Gün hakynda bilmek gyzykly

  • Günüň diametri, Ýer şarynyň diametrinden 109 esse uly bolup, onuň diametri 1 392 000 kilometr we agramy bolsa gün sistemasynyň 98%-ne deňdir.
  • Gün ýer şaryna iň ýakyn ýyldyz bolup, Gün bilen Ýeriň aralygy 150 million kilometre deňdir. Şeýle hem, Günden soňky bize ikinji ýakyn ýyldyz 4 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän Sentawra ýyldyzydyr.
  • Käbir adamlar Günüň reňki mämişi ýa-da sary diýip düşünýärler, hakykatynda bolsa Günüň reňki akdyr. Ýagny,  Günden gelýän şöhläni ,,Atmosferanyň dargatmagy” netijesinde Günüň reňki sary bolup görünýär.
  • Käbir ýurtlarda gündiziň dowamlylygy dürli-dürli bolýar. Ýagny, Maltada (Günorta Ýewropa) tomsuna 10 sagat, Samarkantda (Özbegistan) 15 sagat, Stokgolmda (Şwesiýa) 18 sagat, polýar aýlawyň aňyrsynda ýerleşýän Şwesiýanyň Kiruna şäherinde 24 sagat bolýar. Şeýle hem, Şwesiýanyň Kiruna şäherinde gyş paslynyň dowamynda hiç hili gün görünmeýär.
  • Günüň ortaça doly bir aýlaw etmegi üçin 225-250 million ýyl gerek bolýar. Gün biziň galaktikamyz bolan ,,Akmaýanyň ýolunyň” merkeziniň daşyndan aýlanýar.
  • Ýer şaryna Gün şöhlesi 8 minutda gelýär.
  • Brisbende (Awtraliýa), Marokkoda (Demirgazyk Afrika) bir ýylyň dowamyndaky güneşli günleriň sany 300-e ýetýär. Ýagny, Günüň düzümindäki wodorodyň her sekuntda 700 milliard tonnasy ýanýar.
  • Gün tutulma hadysasy, Ýer şarynyň haýsy hem bolsa bir nokadynda ortaça 200-300 ýylda bir gezek synlap bolýar. Ýagny, bu hadysa azyndan ýylda iki gezek bolup geçýär.

Guwanç ÖRÄÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok