Sitrus miweleriniň peýdasy

LIMON  – bu enäniň we çaganyň saglygyny goramakda peýdaly önümleriň arasynda ilkinji orunlarda durýan miweleriň biridir. Şeýle hem, limon miwesinde şiresi özleşenden soň aşgara öwrülýan turşular bardyr. Mundan başga-da, limon azotly maddalara, mineral duzlara, witaminlere şeýle hem, ýaralary mikroblardan zyýansyzlandyrýan fitonsidlere baý miweleriň biri hasaplanylýar.

PYRTYKALmiwesi bu iň köp ýaýran we has köp ulanylýan askorbin turşusynyň, dürli minerallaryň, flawonoidleriň, antioksidantlaryň, fitoelementleriň egsilmez çeşmesi bolup durýar. Şeýle hem pyrtykal,  ýürek-damar keselleriniň, gipertoniýanyň, bagyr, dem alyş ýollarynyň keselleriniň berhizli iýmitlenişinde bahasyna ýetip bolmajak esasy önümi bolup hyzmat edýär.

MANDARINbu pyrtykala meňzeş sary reňkli miwe bolup, kiçiräk ýuka gabykly, ýiti narynç, gyzyl reňkli miwedir. Tangor, kalamondin, içandorin, sitrandorin, klementin mandarin hasaplanýan miweler mandarin däl-de, emeli ýol bilen çaknyşdyrmak arkaly ondan alynýan miweler hasaplanylýar. Mandariniň düzüminde organiki turşular, kaliý, kalsiý has köp bolup, onda betakarotin onkologiki keselleriň öňüni almaga, K witamini bolsa, gan damarlaryny pugtalandyrmaga, olaryň tonusyny saklamaga ýardam edýär. Mundan başga-da, mandarin bronhitde we dem alyş ýollarynyň beýleki kesellerinde örän peýdalydyr.

GREÝPFRUT miwesi hem bedenimizdäki artykmaç ýaglaryň harçlanmagyna itergi berýändigi üçin ony horlanmak maksady bilen berhizli iýmitlenişde ulanmak maksada laýykdyr. Şonuň üçin hem, onuň şiresi derini agardýar, ýüzüň derisine owadan öwüşgin berýär. Mundan başga-da, greýpfrudyň şiresinden alynýan peýdaly maddalary gözellik serişdelerine hem goşýarlar. Şeýle hem, antibiotikleri, antidepressantlary, gandaky holesteriniň derejesini peseldýän derman serişdelerini ulanýan syrkaw tä bejeriş gutarýança bu miwäni iýmekden saklanmalydyr.

LAÝMsitrus miwesi hem daşky görnüşi boýunça limona meňzeş, sowuklama kesellerinden goraýan peýdaly miweleriň biridir. Laýmyň düzüminde ähli sitrus miwelerde saklanýan makro-mikroelementlerden, witaminlerden, pektinlerden başga-da, kaliý, kalsiý, fosfor köp mukdarda saklanýar. Munuň özi ony parodontitiň hem-de diş syrgasynyň saralmagynyň öňüni almakda, dişleri, süňkleri pugtalandyrmakda ulanmaga mümkinçilik berýär.

Oguljan ANNAGELDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok