.

 Adam beýnisi dilden, ýazuwdan we dil arkaly many bermekde örän üstünliklidir. Lingwistika, newrologiýa we fiziologiýa ugurlaryndan alymlar beýniniň haýsy bölekleriniň adam beýnisinde rol oýnaýandygyny kesgitlemek üçin birnäçe işleri geçirýärler.

Adam beýnisinde çykyşyň eşidilişi bilen okalýan maglumatlaryň işlenişiniň arasynda aýdyň tapawutlar bar. Muňa garamazdan, şol bir maglumatlary diňleýän we okaýan adamlar gaty meňzeş manylary berip bilerler. Bu netijelere esaslanyp, neýro ylymlary ulgamynda işleýän alymlar topary okamagyň we diňlemegiň beýnimize edýän täsirini öwrenmek üçin gözleg geçirdi. Gözleg işine gatnaşan adamlar, “Neuroscience” žurnalynda çap edilen meşhur podkast seriýasy “Moth Radio Hour”-yň hekaýalaryny diňlediler. Soňra gatnaşyjylara şol bir hekaýa okadyldy. 

Gözlegçiler magnit-rezonans tomografiýasyny (MRI) ulanyp, gatnaşyjylaryň okaýarka we diňlänlerinde işjeňleşdirilen beýnisindäki sebitleri deňeşdirdiler. Netijede, diňlemek we okamak üçin döredilen semantik beýniniň birmeňzeşdigine düşünildi. Başgaça aýdylanda, bir söz okanymyzda ýa-da diňlänimizde beýnimiz şol bir işjeňligi ýerine ýetirýär.

Keramat MEREDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok