Keremli türkmen topragy

Nurly mekanymyz bolan türkmen topragymyzyň üýtgeşik özüne çekiji we örän baý tapylgasyz tebigaty bar. Türkmeniň ar-namysyndan, milli ruhundan habar berýän uçut gaýaly, bag-dereli daglarymyz, aňyrsyna göz ýetmeýän magdana baý gyzyl-gök çägeli çöllerimiz, tolkunynyň sesi bilen döwletimiziň ösüşlerini jar edýän ýaly tolkyn atýan deňiz-derýalarymyz Diýarymyzyň tebigatyna özboluşly gözelligine barha gözellik goşýar.  Mähriban Arkadagymyzyň badalga berip, hut özüniň başda durmagynda daşky gurşawy goramak, halkyň ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek döwletiň strategik ösüşinde iň bir ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Ýurdumyzda daş-töweregi goramak we ekologik maksatly çäreleriň alnyp barylmagy — Hazar deňziniň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Garagumuň jümmüşinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi, şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň töwereginde tokaý-seýilgäh zolaklarynyň giňeldilmegi, guşlaryň, toýnakly we ýyrtyjy haýwanlaryň baş sanynyň artmagyna, käbirleriniň öňki ýaşan ýerlerine täzeden gaýdyp gelmeklerine we janly-jandarlara ýaşamaga, köpelmäge tebigy şertleri döredýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň tebigatymyzy barha gözelleşdirmek üçin eden atalyk aladalarynyň iki uçsyz aýdyň şaýadydyr. Bu ýerik dolonyp gelýän jandarlaryň we beýleki tebigy zoloklaryň, öňden ýaşap ýören jandarlaryň özleriniň gözelligi, täsinligi we özboluşly aýratynlyklary bilen ildeşlerimiziň we bize gelýän jahankeşde myhmanlarymyzyň ünsüni göniden-göni özüne çekip, oloryň söýgüsini gazanýar. Ýurdumyzda biologik dürlüligi gorap saklamak, onuň tebigy sanyny köpeltmek dogrusynda Türkmenistanyň kanunlaryny, maksatlaýyn ýerine ýetirmek işleri durmuşa geçirilýär. Ýokorda agzalanlar bolsa bularyň ýeterlik derejede özüniň netijesini görkezenligini aýdyň mysalydyr.

Keremli topragymyzyň biodürlüliginiň baýlygy bize öňden mälim. Ýeri gelende bu baýlygyň nähili kesgitlenýänini ýatlap geçsek ýurduň geografik ýerleşişi we ýerüstüniň aýratynlygy, onuň haýwanat dünýäsiniň taryhy ösüşiniň özboluşlylygy bilen şertlendirilýändigini aýdyp bileris. Häzirki wagtda güneşli diýarymyzyň çäginde oňurgaly haýwanlaryň 704 görnüşi hasaba alnyp, şolardan iň köpi guşlardyr. Ýurdumyzda guşlar 410 görnüşden ybaratdyr. «Bathyz» döwlet tebigy goraghanasynda olaryň 255 görnüşi hasaba alnan. Guşlaryň köpgörnüşliligine görä olaryň käbiri oturymly ýaşaýar, käbirleri höwürtgeleýärler, ýene birleri bu ýerde diňe geçip barýarkalar düşleýärler ýa-da gyşlamaga gelýärler. Suwly ýere mahsus guşlar Guşgy we Tejen derýalarynyň kenarlarynda we Ýeroýlanduzuň köllerinde gyşlaýarlar. Ýyrtyjy guşlaryň Bathyzdaky sany 39 görnüşden ybaratdyr. Olaryň höwürtgelemegi üçin şertler, iýmit ätiýaçlygy ýeterlikdir. Ýylançy gyrgy, sähra göwenegi, sykylykçy gyrgy ýaly ýyrtyjy guşlar höwürtgelemäge gelseler, gulatylar, sähra garaguşy, mazar garaguşy, tüýlek aýakly syçançy ýaly guşlar uçup geçýärler we gyşlaýarlar. Bu bolsa öňden gözel tebigatymyzyň gözelligine has beter gözellik goşýar.

Kuwwat PÜRLIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok