Öňüni alyş diplomatiýasy milli bähbitlerin ygtybarly goragçysydyr

Adamzat taryhyna ser salsaň uzak asyrlaryň dowamynda döwletleriň asuda we durnukly ýaşaýşyny bökdäp gelen  dürli hili gapma-garşylyklaryň, jedelleriň we olaryn netijesinde  dörän ganly çaknyşyklaryň dowam edip gelendigine göz ýetirip bolýar. Bu wehimler ilkinji nobatda sebitde, soňra hem ýer ýüzünde ähliumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, ykdysadyýeti endigan ösdürmekde düýpli päsgelçilikleri döredip gelýär.

Hut şonuň üçin hem bu howplara garşy bilelikde göreşmek we olaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak meseleleri sebitara hem-de halkara gatnaşyklarynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi.

Häzirki wagtda öňüni alyş diplomatiýasy ilkinji nobatda dünýäde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekde iňňän netijeli syýasy gural bolup hyzmat edýär. Ol esasan hem gapma-garşylyklaryň döremegine sebäp bolýan ýagdaýlary ýüze çykarmaga we potensial howplaryn çeşmelerini iň irki pursatda ýok etmäge gönükdirilen toplumlaýyn syýasy çäreleri öz içine alýar.

Öňüni alyş diplomatiýasynda dartgynly we çylşyrymly ýagdaýlary aradan aýyrmagyň syýasy usullaryndan daşary durmuşy-ykdysady we gumanitar häsiýetli çärelere hem giň orun berilýär. Ýagny, ikitaraplaýyn gapma-garşylyklar we dawalar durmuş-ykdysady şertleriň pesligi  sebäpli ýüze çykan bolsa onda olaryň netijeli çözgütlerini bu ugurdaky amatly we anyk çäreleri amala aşyrmak arkaly gazanyp bolar. Çünki, parahatçylyk, howpsuzlyk we durnuklylyk diňe syýasy hyzmatdaşlyga esaslanman, eýsem hyzmatdaş ýurtlaryň ykdysady ösüş, daşky gurşawy we adam hukuklaryny goramak, demokratik taýdan dolandyrmak we bu ugurda bar bolan kanunçylygy berjaý etmek ýaly jogapkärçiliklerine esaslanýandyr.

Bu döwürde halkara gatnaşyklar ulgamyna goşulmagyň ýoluny kesgitlemek, şoňa görä-de daşary syýasat ugruny saýlap almak meselesi Türkmenistan üçin iň esasy we wajyp meseleleriň birine öwrüldi. Hut şonuň üçin hem ýaş türkmen döwleti turuwbaşdan Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklara ymtyldy we bu abraýly halkara Guramasy bilen bilelikde  döwrüň möhüm meselelerini çözmegiň has oňaýly we ygtybarly ýollaryny işläp taýýarlamak boýunça yzygiderli çäreleri durmuşa geçirmäge girişdi.

Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlykda sebitde we ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkitmek, okgunly we durnukly ykdysady ösüşe ýardam bermek, adam hukuklaryny goramak, ekologiýa meselelerini kadalaşdyrmak, milli baýlyklary rejeli peýdalanmak we terrorçylyga garşy durmak ýaly möhüm ugurlardaky halkara hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalar has ileri tutulýar. Bu babatda Türkmenistan dünýäde ýüze çykýan islendik gapma-garşylykly ýagdaýlary diňe parahatçylykly we syýasy-diplomatik usullar we serişdeler arkaly kadalaşdyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assembleýasynyň mejlislerinde bu babatda edýän köpsanly teklipleri we başlangyçlary munuň aýdyň mysalydyr.

Elbetde, öňüni alyş diplomatiýasynyň ugurlaryna bolan şeýle çuňňur we çynlakaý garaýyş ilkinji nobatda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň alyslara uzaýan daşary syýasat strategiýasynyň anyk ugurlaryndan öz gözbaşyny alyp gaýdýar.  Galyberse-de, her bir çylşyrymly ýagdaýlaryň sebäplerini howlukman, aljyraman, sowukganlylyk we paýhaslylyk bilen öwrenip, dawaly taraplaryň pikirlerini ünsli diňläp, diňe soňra adyl çögütler arkaly  netijä gelmek şeýlelikde,  dawalaryň has çylşyrymlaşmagynyň öňüni almak  ýaly asylly däpler türkmen halkynyň  köp asyrlyk taryhynyň irki diplomatiýasynyň esasy gymmatlyklarynyň biridir. 

Türkmenistan öz garaşsyzlygyny gazanan pursatdan başlap sebitdäki döwletler bilen deňhukukly hyzmatdaşlyk etmegiň ygtybarly ýoluny saýlap seçdi. Şol bir wagtda Türkmenistan sebitara döwletleriň arasynda ýüze çykýan jedelli meseleleri diňe halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda,  hoşniýetli  goňşuçylyk we  syýasy-diplomatik gurallar esasda çözülmegi babatynda  elmydama Birleşen Milletler Guramasynyň we bütindünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmegä ymtylýar…….. ( dowamy bar)

.

Rahymow Serdar,

Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň
Halakara gatnaşyklary institutynyň 3 ýyl talyby
Öňüni alyş diplomatiýasynyň we Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçisi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok