Haýsy miwede näçeräk mukdarda şeker bar?

Ýokumly we sagdyn iýmitlenmek adam üçin örän peýdaly bolup durýar. Adam öýjükleriniň ýaşamagy üçin esasan şeker gerek bolsa-da, käwagt kabul edýän şeker mukdaryny anyklamakda kynçylyk çekýäris. Günüň dowamynda näçeräk mukdarda şeker kabul edýänligimize gözegçilik etmesek onda artykmaç agram köpelip, bedende süýjüli diabetiň döremegi mümkin. Bu makalada iýmitlerdäki şekeriň mukdary barada maglumat bereris.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan 2015-nji ýylyň mart aýynda neşir edilen hasabata görä, ähli iýmitlerden arassalanan şeker mümkin boldugyça azaldylmalydyr ýa-da gündelik energiýa zerurlyklarymyzyň 5% -inden ýokary bolmaly däldir (iň ýokary mukdar 6-9 çaý çemçesine deňdir). Esasanam arassa şeker aşa köp iýilende, agyz we diş saglygyna ýaramaz täsir edýändigini we semizlik şeýle-de 2-nji görnüşli süýji keseli we beýleki kesellere ýol açýandygyny ýatdan çykarmaly däldiris.

 Miwelerdäki şekeriň (fruktoza) mukdary:

  • Banan = 3 çaý çemçesi şeker;
  • Alma = 2,6 çaý çemçesi şeker;
  • Ananas = 2,5 çaý çemçesi şeker;
  • Üzüm = 4 çaý çemçesi şeker;
  • Limon = 0,6 çaý çemçesi şeker;
  • Kiwi = 2,3 çaý çemçesi şeker;
  • Erik = 2,3 çaý çemçesi şeker;
  • Ýertudana = 1,3 çaý çemçesi şeker.

Döwletgeldi ÖWEZOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok