Wulkanlar hakynda täsin maglumat

Wulkanlar – ýer gabygynyň ýa-da başga bir planetanyň gabygynyň ýüzünde döreýän geologik emele gelmeler bolup, olarda magma ýeriň ýüzüne çykýar we lawalary, wulkan gazlaryny, daşlary we piroklastik akymlary emele getirýär.

Wulkanlar işjeň, ukudaky we sönen wulkanlar diýen toparlara bölünýär. Ýagny, birnäçe ýyldan soň atylýan wulkanlara işjeň wulkanlar diýilýär. Emma, partlanyna ençeme ýyl bolan we häzirki wagtda atylmadyk, haçan atyljagy belli bolmadyk wulkanlara ukudaky topara degişli wulkanlar hasap edilýär. Sönen wulkanlar bolsa, partlanyna ýüzlerçe ýyl bolan wulkanlara aýdylýar. Şeýle hem, bu wulkanlaryň haçan partlajakdygy belli bolmaýar.

,,Wulkan’’ sözi gadymy rimlileriň ot hudaýy bolan Wulkanyň adyndan gelip çykandyr.

Ýer gatlagynyň astyndan wulkanlar gaz, gyzgyn magma ýa-da kül pürküp çykarýarlar.

Ýeriň iň günortasyndaky işjeň wulkanly ýeri Antarktikada ýerleşýän Erebus dagy hasaplanýar. Bu dag Günorta polýusyň ikinji beýik nokady bolup, dagyň beýikligi 3794 metre ýetýändir.

ABŞ, Indoneziýa we Ýaponiýa dünýäniň iň köp işjeň wulkanly ýurtlar hasaplanýar. Gawai adasynyň Mauna Loa dagyndaky wulkan iň belentde ýerleşýän wulkan hasaplanýar. Ýagny, bu ýerde soňky gezek 1984-nji ýylda partlama boldy. Mauna Loa dagynyň belentligi 4100 metrden hem gowrakdyr.

1971-nji ýylda «Mariner 9» kosmos gämisi arkaly üsti açylan Marsda ýerleşýän Olimp dagynyň beýikligi 22 kilometre ýetip, bu işjeň wulkanly dag hasaplanýar. Mundan başga-da, Marsda birnäçe daglara we wulkanlara gabat gelmek bolýar.

Gün ulgamynda wulkanyň has köp gabat gelýän planetasy Wenera hasaplanýar.

Lawalaryň gyzgynlygy ýer ýüzüne çykan wagty 1 müň 250 derejede bolýar.

Wulkanlar köplenç halatlarda, tektoniki plitalaryň galtaşýan ýerlerinde gabat gelýär.

Saýara BALTAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok